"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Dabaraly maslahat geçirildi

Welaýat kitaphanasynda agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagymyzyň güni mynasybetli «Golumyzda Baş Kanun, depämizde ýaşyl tug, röwşen geljege dowam, ýolumyza saçýar nur» atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýatymyzyň medeniýet-sungat işgärleri, Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda Baş Kanunymyzdan gözbaş alýan kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi diňe bir şu günüň däl, eýsem, geljegiň hem täze gözýetimlerini öz mazmunynda jemleýär. Hukuk kadalaryny kämilleşdirmek işlerine jemgyýetimiziň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň gatnaşdyrylýandygy bolsa berkarar Watanymyzda milli demokratiýanyň aýdyň dabaralanmasydyr.

Sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gümrük syýasaty has-da dabaralanyp, halkara gatnaşyklaryna giň gerim berilýär. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy daşary döwletleriň ençemesi bilen gümrük işlerinde halkara hyzmatdaşlygyny ýokary derejede alyp barýar. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen dünýäniň ençeme ýurtlarynyň gümrük gulluklarynyň arasynda sanly ulgam arkaly duşuşyklar, maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Türkiýe Respublikasynyň Gümrük we söwda ministrliginiň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanda 2024-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça Döwlet topary döredildi

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkymyzyň berekedi we azyk garaşsyzlygymyzyň kepili bolan bugdaýyň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmak, ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamak, ammarlara, elewatorlara bökdençsiz daşamak hem-de däne öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda, ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2024-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigine ýerlerde däne kombaýnlaryna tehniki hyzmat etmek işlerini talabalaýyk guramak arkaly orak möwsüminde olaryň öndürijilikli we bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi bilen şertnama baglaşmak esasynda ýygnalan bugdaý hasylynyň meýdanlardan kabul ediş nokatlaryna, şeýle hem ammarlara we elewatorlara wagtynda, ýitgisiz daşalmagyny, ulag serişdeleriniň bökdençsiz, ýokary netijeli işledilmegini üpjün etmäge borçly edildi. «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigine bugdaýy kabul ediş nokatlaryna, ammarlara, elewatorlara daşamakda beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem hususy eýeçilikdäki awtoulag serişdelerini şertnama

Söwda-kooperatiw mekdebinde okuw-usuly geňeşiň maslahaty geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebinde Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, şeýle-de Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda döredilen okuw-usuly geňeşiň maslahaty geçirildi. Maslahata Söwda-kooperatiw mekdebiniň direktory we mugallymlary, Arkadag we Aşgabat şäherleriniň, Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň direktorlarydyr okuw işleri boýunça orunbasarlary gatnaşdylar.

«Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy

11-nji maýda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky Magtymguly Pyragy muzeýinde 2024-nji — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de «Nesil» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan etmeginde geçirilen «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bäsleşigiň ýeňijilerine Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we gymmatbahaly sowgatlar, şeýle-de tapawutlanan eserleriň awtorlaryna höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Döredijilik bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň barşynda çykyş edenler ýaşlary gazanan üstünlikleri bilen gutlap, olara döredijilik äleminde täze ösüşli menzilleri arzuw etdiler. Bu ýerde balkanly sungat ussatlary özleriniň ajaýyp aýdym-sazly çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Dabara gatnaşan ýaşlar soňra Magtymguly Pyragy muzeýine aýlanyp, bu ýerdäki gymmatlyklar, şol sanda ýaş senetkärleriň döreden işleri bilen tanyşdylar.

Magtymguly – geçmişimiz, şu günümiz we geljegimiz

10-njy maýda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky Magtymguly Pyragy muzeýinde 2024-nji — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hem-de Balkan welaýatynyň häkimliginiň bilelikde guramaklarynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda «Magtymguly — geçmişimiz, şu günümiz we geljegimizdir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Ýaşlar guramasynyň dürli ulgamlarda zähmet çekýän agzalary, ylym we bilim işgärleri, halypa ýazyjy-şahyrlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýaş alymlar işjeň gatnaşdylar. Ylmy-amaly maslahatda çykyş edenler çuň manyly pikirleri bilen türkmen halkynyň berkarar döwletini islän Magtymguly Pyragynyň arzuwlarynyň Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiziň mynasyp dowam etdirýän döwlet syýasatynyň netijesinde sözüň doly manysynda amala aşandygyny nygtadylar.

