Hoş owazly Kerem

3 Maý 2021
779

Ýurdumyzda zehinli ýaşlaryň barha köpelýändigi diýseň buýsandyryjydyr. Olar orta mekdepde göreldeli okamak bilen, medeniýetde, sungatda, sportda hem öz ukyp-başarnyklaryny synap görýärler. Munuň üçin bolsa ýurdumyzda ähli mümkinçilikler bar. Darganata etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Kerem Çaryýew hem şol mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmagy başarýan ýetginjekleriň biri.

Kerem mekdepde göreldeli we gowy okaýan okuwçylaryň hatarynda tanalýar. Diňe bu-da däl, ol aýdym aýtmakda, küşt oýnamakda hem deň-duşlaryndan tapawutlanýar. Onuň aýdym-saza höwrükmegine dogany Şageldi sebäp boldy. Doganynyň dutarda çalýan sazlaryna goşup, çagalygyndan Kerem aýdyma hiňlenerdi. Hossarlary aýdym-saza bolan höwesiniň bardygyny duýup, ony etrapdaky çagalar sungat mekdebiniň bagşyçylyk hünärine okuwa getirdiler. Bu ýerde halypasy Wepa Babekow oňa bu sungatyň inçe syrlaryny öwreden bolsa, öýünde dogany Şageldi geçilenleri gaýtalatdy. Şeýdip, Kerem kem-kemden kämilleşdi.

Gözel GYLYJOWA,
ýörite habarçymyz.