"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Jemgyýetçilik guramalarynda

Ýakynda «Türkmendemirýollary» agentliginiň mejlisler jaýynda «Milli demokratiýanyň dabaralanmagy» diýen at bilen maslahat geçirildi. TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň we «Türkmendemirýollary» agentliginiň bilelikde guramagynda geçirilen maslahata Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtoulag serişdelerini abatlamak, ýerlemek we olara enjamlaýyn hyzmat etmek boýunça önümçilik birleşiginiň hojalygy dolandyrýan gullugynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. Maslahatda çykyş edenler ösüşiň we döredijiligiň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzda demoktarik ýörelgeleriň rowaçlyklara beslenýändigini bellediler.

Beýik işlere goşant

Şu günler her hepdäniň şenbe, ýekşenbe günleri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, paýtagtymyzdaky edara-kärhanalaryň, saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň, ýaşaýjylaryň gatnaşmagynda geçirilýän arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň Watançylyk joşgunyna öwrülmegi netijesinde mähriban paýtagtymyzyň keşbi gün-günden gözelleşip, gülzarlyga, päkizelige beslenýär. Aşgabadyň täsin gözelliklerini synlamaga, biri-birinden owadan, ajaýyp binagärlik keşbine seýran etmäge gelýän ýurdumyzyň dürli ýaşdaky raýatlarynyň sany barha artyp barýar. Esasan-da, welaýatlarymyzda, oba-şäherlerimizde ýaşaýan çagalaryň ýurdumyzyň baş şäherine syýahata aýlanmaga bolan arzuwlary çäksiz. Şoňa görä-de çagalaryň, mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alşa çykyp, paýtagtymyzyň biri-birinden owadan, gözel künjeklerine seýran etmäge bolan arzuwlarynyň hasyl bolmagyna eýýäm az wagt galdy. Ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde geçirilýän ýowarlara Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň janypkeş işgärleriniň guramaçylykly, taýýarlykly gatnaşyp, joşgunly zähmet çekýändiklerini her hepdäniň dowamynda görmek bolýar. Olar eýýäm öz işleýän ýerleriniň daş-töweregini arassalap, ösüp oturan baglarda timarlaýyş işlerini geçirip, baglaryň seýrek ýerlerine owadan görnüşli

Hem lukman, hem işewür

Dermanhana sähel endamyň syzlasa, ilkinji ýüz tutulýan ýerleriň biri. Ol näçe ýakyn bolsa, şonça gowy. Soňky ýyllarda Türkmenabat şäherinde işleýän dermanhanalaryň sany barha artýar. Olarda ýurdumyzda öndürilýän we daşary ýurtlardan getirilýän derman we beýleki lukmançylyk serişdeleriniň ýüzlerçe görnüşi ilata hödürlenilýär. Şol dermanhanalaryň bir bölegi bolsa hususy pudagyň wekillerine degişlidir. Şäheriň «Merkezi» etrapçasyndaky dermanhanany bilmeýän ýok bolsa gerek. Ir säherden giç agşama çenli hyzmat edýän bu saglyk ojagy «Saglyk» hususy kärhanasyna degişli. Bu kärhana indi 22 ýyldan bäri başarjaň işewür zenan, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň uçurymy Zerhal Narmämmedowa ýolbaşçylyk edýär. Ol ýakynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 13 ýyllygy mynasybetli geçirilen serginiň çäklerinde jemi jemlenilen «Telekeçi ― 2020» bäsleşiginiň hem ýeňijileriniň biridir. Has takygy, ol bäsleşigiň «Ýylyň işewür zenany» ugry boýunça öňdäki orunlaryň birini eýeledi.

Ýaşlar — Watanyň kuwwaty

Döwrüň belentliklerini nazarlap, öňe barýan ata Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň we bimöçber aladalarynyň netijesinde ýaş nesliň bagtyýar hem-de abadan durmuşda ýaşamagy üçin giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap mekdeplerde bilim almaklaryna, saýlap alan hünärlerine eýe bolmaklaryna we bilimlerini artdyrmaklaryna, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklaryna hemmetaraplaýyn goldaw bermek Gahryman Arkadagymyzyň öňde goýýan baş wezipeleriniň biridir. Ýaşlaryň ata Watanymyza bolan söýgüsi, halal zähmete yhlasy, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy milli Liderimiziň olara edýän sargytlaryna, bildirýän uly ynamyna wepadarlygyny äşgär edýär. Milli Liderimiziň amala aşyrýan tutumly işleri il-ulsumyzyň egsilmez alkyşyna mynasyp bolýar.

