«Ýaşyl» dünýä — umumy öýümiz

13 Oktýabr 2023
728

Köpugurly türkmen-britan dialogy umumy bähbitlere, döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelmek bilen, soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýokary derejelere eýe bolýar. Şu jähetden, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stiwen Konlonyň golaýda Mary welaýatynda saparda bolmagy bellenilmäge mynasypdyr. Saparyň çäklerinde diplomat Mary şäherinde ýerleşýän Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebine gelip gördi we okuw-terbiýeçilik işleriniň guralyşy bilen tanyşdy, şeýle-de bu ýerde daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi ýaly ählumumy meseleler barada gürrüňdeşlik geçdi.

Diplomat Stiwen Konlon mugallymçylyk mekdebinde iňlis dili we edebiýaty mugallymlary Maral Gurbangeldiýewanyň, Ogulkeýik Rejebowanyň, Döwran Durdyýewiň iňlis dili, iňlis edebiýaty, iňlis dilini okatmagyň usulyýeti dersleri boýunça geçen sapaklaryna gatnaşyp, olarda innowasion usullaryň, şol sanda terbiýeçilik we dil öwredijilik ähmiýetli serişdeleriň işjeň ulanylyşyna, pedagogik hünärmenleriň dil taýýarlygyna ýokary baha berdi. Şeýle-de ilçä bu ýerde hereket edýän gurnaklar, olaryň alyp barýan işleri, çeper we ylmy döredijilige höwesli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen üç dilde — türkmen, iňlis, rus dillerinde geçirilýän çärelerdir maslahatlar barada gürrüň berildi.

Kakajan ÇARYÝAROW.
Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.