Ata Watan ösüşlere beslenýär

«7/24. tm» №20 (207), 13.05.2024 Türkmenistanyň Prezidenti Bäherdensement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Bütindünýä ähmiýetli gazna

«7/24. tm» №20 (207), 13.05.2024 Mätäje goldaw bermek, kyn pursatda hemaýat etmek halkymyzyň häsiýetidir aň-düşünjesiniň, durmuşda eýerýän ýörelgesiniň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Gadymdan gelýän bu asylly däplerimiz ene-atasyndan galan, howandarlyga mätäç çagalary aýratyn üns-alada bilen gurşap almaga halkymyzy borçly edýär. Ata-babalarymyz ynsanperwerligiň ýokary derejesini görkezýän, milli kadalarymyza esaslanýan bu däplere gyşarnyksyz eýerip gelipdir. Ösüp gelýän nesilleri, howandarlyga mätäç çagalary durmuş taýdan goldamak, olaryň saglygyny dikeltmäge ýardam bermek, bagtyýar ýaşamaklary üçin amatly şertleri döretmek we olarda ýokary ynsanperwer häsiýetleri kemala getirmek maksady bilen döwletimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän işler bimöçberdir. Bu babatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna aýratyn orun degişlidir. Bu gazna diňe bir ýurdumyzyň ýaşajyk raýatlaryna durmuş goldawyny bermek bilen çäklenmän, eýsem, daşary döwletleriň çagalaryna hem hemaýat edýär.

Ýurt baýdagyndan belli

«7/24. tm» №20 (207), 13.05.2024 Döwlet nyşanlary halkymyzyň sarsmaz bitewüligini, olara goýulýan hormat-sarpa bolsa parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik we döredijilik ýaly asylly ýörelgelere üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar.

Budur türkmen binasy

«7/24. tm» №20 (207), 13.05.2024 Halkymyzyň umumymilli şahyry hasaplanýan Magtymguly Pyragy külli ynsan kowmunyň ruhy genji-hazynasynyň baýlaşmagyna, aňyýetiniň kämilleşmegine ägirt uly goşant goşan şahyrdyr. Dünýäniň halklary türkmenleriň iň gowy häsiýetleri, baý adamkärçilik sypatlary bilen Magtymguly Pyragynyň şygyrlary arkaly has ýakyndan tanşyp bilýärler. Mundan başga-da, olar beýik akyldaryň eserlerinden daşymyzy gurşap alan tebigat hem jemgyýet bilen nähili sazlaşykda ýaşamalydygyny görüp bilýärler. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmeniň halk hakydasynyň üznüksizliginiň, dowamat-dowamlylygynyň üpjün edilmegine ýardam edipdir.

Pyragynyň waspy ýaşlaryň dilinde

«7/24. tm» №20 (207), 13.05.2024 Döwürlere we eýýamlara ýaň salan beýik şahyr Magtymguly Pyragy dünýä edebiýatynyň, medeniýetiniň, filosofiýa ylmynyň parlak ýyldyzydyr. Ýiti şöhlesi bilen gözleri gamaşdyryp barýan ýyldyzyň islendik ýerden islendik wagtda görnüşi ýaly, şahyryň gyzyldan gymmatly, almazdan ýiti döredijiliginiň ömrüni, at-owazasyny hiç bir zat çäklendirip bilmeýär. Oňa geografik giňişlik hem, wagt birlikleri hem kär edenok. Çünki Magtymguly Pyragy Hakdan içen şahyr diýlip tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy» diýip belläp geçişi ýaly, şahyryň ýürekden çykan eserleri ýüreklere baryp, külli ynsanyýetiň aňynda hemişelik ýaşaýar. Onuň halkylygy bilen tapawutlanýan döredijiliginiň umumadamzadyň ruhy dünýäsinde ebedi ýaşaýşy ýaly, bu beýik şahsyýetiň pähim-paýhasynyň waspy hem dürli dillerde soňlanmajak dessan bolup müdimi ýaňlanýar.

Sport hakynda kanunçylyk

«7/24. tm» №20 (207), 13.05.2024 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimiziň sport syýasaty, sport diplomatiýasy dünýä ýüzünde giňden dabaralanýar.

