"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Beýik işler bilen beýgelýän Diýar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly unudylmajak taryhy wakalary bilen şöhratlanýar. Halkymyz — bu gün öz ykbalynyň, öz bagtynyň eýesi. Baky berkarar döwletimiz — biziň baş mukaddesligimiz. Bu mukaddesligi gözüň göreji ýaly goramak, syýasy hem ykdysady kuwwatyny berkitmek, bedew batly ösüşler bilen täze belentliklere tarap maksada okgunly öňe alyp gitmek belent borçdur. Döwürleriň dowamynda ata-babalarymyz döwlet gurmak, onuň saýasynda erkana ýaşamak ugrunda kämil garaýyşlary öňe sürüpdirler, şu mukaddes topragymyzy gorapdyrlar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy «Berkarar döwlet istärin» diýmek bilen, Watan mukaddesligi hakynda ençeme şygyrlary nesillere miras galdyrypdyr. Paýhasly pederlerimiziň Watan mukaddesligi baradaky duýgy-düşünjeleri, ony goramak ugrunda görkezen gahrymançylyklary nesiller üçin görelde mekdebidir.

Belent buýsanjyň beýany

Dünýäde abraý-mertebesi belende galýan ata Watanymyzyň her bir güni şanly senelere, taryhy wakalara beslenýär. Ýurdumyzda gazanylýan oňyn ösüşler, ýetilýän belent sepgitler halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak ýaly asylly maksatlardan gözbaş alýar. Şeýle döwletiň raýaty bolmak, ýaşamak, işlemek, döretmek biziň her birimiz üçin döwletlilikden nyşandyr. Diýarymyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň halkara abraýy barha artýar. Häzirki wagtda ähli pudaklar bilen bir hatarda, medeniýet ulgamynda hem uly ösüşler, özgerişler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen türkmen medeniýeti we sungaty gülläp ösýär. Bu günki günde türkmen medeniýeti dünýä ýüzünde giňden dabaralanýar. Aslynda her bir döwlet beýleki döwletden öz milliligi, edim-gylymlary, däp-dessurlary bilen tapawutlanýar. Ähli taraplaýyn kämil, baý türkmen medeniýeti bu günki günde dünýäde öz mynasyp ornuny eýeleýär. Daşary ýurtlarda geçirilýän Türkmenistanyň Medeniýet günleri, ýurdumyzda geçirilýän daşary ýurtlaryň Medeniýet günleri halklary ýakynlaşdyrýar, medeniýetleri baýlaşdyrýar, birek-birekden öwrenmek, kämilleşmek babatda giň mümkinçilikleri açýar.

Tutumly işleriň rowaçlanýan döwri

Bu gün merdana halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletinde eşretli durmuşda ýaşaýar. Ýurdumyzda halkyň bagtyýar durmuşy barada yzygiderli alada edilmek bilen, amala aşyrylýan ähli işler halkymyzyň bähbidine gönükdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň: «Täze eýýamda berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmäge, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, ähli ugurlar boýunça ykdysady ösüşleri, ägirt uly öňegidişlikleri gazanmaga gönükdirilen işleri alyp barýarys» diýip belläp geçişi ýaly, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, bagtyýar raýatlarymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek döwlet syýasatynda ileri tutulýar. Ata Watanymyzyň ähli ýerinde häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän ýaşaýyş, durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň, binalaryň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Maşgalany goldamak, çaganyň we enäniň saglygyny goramak, ösüp gelýän ýaş nesli asylly ýörelgelerimiz esasynda terbiýelemek hem-de olara döwrebap bilim bermek boýunça döwlet goldawynyň döwrüň talaplaryndan ugur alýan kämil ulgamy  döredildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda bu işler mynasyp dowam etdirilip, ýaşlaryň jemgyýetimizde tutýan ornuna mynasyp

Özgertmeler — ösüşlere badalga

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimiz dünýäde ähli ulgamlarda güýçli depginlerde ösýän döwletleriň biri hökmünde tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer taglymatynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini hil taýdan dünýä ülňülerine laýyk getirmek ata Watanymyzy pajarlap ösýän ýurda öwürmek esasy maksat bolup durýar. Şoňa görä-de, güneşli Diýarymyzyň ähli ýerinde medeni-durmuş hem-de önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işlerine aýratyn uly ähmiýet berilýär. Munuň özi ýurdumyzda adam halkyndaky aladanyň ähli zatdan ileri tutulýandygynyň subutnamasy bolup durýar. «Agzybirlikde döredijilikli işläp, döwrümizi, döwletimizi has-da beýgeltmelidiris. Geljege ynam bilen garap, öňe tarap buýsançly gadam urmalydyrys» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly sözlerini özlerine ýol-ýörelge edinen ýaşlarymyz ýurdumyzda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda döredijilikli zähmet çekip, ata Watanymyzyň ösüşlerine, özgerişlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Munuň üçin bolsa ýaş nesillerimiziň türkmen halkynyň Milli Liderine, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary, hoşallyklary egsilmeýär.

Galkynyşly Diýara baky şöhrat, şan bedew

Türkmen bedewiniň milli baýramynyň şanyna Balkan atçylyk sport toplumynda uludan tutulan dabaralar milli gymmatlyklarymyza buýsanjyň egsilmezdiginiň özboluşly subutnamasyna öwrüldi. Baýramçylyk ýörişi bilen badalga alan toý çäreleri türkmen halkynyň dünýäniň medeni ösüşine goşan uly goşandynyň anyk mysaly bolan behişdi bedewlerimize bolan hormat-sarpanyň nusgalykdygyny aýdyň görkezdi. Toplumyň esasy girelgesiniň öňündäki ak öýleriň owadan hatary bilen bezelen meýdançada welaýat, Balkanabat şäher häkimlikleriniň, welaýat medeniýet müdirliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň tagallalary bilen guralan medeni çäreler giňden ýaýbaňlandyryldy. Belentden ýaňlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik tutumlary, üsti şemally bedewlerimiz joşgun bilen wasp edilen aýdym-sazlar, dutar--gyjagyň hoş owazy, milli tanslar, folklor çykyşlary, görkezilen sahnalar dabaranyň mazmun baýlygyny artdyrdy. Milli oýunlar hem-de sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlar baýramçylygyň täsirli pursatlarynyň üstüni ýetirdi. Bu ýerde guralan sergide ýerleşdirilen at esbaplaryny, bezeg şaýlaryny, atşynaslyk sungatynyň milli ýörelgelerini beýan edýän işleri, amaly- -haşam hem-de muzeý gymmatlyklaryny toý çäresine gatnaşyjylar uly gyzyklanma bilen synladylar. Milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan döräp, okyjylaryň söýgüli eserlerine öwrülen ajaýyp kitaplary, ýaş zehinli suratkeşleriň gamyşgulak bedewle

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň altyn asyry» atly bäsleşigine

Gujagyňda açylypdyr ak güller Ata ýurdum, eziz Türkmenistanym,Gujagyňda açylypdyr ak güller.Ol güller — hiç haçan solmajak güller,Ol — söýgi gülleri, özgeriş güli,Bagtyýar geljege äkidýär bizi.

Täzelikler

Kerki çörek kärhanasynda çörek we çörek önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Bu ýerde öndürilýän «Ruhubelent», «Altyn däne», «Altyn asyr», «Höwesli» ýaly haryt nyşanly çörek we çörek önümlerine islegler barha ýokarlanýar. Kärhanada şu ýylyň ilkinji çärýeginde çörek we çörek önümleriniň 1 müň 375 tonnasy taýýarlanylyp, ilata hödürlenildi. Ýanwar-aprel aýlarynda bu görkeziji 2 müň tonnadan geçdi. Önümçilik meýilnamasyny artygy bilen berjaý edip gelýän çörek öndürijiler geljekde bu görkezijini has-da artdyrmagy maksat edinýärler.

Goşgy

Dana Pyragy Her jümlesi ýüreklerde ýer eden,Beýik söz ussady, dana Pyragy.Hak işleri, jebisligi wagyz eden,Beýik söz ussady, dana Pyragy.

Söz sungatynyň ussady

2024-nji ýylda türkmen halkynyň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakyndaky çözgüt ähli halkymyz bilen birlikde, kitaphana işgärlerinde hem uly ruhubelentlik döretdi. Ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreler biri-birine ulaşýar. Jemşidiň jamyna deňelýän ussat şahyryň ynsanperwerlige, edep-ekrama, halallyga ýugrulan eserleri bu günki günde aýdym bolup diňlenýär, gazal bolup ýaňlanýar, nakyla öwrülip, ösüp gelýän ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge çagyrýar. Eserleri duýga, pikire baý söz ussady:

Şygyrlary ýüreklere nur çaýýar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän dürli çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şahyryň miras galdyran şygyrlary içgin öwrenilýär. Akyl-paýhasa ýugrulan eserler ýürekleri nura besleýär. Magtymguly Pyragynyň goşgulary, umumadamzat ähmiýetli garaýyşlary hiç bir ynsany biparh goýmaýar. Bu gün beýik söz ussadyna belent sarpa goýulýar, onuň şan-şöhraty giňden dabaralanýar. Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyga çagyryş akyldar şahyryň eserlerinde öz aýdyň beýanyny tapýar. Şahyryň goşgularynyň özenini agzybirlik, ýurt berkararlygy baradaky arzuw-islegler, ýagşy umytlar düzýär.

Ruhy göterilişiň belentliklerine tarap

Türkmen bedewiniň milli baýramyndan soňky oýlanmalar Türkmen bedewiniň milli baýramy, her ýylda däp bolşy ýaly, bu gezek hem birnäçe gün öňünden uly dabaralara beslendi. Behişdi bedewlere bagyşlanan çäreler, hususan-da, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi, «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň, sungat işgärleriniň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemleri, ussat atşynaslara dakylan hormatly atlar, baýramçylyk at çapyşyklary, atçylyk sport çykyşlary... — bularyň ählisi ýurdumyzda ählumumy toý ruhuny emele getirdi. Halkymyzyň milli mirasyna goýýan sarpasy, ahalteke bedewine çuňňur söýgüsi belende göterildi.

Şekillerde — bedewleriň waspy

Behişdi bedewlerimiziň gözelligi — döredijilik adamlarynyň ylham çeşmesi. Muny Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň heýkeltaraş mugallymy Maksat Şyhyýewiň agaçdan ýasaýan heýkel şekillerinde bedewleriň keşbiniň dürli öwüşginde şöhlelenmeginde-de aýdyň görýäris. Magtymguly etrabynyň seleň-sähralarynyň, ussadyň zehininden döreýän heýkel şekillerini ýatladýan dag gaýalarynyň, nakgaşyň çeken ajaýyp suratyna meňzeýän gözel tebigatynyň kämil keşbiniň... Maksat mugallymyň döredijilik ylhamynyň gözbaşydygyny onuň agaçdan ýasaýan kompozisiýa görnüşindäki, milli we döwrebap sazlaşyga eýe her bir eserinde görmek bolýar. Heýkeltaraşyň işlerini synlanyňda, onuň döredijiliginde bedewlere aýratyn ornuň degişlidigine göz ýetirýärsiň. Her bir eserinde bedewleriň şekilleri täzeçe mazmuna, görnüşe eýedigi bilen tapawutlanýar. Atasynyň «Görogly» şadessanyndan gürrüň beren wakalaryny günde-günaşa diňläp, ondaky Gyratyň keşbini heniz çagaka kalbyna nagyşlan heýkeltaraş bu gün behişdi bedewleriň şekillerini heýkellerine geçirip, naýbaşy eserleri halka ýetirýär. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden dörän, türkmen bedewleriniň waspyny belentden ýetirýän «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly ajaýyp eserlerinden ylham alýan heýkeltaraş ýurdumyzda her ýyl giňden bellenilýän Türkmen bedewin

