"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Dostluk. Hoşniýetlilik. Işewürlik

Türkmenistan döwletimizde «Açyk gapylar» syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilip, giň möçberli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu gatnaşyklar dostlukly döwletler bilen diňe bir ikitaraplaýyn esasda ösdürilmän, eýsem-de bolsa, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde köptaraplaýyn görnüşde hem ilerledilýär. Muny hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nobatdaky kabul edişlikleri aýdyňlygy bilen subut edýär. 9-njy oktýabrda döwlet Baştutanymyz Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ÝHHG) başlyklyk edýän Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň daşary işler ministri Buýar Osmanini kabul etdi. Myhman Türkmenistan bilen ÝHHG-niň we beýleki iri halkara guramalaryň arasynda soňky ýyllarda gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň ähmiýetine ýokary baha berdi. Şeýle hem söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Demirgazyk Makedoniýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijelidigini nygtadylar we syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň bu ugurlarda özara hyzmatdaşlyk baradaky tekliplere garamaga taýýardygyny aýtdy.

Ynsanperwerlik kömegi ugradyldy

Owganystanda bolup geçen güýçli ýertitreme zerarly ejir çeken dostlukly döwletiň halkyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde we guramagynda ynsanperwerlik kömegi iberildi. Ynsanperwerlik ýüki derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma, azyk önümlerinden ybaratdyr. Tebigy hadysa zerarly dörän weýrançylygyň dikeldilýän günlerinde şeýle kömegiň iberilmegi ynsanperwerligiň belent ýörelgeleriniň berkarar bolýandygyny alamatlandyrýar. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan halkara gatnaşyklaryny özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda üstünlikli ilerledýär. Ejir çekenlere goldaw bermek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleriň dessin kabul edilmegi Türkmenistanyň ählumumy derejede parahatçylygyň, durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna, ynsanperwer taglymlaryň dabaralanmagyna ygrarlydygynyň nyşanydyr.

Oňyn başlangyçlar rowaçlanýar

Türkmenistan bitaraplyk ýörelgelerine esaslanmak arkaly Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Bu ugurda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýar. Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda Londonda degişli resminamany goldamak arkaly ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolýar. 1994-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasyna goşulýar. Geçen 30 ýylyň dowamynda Türkmenistan medeni mirasy gorap saklamak, bilimi, ylmy ösdürmek we halklaryň arasynda parahatçylyk we özara düşünişmek ýörelgelerini ýola goýmak boýunça ählumumy tagallalara, medeni we tebigy mirasy goramak, saklamak we wagyz etmek işlerine işjeň gatnaşyp gelýär.

Pekinde «Bir guşak — bir ýol» halkara hyzmatdaşlygynyň üçünji forumy geçiriler

17-18-nji oktýabrda Pekinde «Bir guşak — bir ýol» halkara hyzmatdaşlygynyň üçünji forumy geçiriler. Muny Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Hua Çunýiniň sözlerine salgylanyp, Sinhua habar berýär. Esasy mowzugy «Bir guşak, bir ýoluň» ýokary hilli gurluşygy, umumy ösüşiň we abadançylygyň bilelikde gazanylmagy» diýlip atlandyryljak forumyň açylyş dabarasyna Hytaýyň Prezidenti Si Szinpiniň gatnaşmagyna garaşylýar. Dabarada Si Szinpin çykyş eder we foruma gatnaşyjylar üçin garşy alyş dabarasyny hem-de ikitaraplaýyn çäreleri geçirer diýlip, habarda aýdylýar.