Täze awtobuslar — ilatyň hyzmatynda

8-nji maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Ahalawtoulag» önümçilik birleşigine 200-e golaý ýolagçy awtobusy, şeýle-de Bäherden etrap hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyndan kämil lukmançylyk enjamlary sowgat hökmünde gowşuryldy. Bu wakalar Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň we Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasynyň ulanmaga berilmegine bagyşlanan dabaralaryň şatlygyny has-da artdyrdy. Ýeri gelende, Ahal welaýatynyň ilatyna ýokary hilli we medeniýetli hyzmat etjek awtobuslaryň kümüş saçly enelerimiziň gatnaşmagynda, milli däp-dessurlarymyza laýyklykda ýüze sylynyp, ak un sepilip, uly guwanç bilen kabul edilendigini, olaryň halka uzak wagt, tehniki taýdan gurat we ýokary derejede hyzmat etmeginiň arzuwlanandygyny bellemelidiris.

Belent maksatdan ugur alýan beýik işler

«Berkarar döwletimiziň durmuş-ykdysady kuwwaty, medeni ösüşi halkymyzyň bagtyýarlygy, abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Şu belent maksatdan ugur alyp, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgelerimize laýyklykda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet, syýahatçylyk ulgamlarynda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrýarys» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar. Bu sözleriň ajaýyp zamanamyzyň beýik hakykatydygyny döwlet Baştutanymyzyň ýakynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi hem aýdyň görkezdi.

Ho­şal­lyk mas­la­ha­ty

7-nji maý­da Aş­ga­bat şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň Ýö­ri­te­leş­di­ri­len küşt we şaş­ka mek­de­bin­de Türkmenistanyň Prezidentiniň adyn­dan 1941 — 1945-nji ýyl­la­ryň Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da Ýe­ňiş gü­ni my­na­sy­bet­li uruş we­ta­ran­la­ry­na, şeý­le hem uruş­da we­pat bo­lan es­ger­le­riň ýan­ýol­daş­la­ry­na gym­mat ba­ha­ly sow­gat­la­ryň gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­sy my­na­sy­bet­li ho­şal­lyk mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Türk­me­nis­ta­nyň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­tiniň hem-de Aş­ga­bat şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň gura­ma­gyn­da ge­çi­ri­len mas­la­hat­da edi­len çy­kyş­lar­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, 1941 — 1945-nji ýyl­la­ryň Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da Ýeň­şiň ga­za­nyl­ma­gy­na türk­men hal­ky hem my­na­syp go­şant goş­dy. Müň­ler­çe wa­tan­da­şlary­myz beý­le­ki do­gan­lyk halk­la­ryň we­kil­le­ri bi­len egin-eg­ne be­rip, ýo­wuz duş­ma­na berk gaý­ta­wul ber­mek­de, azat­ly­gy, ba­ky er­kin­li­gi, mu­kad­des top­ra­gy go­ra­mak­da mert­li­giň, gah­ry­man­çy­ly­gyň nus­ga­sy­ny gör­kez­di. Ga­zap­ly uruş ýyl­la­ry­nyň jan­ly şa­ýat­la­ry bo­lup, ara­myz­da ýa­şap ýö­ren uruş we zäh­met we­te­ran­la­ry­nyň öwüt-ün­dew­le­ri ýaş­la­ry wa­tan­çy­lyk, gaý­duw­syz­lyk, eder­men­lik ýa­ly be­lent ah­lak hä­si­ýet­le­rin­de ter­bi­ýe­le­mek­de uly

Şöhratly geçmişiň hem şu günüň beýany

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp kitabynda şeýle sözler bar: «Sen adamlaryň dilinden bir ömürde öwrenip bilmejek zatlaryňy kitapdan bir aýda öwrenip bilýärsiň». Ine, şu dürdäne jümleden görnüşi ýaly, adamlaryň durmuşynda kitabyň eýeleýän orny örän ýokarydyr. Özi-de, bu adamzadyň taryhynyň tutuş dowamynda dabaralanyp gelýän hakykatdyr. Merdana pederlerimiz hem şan-şöhrata beslenen taryhynyň ähli döwründe öz nesillerini kitaplarda öňe sürülýän edep-kadalaryň, pähim-paýhaslaryň üsti bilen terbiýeläpdirler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny okap çykanyňdan soňra, Milli Liderimiziň adamlaryň dilinden bir ömürde öwrenip bilmejek zatlaryňy kitapdan bir aýda öwrenip bilýändigiň barada aýdanlarynyň durmuşyň mizemejek hakykatydygyna kemsiz göz ýetirýärsiň. Bilşimiz ýaly, döwlet Baştutanymyzyň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary ýurdumyzyň çar künjeginde bir-birine ulaşdy we şol çäreleriň özi hem halkymyzyň kitaba goýýan sarpasynyň diňe tarypa mynasypdygyny bütin aýdyňlygy bilen görkezdi.

