«7/24. tm» №18 (205), 29.04.2024
Türkmen halkynyň behişdi bedewlerine bolan çuňňur söýgüsi halkymyzyň kalbynda müňlerçe ýyl bäri ýaşap gelýär. Gamyşgulak bedewlerimiziň şeýle ýokary hormata eýe bolmagynyň çuňňur hem aýratyn manysy bardyr. Çünki merdana pederlerimiz ahalteke türkmen bedewlerine ýönekeý adaty jandar hökmünde däl-de, eýsem maşgalanyň aýratyn bir agzasy, jana-jan wepadar dosty hökmünde seredip, «At — adamyň syrdaşy», «Atym bar — ganatym bar», «At agynan ýerde toý bolar», «At — myrat», «At — döwlet» ýaly ençeme pähimleri döredipdirler.