Hepdelik geçirildi

Uly ruhubelentlige beslendi Ýakynda Mary şäherindäki 26-njy orta mekdepde geçirilen türkmen dili we edebiýat hepdeligi uly ruhubelentlige beslendi. Oňa welaýat baş bilim müdirliginiň hünärmenleri, şäherdäki 4-5-7-13-19-25-nji orta mekdepleriň türkmen dili we edebiýat mugallymlary we etrap mekdeplerinden hem mugallymlar gatnaşdylar. Mekdebimiziň türkmen dili we edebiýat mugallymlary Gülnara Ojarowa, Gülşat Agasaparowa hepdeligiň guramaçylyk işlerine uly goşant goşdular.

Usuly okuw maslahat geçirildi

Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdepde bilim işgärleriniň gatnaşmagynda usuly okuw maslahat geçirildi. Ony Ahal welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirligi gurady. Adatdan daşary ýagdaý ýüze çykanda raýatlara ilkinji kömegiň berlişi, halas ediş işleri boýunça ildeşlerimiziň düşünjesini ýokarlandyrmak, adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak maksady bilen geçirilen maslahatda täsirli çykyşlar boldy. Maslahatyň barşynda raýat goranyşy we halas ediş müdirligi tarapyndan geçirilýän okuw-türgenleşikleriň ähmiýetine hem üns çekilip, tebigy hadysalar we heläkçilikler ýüze çykan halatynda halas ediş işlerini ýokary derejede alyp barmakda şeýle çäreleriň ähmiýetiniň uludygy, şoňa görä-de, edara-kärhanalaryň degişli hünärmenleriniň bu ugurdaky işlere işjeň goşulmalydygy barada aýdyldy.

Baýramçylyk at çapyşyklary

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralar soňra baýramçylyk at çapyşyklary bilen dowam etdi. Uly şatlyk-şowhuna beslenen at çapyşyklary halkymyzyň tutumly toýlarynyň dabarasynyň has-da belende göterilýändigini alamatlandyrdy. 5 aýlawdan ybarat bolan at çapyşyklaryna tomaşa edenler bedewleriň «ýelden ýyndam» diýdirýän çalasynlygyna ýene-de bir gezek aýdyň göz ýetirdiler. Baýramçylyk at çapyşyklarynyň arasynda ýaňlanan halk aýdymlary dabaranyň milli aýratynlygyna öwrüldi.

Toý toýlanýar bu gün şanyňa, bedew!

Daşoguz atçylyk sport toplumy ýekşenbe güni Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli toý ruhuna beslendi. Halkymyzyň «At agynan ýerde toý bolar» diýen pähiminiň ýöne ýere döremändigini aýdyň görmek bolýar. Güneşli Diýarymyzyň ähli künjeginde giňden bellenilýän milli baýram welaýatymyzyň etrapdyr şäherlerinde hem uly şatlyk-şowhuna beslendi. Ir säherden badalga berlen baýramçylyk ýörişiniň täsiri oňa gatnaşan ildeşlerimiziň, il sylagly ýaşulularyň, mährem eneleriň, bagtyýar ýaşlaryň, şadyýan çagalaryň kalbyna baýramçylyk ruhubelentligi bolup ornady.

Behişdi bedewleriň hormatyna baýramçylyk dabarasy guraldy

Düýn Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli  Lebap atçylyk sport toplumynda däp bolan dabaraly çäreler guraldy. Bu ýerde welaýatyň sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda aýdym-sazly çykyşlar, edebi-sazly kompozisiýalar boldy. Halypa we ýaş suratkeşleriň hem-de amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň eserleriniň sergileri görkezildi. Milli gymmatlyklarymyzyň naýbaşysy bolan Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralan at çapyşygy bolsa  has-da täsirli duýgulara baý bolup, baýramçylyk dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýdy.   

Pa­ra­hat­çy­lyk ug­run­da gö­re­şen­ler

«7/24. tm» №18 (205), 29.04.2024 Be­ýik Ýe­ňiş in­di 79 ýyl bä­ri ýaş ne­sil­ler bi­len front­çy, sö­we­şi­ji we ty­lyň zäh­met­keş­le­ri bo­lan ne­sil­le­riň ara­syn­da­ky bö­lün­mez hal­ka bo­lup hyz­mat ed­ýär. Nä­çe ýyl geç­se-de, çuň­ňur ho­şal­ly­ga do­ly nä­çe söz aý­dyl­sa-da, biz we­te­ran­la­ryň öňün­de ba­ky ber­gi­dar­dy­rys. Ha­wa, wagt ola­ryň ha­ta­ry­ny bar­ha azald­ýar, ýö­ne ola­ryň bi­ziň jem­gy­ýe­ti­miz­de uly üns we ys­sy mä­hir bi­len gur­şa­lyp al­nan­dy­gy has mö­hüm­dir, ola­ryň dur­muş tej­ri­be­si hem-de ur­şuň ala­wy gur­şa­lyp al­nan ýat­la­ma­la­ry has gym­mat­ly­dyr. Şu­nuň ýa­ly hor­ma­ta we ala­da ty­lyň yh­las­ly zäh­met­keş­le­ri, uruş­da we­pat bo­lan es­ger­le­riň ýanýol­daş­la­ry-da we şol ýyl­la­ryň agyr sy­na­gy­ny baş­dan ge­çi­ren­le­riň äh­li­si my­na­syp­dyr.

Serpaýyň ýetdi ýeňişden...

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramy ýurdumyzda ýokary ruhubelentlige, toý şatlygyna beslendi. Düýn hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda bu şanly sene mynasybetli köpöwüşginli dabaralar ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde geçirilen baýramçylyk at çapyşyklary örän çekeleşikli, gyzgalaňly häsiýete eýe bolup, toýçy mähelläniň şatlygyny artdyrdy. Baýramçylyk mynasybetli geçirilen atly sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikleriň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy hem bu ugurdaky ussatlaryň täze nesliniň baýramçylyk buýsanjyny goşalandyrdy. Begençmyrat AGAMYRADOW,Türkmenistanyň ussat çapyksuwary, baş baýragyň eýesi:

Owazasy dünýä dolan bedewler

«7/24. tm» №18 (205), 29.04.2024 Türk­me­n hal­ky­nyň be­hiş­di be­dew­le­ri­ne bo­lan çuň­ňur söý­gü­si hal­ky­my­zyň kal­byn­da müň­ler­çe ýyl bä­ri ýa­şap gel­ýär. Ga­myş­gu­lak be­dew­le­ri­mi­ziň şeý­le ýo­ka­ry hormata eýe bol­ma­gy­nyň çuň­ňur hem aý­ra­tyn ma­ny­sy bar­dyr. Çün­ki mer­da­na pe­der­le­ri­miz ahal­te­ke türk­men be­dew­le­ri­ne ýö­ne­keý ada­ty jan­dar hök­mün­de däl-de, eý­sem maş­ga­la­nyň aý­ra­tyn bir ag­za­sy, ja­na-jan we­pa­dar dos­ty hök­mün­de se­re­dip, «At — ada­myň syr­da­şy», «Atym bar — ga­na­tym bar», «At agy­nan ýer­de toý bo­lar», «At — my­rat», «At — döw­let» ýa­ly en­çe­me pä­him­le­ri dö­re­dip­dir­ler.