Gahrymanlara baky hormatyň nyşany

9 Maý 2024
555

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy welaýatymyzda ýokary ruhubelentlikde bellenip geçildi. Taryhy senä bagyşlanan esasy çäre Balkanabat şäherindäki «Baky ot» ýadygärliginiň ýanynda bolup, welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärler, hormatly ýaşulular, mährem eneler, ýaşlar ýadygärlige gül goýmak dabarasyna gatnaşdylar. Beýik Watançylyk urşunda ildeşlerimiziň görkezen edermenlikleri bu ýerde ýene bir gezek hormat bilen ýatlanyldy. Dabara ýygnananlar halk hakydasynyň mizemez nyşany bolan «Baky ot» ýadygärligine ter gülleri goýup, Watan üçin söweşen gerçekleriň gahrymançylygynyň öňünde tagzym etdiler.

Muhammetgylyç Tagangylyjow.
Surata düşüren Andreý Pakulow, «Balkan».