Türkmen wekiliýeti Daşkentde «Bir guşak — bir ýol: Merkezi Aziýa döwletleri üçin täze mümkinçilikler» atly «tegelek stol» maslahatyna gatnaşdy

11-nji oktýabrda Daşkent şäherindäki Merkezi Aziýa halkara institutynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň Özbegistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda «Bir guşak — bir ýol: Merkezi Aziýa döwletleri üçin täze mümkinçilikler» atly «tegelek stol» maslahaty geçirildi. Oňa türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Bu barada «Dunýo» habarlar agentligi habar berdi. «Tegelek stol» maslahatynyň çäginde syýasy, söwda-ykdysady, maýa goýumlar, ýangyç-energetika, daşky gurşawy goramak, ýaşyl tehnologiýalar ýaly ugurlarda Merkezi Aziýa döwletleri bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan CASCA + multimodal ulag ugrunda öz ornuny pugtalandyrýar

Türkmenistan ulag-logistika ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyna özüniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garaýar. Türkmenistanyň hem gatnaşýan CASCA + multimodal ulag ugrunyň  ösdürilmegi bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Gazagystanyň paýtagty Astanada 4-nji oktýabrda geçirilen “New Silk Way” VI halkara ulag-logistika işewürlik forumynda hem bu barada aýdyldy.

Köpugurlylyk, netijelilik, ýokary işjeňlik

giň gerimli çärelere mahsus aýratynlyklar boldy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda üç günläp dowam eden «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat üstünlikli tamamlandy. Ýurdumyzyň we dünýäniň döwlet hem hususy eýeçilikdäki saglygy goraýyş edaralarynyň 150-den gowragynyň, onlarça ýokary okuw mekdepleriniň, okuw-ylmy merkezleriniň, bedenterbiýe we sport düzümleriniň wekillerini bir ýere jemlän köpugurly forum degişli ulgamlarda ýetilen sepgitler bilen tanyşmakda, möhüm özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça pikirdir tejribe alyşmakda, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlemekde täze gözýetimleri açdy.

Ibn Sinanyň eserleri — umumadamzat gymmatlygy

Öňňin — 11-nji oktýabrda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde geçirilen «Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy» atly halkara ylmy maslahat alymyň eserlerine dünýä lukmançylygynyň we ylmynyň taryhynda uly ornuň degişlidigini ýene bir ýola äşgär etdi. Öz işini umumy mejlisde hem-de ýurdumyzyň käbir ýokary okuw mekdeplerinde guralan degişli bölümçelerde dowam eden maslahatda türkmen alymlary we halkara ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri Abu Aly ibn Sinanyň ylymda gazanan üstünlikleri, häzirki zaman lukmançylygyndaky orny, eserleriniň pelsepe aýratynlyklary, umumadamzat gymmatlyklaryny baýlaşdyrmakdaky ähmiýeti, dürli ylymlar bilen baglanyşygy ýaly mowzuklar boýunça giňişleýin söhbet etdiler. Awad AL-HALAF,BAE-niň Al-Kasimiýýah uniwersitetiniň rektory:

«Ýaşyl» dünýä — umumy öýümiz

Köpugurly türkmen-britan dialogy umumy bähbitlere, döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelmek bilen, soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýokary derejelere eýe bolýar. Şu jähetden, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stiwen Konlonyň golaýda Mary welaýatynda saparda bolmagy bellenilmäge mynasypdyr. Saparyň çäklerinde diplomat Mary şäherinde ýerleşýän Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebine gelip gördi we okuw-terbiýeçilik işleriniň guralyşy bilen tanyşdy, şeýle-de bu ýerde daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi ýaly ählumumy meseleler barada gürrüňdeşlik geçdi. Diplomat Stiwen Konlon mugallymçylyk mekdebinde iňlis dili we edebiýaty mugallymlary Maral Gurbangeldiýewanyň, Ogulkeýik Rejebowanyň, Döwran Durdyýewiň iňlis dili, iňlis edebiýaty, iňlis dilini okatmagyň usulyýeti dersleri boýunça geçen sapaklaryna gatnaşyp, olarda innowasion usullaryň, şol sanda terbiýeçilik we dil öwredijilik ähmiýetli serişdeleriň işjeň ulanylyşyna, pedagogik hünärmenleriň dil taýýarlygyna ýokary baha berdi. Şeýle-de ilçä bu ýerde hereket edýän gurnaklar, olaryň alyp barýan işleri, çeper we ylmy döredijilige höwesli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen üç dilde — türkmen, iňlis, rus dillerinde geçirilýän çärelerdir maslahatlar barada gürrüň berildi.

