"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Welaýatlardan habarlar

«Türkmennebit» döwlet konsernine degişli edara-kärhanalaryň işgärleri sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän ýaryşlara yzygiderli gatnaşyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezýär. Olar Balkanabat şäheriniň köpugurly sport toplumynda edara-kärhanalaryň işgärleriniň hem-de şäheriň ýaşaýjylarynyň gatnaşmagynda küşt boýunça geçirilen ýaryşda hem üstünlikli çykyş etdiler. Syrly göçümleriň ezberlerini bir ýere jemledi. Gyzykly ýagdaýda geçen ýaryşda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirliginiň maşinisti Lukman Melikow 1-nji orna mynasyp boldy. Bu konserniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň Gaz toplaýyş we akdyryş müdirliginiň inženeri Wadim Kubrakow 2-nji orny eýelemegi başardy. Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy, telekeçi Mämmedanna Halymow 3-nji orny eýeledi.

Goşa mukaddesligiň şanyna

Kaka etrap kazyýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň, etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrapdaky 16-njy, 18-nji, 20-nji orta mekdeplerde “Konstitusiýa — bagtymyz, Tugumyz — buýsanjymyz” atly duşuşyklar geçirildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan duşuşyklara mekdep mugallymlary hem-de ýokary synp okuwçy ýaşlar gatnaşdy. Duşuşyklarda çykyş eden jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri Esasy Konunymyzyň — Konstitusiýamyzyň we Döwlet baýdagymyzyň şanyna bellenilýän goşa toýuň ähmiýeti barada gürrüň berdiler. Bellenilişi ýaly, Türkmensitanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik ruhuny açyp görkezýän ajaýyp sene bolmak bilen, her birimiziň watançylyk ruhumyzy belende göterýär.

Halk hakyndaky aladanyň güwäsi

8-nji maýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Ahal welaýatynda Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň hem-de Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasynyň açylyp ulanmaga berilmegi şanly ýylymyzyň ajaýyp wakalarynyň üstüni ýetirdi. Bu wakalar mynasybetli guralan dabaralara şaýat bolan ildeşlerimiziň birnäçesiniň buýsançly ýürek sözlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik. Gadammyrat BEGALYÝEW, Bäherden sement zawodynyň direktory:

Berkararlygyň synmaz sütünleri

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:— Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Konstitusiýamyz, Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň ebediliginiň nyşanyna öwrülen Döwlet baýdagymyz biziň geçmişimiziň, häzirki döwrümiziň, geljegimiziň beýikdigini, şöhratlydygyny alamatlandyrýan milli mukaddesliklerimizdir. Her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň bilelikde bellenilmegi çuňňur many-mazmuna eýedir. Çünki Konstitusiýa we Döwlet baýdagy — berkararlygymyzyň synmaz goşa sütünleri, jemgyýetimiziň sarpalanýan gymmatlyklary. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletimiziň Esasy Kanuny, ata Watanymyzyň mizemez hukuk binýadydyr. Esasy Kanunymyzda türkmen halkynyň gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan milli däp-dessurlaryny, adatlaryny we durmuş ýörelgelerini özünde jemleýän demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň häzirki zaman nusgasy öz beýanyny tapýar. Döwlet baýdagymyz bolsa Esasy Kanunymyzda hem bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlarynyň biridir. Ata-babalarymyzyň «Adam edebinden tanalar, ýurt — tugundan» diýişleri ýaly, her bir ýurt öz baýdagy bilen tanalýar. Türkmen Tugy dünýäniň iň abraýly guramalarynda, halkara derejesindäki maslahatlardyr uly sport ýaryşlarynda belentde pasyrdamak bilen biziň her birimizi bu

Bu gün toý toýlanýar türkmen ilimde

Azat iliň alkyşyndan ýalkanan,Arkadagyň ylhamyndan galkynan,Mymyk ýele eda bilen tolkunan,Ýaşyl Tugum pasyrdaýar golumda — Bu gün toý toýlanýar türkmen ilimde. Garaşsyzlyk, Bitaraplyk bagty bar,Bütin halkym, gör, neneňsi bagtyýar,Bu gün güller açýar gözel gül Diýar,Tugum bilen ygtyýarym elimde — Bu gün toý toýlanýar türkmen ilimde.

Suw — sagdynlygyň serweri

Ynsan durmuşynyň gözelligi diňe bir ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy bilen däl, eýsem, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň üpjün edilmegi bilen hem bagly. Bu babatda arassa agyz suwy ynsan saglygynyň girewidir. Hut şonuň üçin-de ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjünçiligi ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» hem ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegi esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi. Şu ýylyň 8-nji maýynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda we ak pata bermeginde Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde ýerleşýän, kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desganyň ulanyşa girizilmegi hem bu sogaply işleriň dowamly häsiýete eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär. Halkymyzda suw damjasy altyn dänesine deňelýär. Suwuň ynsan bedeniniň sagdynlygyny üpjün etmekdäki wajyp orny barada pikir edeniňde, ata-babalarymyzyň bu aýtgysynyň täsiri has-da artýar. Sebäbi saglyk — ynsanyň iň uly baýlygy. Günüň dowamynda içilýän suwuň arassalyk derejesiniň biziň saglygymyza edýän täsiri barada söz açylanda, ýurdumyzyň çar künjeginde — Lebap welaýatynyň Hojambaz, Farap etraplarynda, Köýtendag etraby

Gahrymanlara baky hormatyň nyşany

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy welaýatymyzda ýokary ruhubelentlikde bellenip geçildi. Taryhy senä bagyşlanan esasy çäre Balkanabat şäherindäki «Baky ot» ýadygärliginiň ýanynda bolup, welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärler, hormatly ýaşulular, mährem eneler, ýaşlar ýadygärlige gül goýmak dabarasyna gatnaşdylar. Beýik Watançylyk urşunda ildeşlerimiziň görkezen edermenlikleri bu ýerde ýene bir gezek hormat bilen ýatlanyldy. Dabara ýygnananlar halk hakydasynyň mizemez nyşany bolan «Baky ot» ýadygärligine ter gülleri goýup, Watan üçin söweşen gerçekleriň gahrymançylygynyň öňünde tagzym etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY

(Ahal welaýatynyň Bäherden etraby, 2024-nji ýylyň 8-nji maýy) Hormatly adamlar!Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Haýyr-sahawatyň rowaçlanmagy

Golaýda BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwer işlerine üns çekilmegi bu haýyr-sahawat gaznasynyň dünýä ýüzünde barha rowaçlanýandygyny görkezýär. Ýurdumyzdan ýörite wekiliýetiň gatnaşmagynda geçen «Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatyň Hereketler maksatnamasy we onuň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibine goşýan goşandy» atly bu mejlisiň çäklerinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitler bilen hem tanyşdyryldy. Hususan-da, mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «ICPD+30» ýagdaýlaryny öňe sürmek: milli tejribe we öňe ilerlemegiň ýollary» atly ugurdaş çäre guralyp, ol Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatda kabul edilen borçnamalary ýerine ýetirmekde, howandarlyga mätäç çagalaryň abadançylygyny ýokarlandyrmakda milli tejribeleri alyşmagyň möhümdigini nygtamaga gönükdirildi. Bu duşuşyga BMG-niň Ilat gaznasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebitleýin direktory Florens Baueriň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň Çagalary goramak boýunça departamentiniň direktory Şima Sen Guptanyň, gurama agza ýurtlaryň hemişelik wekilleriniň we bilermenleriň gatnaşmagy ýurdumyzda dünýä nusgalyk derejede aln

Senagat we sement

Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyşy hakda Her günüň öz ýakymy, her aýyň öz ýalkymy bar. Özüňiz bilýäňiz, bu biziň ýurdumyzda şeýle. Her aýda ýalkym saçýan tutumly işler hem uly ýakym bagyşlaýar. Döwlet Baştutanymyzyň hut özüniň gatnaşmagynda 13-nji martda Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň, 17-nji aprelde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyp ulanmaga berilmegi ýyllara ýalkym saçýar. Özem döwlet Baştutanymyzyň mübärek gadamynyň düşmegi bilen ýene-ýene birnäçe buýsançly wakalar hem sepleşip-sazlaşyp şaha ýaýradýar. Dek düýnüň özünde hormatly Prezidentimiziň açyp ulanmaga beren Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyry hem iňňän uly işleriň biri.

Şanly ýyl şowlulyklara beslenýär

Hormatly Prezidentimiz halkyň egsilmez döredijilik güýjüne daýanyp, abadan ýaşaýşyň bähbidine gönükdirilen syýasaty üstünlikli ýöredýär. Şeýle ýokary derejedäki sazlaşyk Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen nusgalyk ýörelgesinde aýdyň beýanyny tapýar. Agzybirlik, ruhubelentlik bilen çekilýän zähmet özüniň mynasyp miwelerini-de berýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz şu ýylyň dört aýynyň jemleri ara alnyp maslahatlaşylan Hökümet mejlisinde aýratyn durup geçdi. Gazanylýan gowy görkezijilerde welaýatymyzyň senagat kärhanalarynyň işgärleriniň paýy barha saldamly bolýar. Şanly ýylyň geçen ýanwar —aprel aýlarynda welaýatymyzyň senagat kärhanalarynda öndürilen önümleriň hereket edýän nyrhlardaky möçberi 7168,2 million manada barabar boldy. Bu möhüm görkeziji döwletimize dahylly bölekde 2097,1 million manada ýetdi. Öndürilen önümleriň gymmatlyk möçberiniň esasy bölegi nebitgaz pudagynyň kärhanalarynyň önümçilik möçberiniň hasabyna emele geldi. Gazanylan üstünlikde ýurdumyzyň ýangyç-energetika, ýeňil we azyk senagatynyň kärhanalarynyň paýlary yzygiderli ýokarlanýar.

Rus obasyndan türkmen şäherine

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy hem ynsanyýetiň hakydasynda müdimilik orun alan pajygaly wakalaryň biri. Millionlarça adamyň ömür tanapyny kesen bu ýowuz urşuň kynçylyklaryny öz gerdeninde çeken adamlaryň kalbynda ajy hasrat ýaşaýar. Emma, gynansak-da, wagt geçdigisaýyn şeýle gowgaly günleri başdan geçiren, Watan üçin söweşen uruş weteranlarynyň we olaryň yzynda galyp, zähmet edermenliginiň beýik nusgasyny görkezen gahrymanlaryň sany azalyp barýar. Ýöne olaryň edermenligi nesilleriň kalbynda ebedilik ýaşaýar. Şeýle gahrymançylyk ýoly bilen köplere nusga bolýan goja esgerleriň biri-de Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy Iwan Wasilýewiç Agupowdyr. Döşüni ýeňiş medallarydyr ordenleri bezeýän Iwan Agupow bir asyra golaýlap barýan ömrüniň dowamynda Beýik Ýeňşi 79-njy gezek baýram edýär. Ol Russiýanyň Woronež oblastynda dünýä inip, 1944-nji ýylda meýletinlik bilen goşun hataryna gidipdir. Şonda ol bary-ýogy 17 ýaşynda eken. Iwan aga söweş ýyllarynda dürli milletleriň wekilleri bilen dostlaşyp, başdan geçiren dürli kynçylyklaryny, hupbatly günlerini uly tolgunma bilen ýatlaýar. Ol mukaddes topragy dürli çozuşlardan goramakdaky jeňlere, hatda Hytaýyň Harbin welaýatyny ýapon goşunlaryndan halas etmek ugrundaky söweşe hem gatnaşypdyr. Ençeme külpetlere, kynçylyklara döz gelen Iwan Agupow ýeňşi-de frontda garşylaýar. Uruş tamamlanandan soň ol Türkmenistana harby

Watan gerçekleriniň hormatyna

Şu günler güneşli ýurdumyzda 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna giň gerim berilýär we uruş weteranlaryna, uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar.

Hormatly okyjylar!

2024-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin «Türkmen gündogary» gazetiniň çap edilýän hem-de elektron görnüşlerine abuna ýazylyşygynyň dowam edýändigini habar berýäris. Gazetimiziň çap edilýän görnüşine abuna ýazylmak üçin ýurdumyzyň «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň bölümlerine ýüz tutup bilersiňiz. Gazetimiziň elektron görnüşine «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasyndan hem-de «Türkmenmetbugat» mobil goşundysynda

Ösüşler — bagtyýar durmuşyň kepili

Eziz Diýarymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Durmuşa geçirilen taryhy tutumlaryň netijesinde tanalmaz derejede özgeren, gözelleşen Watanymyzda täze-täze sepgitler nazarlanýar. Ýurdumyzda durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup, sebitleri düýpli özgertmek, ýaşaýyş-durmuş düzümini döwrümiziň talaplaryna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça öňde goýlan wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar. Il agzybirliginde, ýurt abadançylygynda röwşen geljege ynamly barýan halkymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny ägirt uly üstünliklere beslemek üçin zähmetsöýerligiň belent nusgasyny görkezýär. Ýetilýän sepgitler berkarar Watanymyzyň ösüşli menzillerinde täze-täze belentliklere ýol açýar.

Adam hakyndaky aladanyň aýdyň beýany

Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda gurmagyň hem döretmegiň ýoly bilen ynamly öňe barýan döwletimiziň ajaýyp zamanada gazanýan beýik ösüşleri halkymyzyň agzybirliginiň, ýurdumyzyň abadançylygynyň güwäsi bolup, halk baradaky aladany öz içine alýar. Raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň ata Watanymyzyň ösüşleriniň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekmekleri üçin döwrebap şertleri döretmek döwlet syýasatynyň düýp özenini düzýär. Munuň özi «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!»  diýen ynsanperwer taglymatlaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, tutumly işleriň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär. Döwlet Baştutanymyzyň: «Berkarar döwletimiziň ähli mümkinçilikleri öňde goýlan belent maksatlara ýetmegiň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň, tutuş halkymyzyň bagtyýar we eşretli durmuşyny üpjün etmegiň anyk ugurlaryna gönükdirilýär» diýip nygtap geçişi ýaly, döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak boýunça göz öňünde tutulan işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda kabul edilen giň gerimli maksatnamalar bolsa ýurdumyzyň geljekki ösüşlerini şertlendirmek bilen, raýatlary durmuş taýdan ygtybarly goramak boýunça işleriň alnyp barylýandygynyň kepili bolup dabaralanýar.  Goý, bize ajaýyp döwletli-döwrany peşgeş ber

Ýüreklerde baky ýaşar adyňyz

 «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşe 79 ýyl dolýar. Türkmen halky şol gün edermenligi, gaýduwsyzlygy bilen Watana bolan beýik söýgüsini görkezen gerçeklerini ýatlaýar. Sebäbi halk öz gahrymanlaryny hiç haçan unutmaýar, döwlet öz gahrymanlary bilen beýgelýär. Şol gazaply uruşdan bäri ençe ýyllaryň geçendigine garamazdan, türkmen halky urşa giden gaýduwsyz gerçeklerini hem-de tylda gijesini gündiz edip işlän, ýar ojagyna wepalylygyň nusgasyny görkezen mähriban enelerimizi uly hormat bilen sarpalaýar. Olaryň durmuşy biziň ýaş nesillerimiz üçin mertligiň, gaýduwsyzlygyň, Watana bolan beýik söýginiň gaýtalanmajak mekdebidir.

Watan goragy mukaddesdir

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni mynasybetli welaýatymyzda aýdym-sazly dabaralar giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle dabaralaryň biri «Watan goragy mukaddesdir» ady bilen Balkanabat şäher häkimliginiň, şäher medeniýet bölüminiň bilelikde guramaklarynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda geçirildi. Oňa uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlary, tylda zähmet çekenler, harby gullukçylar we edara-kärhanalaryň işgärleri gatnaşdylar. Çykyş edenler asuda durmuş üçin baş goýan gahrymanlarymyzyň, merdana esgerlerimiziň görkezen gaýduwsyzlyklary, edermenlikleri hakynda gürrüň berdiler, ýaş nesillerimizi watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde olaryň nusgalyk mekdep bolup durýandyklaryny nygtadylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň erkinligi, azatlygy ugrunda döş gerip söweşen uruş weteranlarynyň, olaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çeken ildeşlerimiziň sarpasynyň mydama belent tutulýandygyny buýsanç bilen bellediler. Halkymyzy eşretli hem-de bolelin durmuşda ýaşadýan hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

Pederleriň mertligi nesillere nusgadyr

9-njy maý — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni Aşgabadyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyndaky «Baky şöhrat» ýadygärligine hem-de muzeýe baranyňda, 1941 — 1945-nji ýyllaryň gazaply uruş döwri we onda gazanylan Beýik Ýeňiş barada gussaly we şol bir wagtyň özünde-de buýsançly oýlanmalar kalbyňy gaplap alýar. Gussaly ýeri, uruş pidasyz, ýitgisiz bolmaýar. Beýik Watançylyk urşy hem adamzada jebir-jepa, betbagtçylyk getirdi. Frontdan örän alysda ýerleşenem bolsa, uruş odunyň ýalny türkmen iline-de çabrady. Gerçek ýigitlerimiz ilkinjileriň hatarynda Watan goragyna gitdiler, olaryň müňlerçesine mähriban ojaklaryna dolanyp gelmek miýesser etmedi. Buýsançly ýeri, türkmenistanly esgerler hem gahrymanlarça söweşip, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň ajaýyp nusgasyny görkezdiler we Ýeňşi gazanmaga mynasyp goşantlaryny goşdular.

Gerçeklere tagzym edeliň!

«Gulluk» diýip, ýola düşen ogluny,Mertlik bilen ýola salypdyr ene.«Ýene-de görüşmek nesip bormuka?!»,Diýip, gözýaşyny sylypdyr ene. «Käbäm, sen aglama, gaýdyp gelerin,Gulluk geçer, penakäriň bolaryn.Atasyz ösdürdiň, gadryň bilerin,Nesip bolsa, ynha, men dolanaryn»