Yhlas ýeňşe ýetirýär

Zehiniň, yhlasyň, ukybyň bar ýerinde olar seni hökman ýeňişli menzillere ýetirýär. Ine, Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Aýnabat Koçiýewa hem şeýle zehinli ýaşlaryň biridir. Aýnabat ýaşlygyndan himiýa, biologiýa derslerini gowy görýär. Şonuň üçin hem mekdepde himiýadan meseleleriň jogabyny anyklamak onuň üçin iň gyzykly pişä öwrüldi. Şeýdibem Aýnabat 8-nji synpdan bäri himiýadan, biologiýadan ders bäsleşikleriniň şäher, welaýat tapgyrlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýär. Elbetde, bu üstünlikler bolsa zehinli gyzyň oýlap tapyjylyk bilen meşgullanmagyna-da uly goltgy bolýar. Oňa bu işde mugallymy Mähremjemal Rejepowa uly ýardam berýär.

Hoş owazly Kerem

Ýurdumyzda zehinli ýaşlaryň barha köpelýändigi diýseň buýsandyryjydyr. Olar orta mekdepde göreldeli okamak bilen, medeniýetde, sungatda, sportda hem öz ukyp-başarnyklaryny synap görýärler. Munuň üçin bolsa ýurdumyzda ähli mümkinçilikler bar. Darganata etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Kerem Çaryýew hem şol mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmagy başarýan ýetginjekleriň biri. Kerem mekdepde göreldeli we gowy okaýan okuwçylaryň hatarynda tanalýar. Diňe bu-da däl, ol aýdym aýtmakda, küşt oýnamakda hem deň-duşlaryndan tapawutlanýar. Onuň aýdym-saza höwrükmegine dogany Şageldi sebäp boldy. Doganynyň dutarda çalýan sazlaryna goşup, çagalygyndan Kerem aýdyma hiňlenerdi. Hossarlary aýdym-saza bolan höwesiniň bardygyny duýup, ony etrapdaky çagalar sungat mekdebiniň bagşyçylyk hünärine okuwa getirdiler. Bu ýerde halypasy Wepa Babekow oňa bu sungatyň inçe syrlaryny öwreden bolsa, öýünde dogany Şageldi geçilenleri gaýtalatdy. Şeýdip, Kerem kem-kemden kämilleşdi.

«Ol şirwan perdäňe galsana bagşy...»

Gürrüňini etjek bolýan bagşy gyzymyz Jemal Saparowa —Lebabyň ýörite sungat mekdebiniň 4-nji ýyl talyby, «Ýaňlan, Diýarym — 2016!» telebäsleşiginiň ýeňijisi. Milli aýdym-saz sungatymyzyň ösüşli menzilleri barada söhbetdeşlik guramak maksady bilen umumy ýaşaýyş jaýyna baranymyzda, ol «Görogly» şadessanyndan «Bezirgen hany?» diýen aýdymy aýdýan eken. Men onuň bilen söhbetdeşligimi özümi gyzyklandyran sowal bilen başladym. — Jemal, näme üçin bu aýdymy keşbe girip ýerine ýetirýärsiň?!

Çepbekeýlik kemçilikmi ýa-da artykmaçlyk?

Adamlaryň aglabasy sagakaý bolsa-da, olaryň arasynda çepbekeýler hem duş gelýär. Eýsem, bu ýagdaý nähili ýüze çykýarka? Biz şu makalamyzda cepbekeýlik, onuň döremeginiň sebäpleri barada söhbet açmagy makul bildik. Çepbekeýlik — bu çep eliň esasy bolup çykyş etmegidir. Şonda kelle beýniniň ýarym şarlarynyň sag böleginiň işi dogabitdi agdyklyk edýär. Çep el kelle beýniniň ýarym şarlarynyň sag tarapyna degişlidir, beýniniň ol bölegi bolsa döredijilige jogap berýär.

Kanunçylyk ulgamy kämilleşdirilýär

Dünýäde iň bagtyýar adamlaryň ýaşaýan ýurdy we parahatçylygyň mekany, şeýle hem ynsanperwerligiň nusgasy hökmünde tanalýan berkarar Watanymyzda jemgyýetiň asudalygy, ýurdumyzyň parahatçylygy, her bir raýatyň erkana ýaşamagy hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň öňünde iň möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kabul eden «Hukuk bozulmalarynyň öňüni almak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň baş maksady hem ýurdumyzda ýaşaýan raýatlaryň kanuny hukuklarynyň goraglylygyny doly üpjün etmäge, ýurdumyzdaky asuda ýaşaýşy has-da berkitmäge, ýüze çykmagy ähtimal bolan hukuk bozulmalarynyň öňüni almaga niýetlenendir. Kanunda hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň ugurlary, ýörelgeleri we hukuk bozulmalarynyň öňüni almaga gatnaşýan şahslaryň borçlary takyk görkezilendir.

Ýaşlara raýatlyk pasporty gowşuryldy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň her bir güni şanly hem taryhy wakalara beslenýär. Toýlaryň goşalanyp gelýän ajaýyp pursatlary ýaşlaryň durmuşyna-da öz täsirini ýetirýär. Gahryman Arkadagymyzyň özleri hakdaky aladasyny her ädimde görüp hem duýup ýaşaýan ýaşlar bu günki gün döredilen şertlerdir mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp okaýarlar, işleýärler, gurýarlar, döredýärler. Bu özboluşly sazlaşyk kämil jemgyýeti kemala getirmegiň esasy görkezijisi bolup durýar. Munuň şeýledigi olara kämillik ýaşyna ýetmegi bilen, degişli kanunçylyga laýyklykda, raýatlyk pasportynyň gowşurylmagynda hem çuňňur beýanyny tapýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň 16 ýaşy dolan raýatlaryna raýatlyk pasportlarynyň gowşurylyş dabaralary giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle dabaralaryň biri golaýda Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdepde geçirildi. Oňa şäherdir etrap polisiýa bölümleriniň ilaty pasportlaşdyrmak we hasaba almak bölümçeleriniň işgärleri, TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň, ýaşuly nesliň wekilleri hem-de kämillik ýaşy dolan ýaşlar gatnaşdylar.

Adam hakynda alada

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň pudaklaýyn geňeşleriniň we welaýat-çäk birleşikleriniň guramagynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde «Zähmeti goramak sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir» atly bir aýlyk çäre giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Jemgyýetçilik guramasynyň meýilnamasyna laýyklykda, welaýatymyzyň etrapdyr şäherlerindäki edara-kärhanalarda hem wagyz-nesihat çäreleri, usuly maslahatlar we amaly okuwlar geçirildi. Bagtyýar raýatlarymyz üçin howpsuz we amatly iş şertlerini döretmek, edara-kärhanalarda guramaçylyk-tehniki, arassaçylyk düzgünleriniň doly berjaý edilişini gazanmagy maksat edinýän bu çäre ýurdumyzyň zähmet hakyndaky kanunlaryndan we hukuk namalaryndan, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli durmuş syýasatyndan ugur alnyp geçirildi. Bir aýlygyň dowamynda Daşoguz pagta egriji fabriginde, Görogly galla önümleri kärhanasynda, «Daşoguzenergo» önümçilik birleşiginde we beýleki edara-kärhanalarda zähmetiň howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişi dogrusynda okuw maslahatlary-da geçirildi. Golaýda welaýat kitaphanasynyň mejlisler eýwanynda «Zähmeti goramak sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir» atly bir aýlyk çäräniň çäklerinde «Howpsuz zähmet —  ilkinji we esasy alada» atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa TKA-nyň welaýat, etrap birleşmeleriniň, welaýatymyzyň çägindäki edara-kärhanalaryň işgärleri gatnaşdylar

Ätiýaçlyk gorlary anyklanýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny goramak, olaryň arassa agyz suwy bilen üpjünçiligini gowulandyrmak baradaky meseleleri ýakyn geljekde çözülmeli iň wajyp wezipeleriň biri hökmünde öňe sürdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzyň dürli künjeklerinde bu ugurda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Gysga wagtyň içinde welaýat, etrap merkezlerinde, şäherdir obalarda dürli kuwwatlykly arassa agyz suwuny öndürýän desgalar gurlup, ulanylmaga tabşyryldy. Häzirki wagtda welaýatymyzyň ilaty arassalanan içimlik agyz suwunyň hözirini görüp ýaşaýar. Raýatlaryň baş saglygynyň goraglylygy, ygtybarlylygy ýurdumyzda hemişe ileri tutulýan ugurlaryň biri hasaplanýar. Daşoguzyň suw-gözleg ekspedisiýasynyň işgärleriniň welaýatymyzyň giňişliklerinde alyp barýan işleri hem şu maksatlary göz öňünde tutýar. Olar indi köp ýyllardan bäri welaýatymyzyň etraplarynda, oba-kentlerinde ýerasty süýji suwlaryň ätiýaçlyk gorlaryny, göwrümini anyklamakda, suwuň düzümini kesgitlemekde uly möçberli işleri alyp barýarlar. Olar Köneürgenç etrabynyň Pagtaçy, Derýalyk geňeşliklerinde, Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň Şabat, Gubadag etrabynyň Abadanlyk, Gökýaýla, S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Asudalyk, Diýar we Bossan geňeşlikleriniň çäklerinde, Daşoguz şäheriniň Gülüstan şäherçesiniň çäginde süýji suw ýataklarynyň deslapky barlaglaryny amala aşyrdyla

