Hem lukman, hem işewür

3 Maý 2021
998

Dermanhana sähel endamyň syzlasa, ilkinji ýüz tutulýan ýerleriň biri. Ol näçe ýakyn bolsa, şonça gowy. Soňky ýyllarda Türkmenabat şäherinde işleýän dermanhanalaryň sany barha artýar. Olarda ýurdumyzda öndürilýän we daşary ýurtlardan getirilýän derman we beýleki lukmançylyk serişdeleriniň ýüzlerçe görnüşi ilata hödürlenilýär. Şol dermanhanalaryň bir bölegi bolsa hususy pudagyň wekillerine degişlidir.

Şäheriň «Merkezi» etrapçasyndaky dermanhanany bilmeýän ýok bolsa gerek. Ir säherden giç agşama çenli hyzmat edýän bu saglyk ojagy «Saglyk» hususy kärhanasyna degişli. Bu kärhana indi 22 ýyldan bäri başarjaň işewür zenan, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň uçurymy Zerhal Narmämmedowa ýolbaşçylyk edýär. Ol ýakynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 13 ýyllygy mynasybetli geçirilen serginiň çäklerinde jemi jemlenilen «Telekeçi ― 2020» bäsleşiginiň hem ýeňijileriniň biridir. Has takygy, ol bäsleşigiň «Ýylyň işewür zenany» ugry boýunça öňdäki orunlaryň birini eýeledi.

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz.