Tutumly işleriň rowaçlanýan döwri

1 Maý 2024
423

Bu gün merdana halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletinde eşretli durmuşda ýaşaýar. Ýurdumyzda halkyň bagtyýar durmuşy barada yzygiderli alada edilmek bilen, amala aşyrylýan ähli işler halkymyzyň bähbidine gönükdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň: «Täze eýýamda berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmäge, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, ähli ugurlar boýunça ykdysady ösüşleri, ägirt uly öňegidişlikleri gazanmaga gönükdirilen işleri alyp barýarys» diýip belläp geçişi ýaly, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, bagtyýar raýatlarymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek döwlet syýasatynda ileri tutulýar. Ata Watanymyzyň ähli ýerinde häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän ýaşaýyş, durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň, binalaryň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Maşgalany goldamak, çaganyň we enäniň saglygyny goramak, ösüp gelýän ýaş nesli asylly ýörelgelerimiz esasynda terbiýelemek hem-de olara döwrebap bilim bermek boýunça döwlet goldawynyň döwrüň talaplaryndan ugur alýan kämil ulgamy  döredildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda bu işler mynasyp dowam etdirilip, ýaşlaryň jemgyýetimizde tutýan ornuna mynasyp baha berilýär, olara uly ynam bildirilýär. Bu bolsa bagtyýar ýaşlarymyzy eziz Watanymyzyň beýik ösüşleri ugrunda maksada okgunly işleri amala aşyrmaga, halal hem tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Resul Taganmämmedow,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.