Koreý medeniýeti tanyşdyryldy

Häzirki wagtda dünýä döwletleri bilen alnyp barylýan dost-doganlyk gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, dünýä jemgyýetçiligine işjeň goşulyşmak, ýaş nesliň daşary ýurt dillerini çuňňur özleşdirmegi nazarda tutulyp, ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde daşary ýurt dilleriniň birnäçesi boýunça okuw sapaklary geçilýär. Şolaryň hatarynda ýurdumyzda koreý dilini öwrenmäge hem aýratyn üns berilýär. Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 88-nji orta mekdepde hem okuwçylara dört ýyldan bäri koreý dili öwredilýär. Olar koreý dili boýunça geçilýän sapaklardan daşary her ýylda bu dil bilen baglanyşykly guralýan çärelerdir bäsleşiklere gatnaşyp, üstünlikli çykyş edýärler. Düýn bu mekdepde şeýle çäreleriň nobatdakysy boldy. Oňa Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ji Kýu-Tek hem-de ilçihananyň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda ilçi mekdebiň mugallymlarydyr okuwçylaryna iň gowy arzuwlaryny aýdyp, koreý dilinde çap edilen kitaplary we koreý milli lybaslaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Nepisligiň sarpasy

Düýn ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda Arkadag şäherindäki «Märkaw» myhmanhanasynda «Zenan eliniň çeperligi — haly, keşde, keçede» atly halkara dialog geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan çärä Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň haly, keçe, keşde sungaty bilen baglanyşykly ulgamlarynyň tejribeli hünärmenleri, görnükli alymlary gatnaşdylar. Halkara dialogyň açylyşyndan soňra, Arkadag şäheriniň wideoşekilli tanyşdyrylyşy boldy. Bu ýerde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rustemowa çykyş edip, ÝUNESKO bilen alnyp barylýan işjeň gatnaşyklar, bu ugurda durmuşa geçirilen işler, öňde durýan wezipeler barada gürrüň berdi. Soňra beýleki hünärmenleriň hem çykyşlary diňlenildi. Çykyşlarda milli medeni gymmatlyklarymyzy sarpalamak ýörelgesiniň bu günki günde dünýäde dabaralanýandygy, şunlukda, zenanlarymyzyň sungat derejesine ýetirilen gadymy el işleriniň hem uly gyzyklanma eýe bolýandygy nygtaldy.

Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri

Türkmenistan Ýer ýüzünde parahatçylyk arkaly ösüşi üpjün etmek babatda dünýä döwletleri we iri halkara guramalary bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň oňyn bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan «Açyk gapylar» syýasaty ählumumy howpsuzlygy berkitmekde, häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgüdini tapmakda, döwletleriň we halklaryň durnukly ösüşi üçin amatly şertleri döretmekde, şeýle hem ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde halkara bileleşiginiň tagallalaryna hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Şu jähetden, 2023-nji ýylyň 28-29-njy sentýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň ähmiýetini bellemek dogry bolar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tabşyrygy bilen Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýetiniň bu dostlukly döwletde geçiren ýokary derejeli duşuşyklarynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara ynanyşmak ýörelgeleri esasynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

HALKARA DIALOGY GEÇIRILDI

Şu  gün, 12-nji  sentýabrda  Arkadag  şäheriniň   «Märkaw»  myhmanhanasynda  ÝUNESKO-nyň  işleri  barada  Türkmenistanyň  milli toparynyň  Sekretariatynyň, Türkmenistanyň  Kärdeşler  arkalaşyklarynyň  Milli  merkeziniň  we  Zenanlar  birleşiginiň  Merkezi  geňeşiniň  bilelikde  sanly  ulgam  arkaly  gurnamagynda   «Zenan  eliniň  çeperligi – haly, keşde, keçede»  atly  Halkara  dialogy  geçirildi. 