Giň dünýäniň geň habarlary

UNAŞ TAÝÝARLAÝAN ENJAM Häzirki wagtda öý şertlerinde unaş taýýarlamakda ýakyndan ýardam berýän enjamlaryň dürli görnüşleri öndürilýär. «Xiaomi» kompaniýasynyň «Kribee Big V Handheld Noodle Maker» atly enjamy 15 sekundyň dowamynda 200 gram unaşy taýýarlamaga ukyplydyr. Onuň kömegi bilen unaş kesmek işi az wagtyň içinde we ýeňil ýerine ýetirilýär. Enjamyň daşky görnüşiniň bezegi «Red Dot 2021» bäsleşiginde baş baýraga mynasyp boldy. Enjamyň içki diwarlarynda hamyr galyndylarynyň ýelmeşip galmaýandygy onuň ýene bir aýratynlygydyr. Bu enjam agramynyň ýeňildigi, ulanmaga amatlydygy we aşhanada köp ýer tutmaýandygy bilen müşderileriň ünsüni özüne çekýär.

Ak mermeri geljegimize nur çaýýar

Ajap eýýamymyzyň ýatdan çykmajak ýyllarynyň biri bolan Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ösüş-özgerişli günleri bizi şatlykly senä — ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna ýakynlaşdyrýar. Arkadag Prezidentimiziň taryhy waka taýýarlyk görmek bilen bagly tabşyryklaryndan ugur alnyp, durmuşa geçirilýän giň möçberli işler il-günümizde ýokary ruhubelentligi döredýär. Baş şäherimiziň baýramçylygy ata Watanymyza guwanjymyzy artdyrýar. Beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň baýram ediljek ýylynyň gürrüňi edilýän senesi Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň durmuşynda möhüm wakadyr. Sebäbi ak mermere beslenen paýtagtymyzyň ajaýyp keşbi ata Watanymyzyň ösüş-özgerişli menzilleriniň şübhesiz subutnamasydyr. Arkadag Prezidentimiziň ýadawsyz aladalary bilen bagtyýarlyk zamanamyzda paýtagtymyz düýpli ösdi we özgerdi. Gojaman Köpetdagy etekläp oturan ak şäherimiz Aşgabadyň meşhurlygy dünýä ýaň salýar. Bu bolsa milli Liderimiziň tagallalarynyň miwesidir.

Göwnümizi galkyndyrýar

„Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň her bir güni bizi mähriban halkymyzyň iň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp senelere — Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna hem-de Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna barha golaýlaşdyrýar. Ak mermerli Aşgabat sebitiň we dünýäniň owadan hem amatly şäherleriniň biri hökmünde derejesini gün-günden berkidip, dürli ugurlarda halkara maslahatlarynyň geçirilýän merkezi hökmünde ykrar edildi. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen her ýylyň 25-nji maýy “Aşgabat şäheriniň güni” diýlip yglan edildi. Bu baýram indi şatlyk-şowhuna beslenip, uludan toýlanylýar. Gözel paýtagtymyz häzirki wagtda dünýäde halkara çäreleriniň, forumlaryň, sergileriň geçirilýän, durnukly ösýän şäherleriň hatarynda tanalýar. Gahryman Arkadagymyzy, bütin türkmen halkymyzy ak şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllygynyň toýy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işlerinde üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.

