Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa «Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

12 Oktýabr 2023
711

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

«Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen çuň many-mazmunly Gutlagyňyz, mähirli arzuwlaryňyz, bu maslahatyň ýokary derejede, örän netijeli geçmegi babatda döreden mümkinçilikleriňiz, goldaw-hemaýatlaryňyz üçin Size çäksiz sagbolsun aýdýarys. Siziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletiniň gülläp ösmegi, dünýäde parahatçylyk, dost-doganlyk, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagy, saglygy goraýyş ulgamynyň kämilleşdirilmegi, türkmen lukmançylyk ylmynyň ösdürilmegi ugrunda alyp barýan syýasatyňyzyň, halkyň medeni-ruhy gymmatlyklarynyň, beýik akyldarlarynyň umumadamzat ähmiýetli mirasynyň dünýäde dabaralandyrylmagy ugrunda köptaraply halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen beýik başlangyçlaryňyzyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligi hem-de «Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar.