Goşa mukaddesligiň şanyna

10 Maý 2024
520

Kaka etrap kazyýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň, etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrapdaky 16-njy, 18-nji, 20-nji orta mekdeplerde “Konstitusiýa — bagtymyz, Tugumyz — buýsanjymyz” atly duşuşyklar geçirildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan duşuşyklara mekdep mugallymlary hem-de ýokary synp okuwçy ýaşlar gatnaşdy.

Duşuşyklarda çykyş eden jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri Esasy Konunymyzyň — Konstitusiýamyzyň we Döwlet baýdagymyzyň şanyna bellenilýän goşa toýuň ähmiýeti barada gürrüň berdiler. Bellenilişi ýaly, Türkmensitanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik ruhuny açyp görkezýän ajaýyp sene bolmak bilen, her birimiziň watançylyk ruhumyzy belende göterýär.

Gülbahar MÄMMEDOWA,
Kaka etrap kazyýetiniň kazyýet kätibi.