Mynasyp garşylarys

Gahryman Prezidentimiziň goldamagynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýyl taryhy wakalar bilen dabaralanýar. Şolaryň birem Aziýanyň merjeni hasaplanýan paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň uly toýudyr. Bu sene il-günümiziň kalbynda buýsanç duýgusyny döredip, häzirki günlerde barha golaý gelýän uly toýa taýýarlyk giň girime eýe bolýar. Ajap eýýamymyzda ýurt Baştutanymyzyň şähergurluşyk-binagärlik taglymatyndan gözbaş alyp, ägirt uly işler bitirildi. Gözel paýtagtymyz tanalmaz derejede ösdi we özgerdi, jenneti mekana öwrüldi. Ak mermerli beýik binalary we desgalary bilen göreni haýrana goýýan ajaýyp keşbi görmäge göz gerek, taryplamaga — söz. Indi “Ak şäherim Aşgabat” diýen jümle halkymyzyň diliniň senasyna öwrüldi. Bu şanly sene welaýatymyzyň telekeçilerinde-de ýokary ruhubelentligi döredýär. Sebäbi ak mermerli şäherimiz Aşgabadyň şan-şöhraty Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň şan-şöhratyny aňladýar. Şonuň üçinem il--günümiz bilen birlikde welaýatymyzyň telekeçilerem uly toýa mynasyp sowgatly barýarlar.

Ady dünýä dolan türkmen halysy

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de «Türkmenhaly» döwlet birleşigi bilen bilelikde Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli halyçy gelin-gyzlaryň arasynda bäsleşik yglan etdi. «Arkadag paýhasyndan ady dünýä dolan türkmen halysy» diýlip atlandyrylan bu bäsleşigiň welaýat tapgyry Mary şäherindäki «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde geçirildi. Bäsleşige «Türkmenhaly» döwlet birleşigine degişli welaýatymyzyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ussat halyçy gelin-gyzlar gatnaşdylar.

Asudalygyň goragynda

Gowy netijeler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ähli ýyllarynda bolşy ýaly, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda-da ilatyň asudalygy, rahat, abadan durmuşda tutanýerli zähmet çekmegi üpjün edilýär. Bu mesele möhüm wezipe bolmak bilen, onuň jogapkärçiligem, aladasam ýetik. Sebäbi raýatlaryň asudalygyny goramagyň wezipesi içeri işler edaralarynyň işgärleriniň paýyna düşüp, bu babatda polisiýanyň ýerli wekilleriniň yhlas-tagallalaryna köp meseläniň çözgüdi bagly bolup durýar.

Medeni ojaklarda ýangyn howpsuzlygy

Ýakynda habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ÝHB-niň Mary şäheriniň ÝHB-niň müdiri, içerki gullugyň maýory Resul Annanyýazow bilen duşuşdy we medeni ojaklarda ýangyn howpsuzlygynyň kadalary barada okyjylara gürrüň bermegini haýyş etdi. — Medeni ojaklara teatrlar, kinoteatrlar, medeniýet öýleri we klublar degişlidir. Bu desgalaryň aýratynlyklary ol ýerlerde adamlaryň köpçülikleýin bolmagydyr. Şol sebäpli ol ýerlerde ýangyn howpsuzlygyna aýratyn üns berilmelidir. Bu desgalarda ýangyn howpsuzlygyna ýolbaşçylar jogap berýärler. Olar öz buýruklary bilen ýangyn howpsuzlygyna jogapkärleri belläp, işgärleriň sany 15 adamdan köp bolsa, meýletin ýangyn toparyny döretmeli. Her bir işgär bilen ýangyn howpsuzlygyndan gözükdirme geçmeli.

Işjeňlige eýe boldy

Kaka etrabyndaky «Serdar» pamyk egriji fabriginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de fabrigiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşyga degişli hünärmenler gatnaşdy. Duşuşykda ýurdumyzyň ykdysady taýdan has-da kuwwatlanmagynda dokma senagatynyň orny, bu pudagyň işçi hünärmenleriniň döwrebap şertlerde zähmet çekmegi ugrunda döredilýän mümkinçilikler barada söhbet açylyp, önümçilik ýerinde zähmeti goramak boýunça kadalary we düzgünleri dogry berjaý etmegiň ýollary dogrusyndaky gürrüňe üns çekildi. Çykyş edenleriň sanitariýa-arassaçylyk, howpsuz zähmet şertleriniň üpjün edilişi, zähmeti goramak boýunça gollanmalaryň göwnejaý ýöredilişi, önümçilikde betbagtçylykly hadysalaryň we hünär keselleriniň öňüni almak bilen bagly aýdan gymmatly maslahatlary duşuşyga gatnaşanlarda uly täsirleri döretdi.