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 11-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidany kabul etdi. Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň iberen mähirli salamyny, türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Türkiýede doganlyk Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy

Türkmenistanda halkara ylmy forum geçirildi Aşgabat, 11-nji oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda “Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleri hem-de Ylymlar akademiýasy tarapyndan bilelikde guralan forum Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlandy.

Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy

Türkmenistanda halkara ylmy forum geçirildi Aşgabat, 11-nji oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda “Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleri hem-de Ylymlar akademiýasy tarapyndan bilelikde guralan forum Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlandy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa «Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! «Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen çuň many-mazmunly Gutlagyňyz, mähirli arzuwlaryňyz, bu maslahatyň ýokary derejede, örän netijeli geçmegi babatda döreden mümkinçilikleriňiz, goldaw-hemaýatlaryňyz üçin Size çäksiz sagbolsun aýdýarys. Siziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletiniň gülläp ösmegi, dünýäde parahatçylyk, dost-doganlyk, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagy, saglygy goraýyş ulgamynyň kämilleşdirilmegi, türkmen lukmançylyk ylmynyň ösdürilmegi ugrunda alyp barýan syýasatyňyzyň, halkyň medeni-ruhy gymmatlyklarynyň, beýik akyldarlarynyň umumadamzat ähmiýetli mirasynyň dünýäde dabaralandyrylmagy ugrunda köptaraply halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen beýik başlangyçlaryňyzyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Türkmenistan — sagdynlygyň ýurdy

Ýegor ZAÝSEW,BSGG-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy: — Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy 30 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edip gelýär. Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji iýulynda BSGG-niň agzalygyna kabul edildi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesi milli saglygy goraýşyň ileri tutulýan ugurlary boýunça bilelikdäki möhüm taslamalaryň we maksatnamalaryň birnäçesiniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň güwäsidir. Biz Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurduň jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamyndaky oňyn özgertmeleriň şaýady bolduk. Şeýlelikde, ýokanç däl keselleriň derejesini peseltmek we olaryň ösüş töwekgelçiliginiň täsirlerini aradan aýyrmak maksady bilen, Türkmenistanda temmäkä gözegçilik etmek boýunça BSGG-niň maslahatlaryna esaslanýan giň gerimli maksatnama kabul edildi. Munuň özi çilim çekýänleriň sanyny görnetin azaltmaga ýardam berdi.

Tejribe — kämillige ýol

Annaoraz ANNAORAZOW,Arkadag şäheriniň häkimliginiň jemagat hojalygynyň işini utgaşdyryjy bölüminiň başlygy: — 28-29-njy sentýabrda Gahryman Arkadagymyz Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Şol iş saparynda Germaniýa döwletine gitmek maňa-da miýesser etdi. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçen bu duşuşyk üstünlikli amala aşyryldy. Saparyň birinji güni ady dünýä ýaň salan Arkadag şäheriniň jemagat hojalygynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, daşary ýurtly hünärmenleriň gatnaşmaklarynda ikitaraplaýyn pikir alyşmalar geçirildi. Şolaryň hatarynda jemagat hojalygynda ulanylýan tehnikalary öndürýän birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen hem duşuşyk geçirildi.

Hyzmatdaşlygyň döwrebap nusgasy

Halk hikmetinde aýdylyşy ýaly, agzybirligiň, jebisligiň bar ýerinde abadançylyk, bagtyýarlyk örňeýär we rysgal-berekediň çeşmesi egsilmeýär. Muňa umumy ilaty, takmynan, 75 milliondan gowrak, tutýan meýdany 3,9 million inedördül kilometrden geçýän Merkezi Aziýa sebitindäki döwletleriň mysalynda has aýdyň göz ýetirmek mümkin. Häzirki wagtda hoşniýetli goňşuçylyk, ygtybarly hyzmatdaşlyk we heňňamyň synagyndan geçen köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklary sebit döwletlerini has-da ysnyşdyrýar. Halkara bileleşigiň ählumumy goldawyna eýe bolýan bu köpugurly hyzmatdaşlygyň täze nusgasynyň kemala gelmegine hem sebitdäki halklaryň ynsanperwer garaýyşlarynyň, umumy bähbitleriniň birligi öz täsirini ýetirýär.