Behişdi be­dew­le­re buý­sanç

Hal­ky­my­zyň uçar ga­na­ty­na de­ňel­ýän ahal­te­ke be­dew­le­ri­miz asyr­lar­bo­ýy toý-baý­ram­la­ry­my­zyň be­ze­gi­dir. Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de be­hiş­di be­dew­le­ri­mi­ze go­ýul­ýan hor­mat-sar­pa­nyň has-da be­len­de gö­te­ri­len­di­gi­ne «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da giň­den bel­le­ni­lip ge­çi­len Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my­nyň dün­ýä ýaň sa­lan da­ba­ra­la­ry­nyň my­sa­lyn­da ýe­ne bir ýo­la aý­dyň göz ýe­tir­dik. Aba An­na­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra at­çy­lyk aka­de­mi­ýa­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len da­ba­ra­lar bol­sa be­hiş­di be­dew­le­ri­mi­ziň döw­let de­re­je­sin­de uly üns-ala­da bi­len gur­şa­lan­dy­gy­nyň, ola­ra söý­gi-buý­san­jyň eg­sil­mez­di­gi­niň gü­wä­si­ne öw­rül­di di­ýip buý­sanç bi­len aý­dyp bi­le­ris. Ta­ry­ha al­tyn harp­lar bi­len ýa­zy­lan çä­re­le­riň do­wa­myn­da Arkadagly Gahryman Serdarymyza at­çy­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek ba­ra­da­ky ala­da­la­ry­na çäk­siz ho­şal­ly­gyň ny­şa­ny hök­mün­de ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ry­nyň, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň adyn­dan aja­ýyp ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň, Ar­ka­dag şä­he­ri­niň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň hem-de Ar­ka­dag şä­he­ri­niň Kä­ri­zek

Arzuwlary wysal bolan akyldar

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreleriň giň gerimde geçirilmegi üçin ähli şert-mümkinçilikler üpjün edildi. Şu günler dünýäniň çar künjeginde ýaýbaňlanýan dabaraly çäreler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylyň şanly wakalarynyň hatarynda mynasyp orun eýeleýär. Bu çäreler Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň, bagtyýar halkymyzyň öz beýik akyldaryna söýgi-buýsanjynyň egsilmezdigini görkezýär. Türkmen halkynyň berkarar döwletli bolmagynyň, il agzybirliginiň, ýurt parahatçylygynyň küýseginde gezen söz ussadynyň arzuwlan, köp garaşan eýýamy bolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşamak, amala aşyrylýan beýik işlere şaýat bolmak we goşant goşmak bagtynyň miýesser edýändigi üçin hem biz özümizi bagtyýar adamlar saýmalydyrys. Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň şan-şöhraty ajaýyp zamanamyzda dünýä dolýar. Beýik şahyryň bu gün Ýer ýüzüniň halklarynyň dillerine terjime edilen ajaýyp şygyrlarynda durmuşyň ähli ugurlaryna degişli öwüt-nesihatlar beýan edilýär. Saglygy, sagdyn durmuşy wagyz edýän, zyýanly endikleri paş edýän goşgulary miras galdyran dana Pyragynyň döredijiliginiň içinden watansöýüjilik, halal ýaşamak, ýagşylyk, edep-ekramlylyk ýaly belent adamkärçilik häsi

Bag­ty­ýar­ly­gyň göz­ba­şy

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­myz­da jem­gy­ýe­ti­mi­ziň sag­dyn­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­niň, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň äh­li ul­gam­la­ry gur­şap al­ma­gy, mil­li spor­tu­my­zyň tä­ze be­lent­lik­le­re gö­te­ril­me­gi üçin äh­li şert-müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­ýän­di­gi­ni bel­le­mek diý­seň ýa­kym­ly­dyr. Hä­zir­ki wagt­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry hem-de nus­ga­lyk gö­rel­de­le­ri ne­ti­je­sin­de spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri ar­ka­ly sag­ly­gy­ňy pug­ta­lan­dyr­mak Di­ýa­ry­myz­da umu­my­mil­li ýö­rel­gä, öz­bo­luş­ly güý­je öw­rül­di di­ýip buý­sanç bi­len aý­dyp bi­le­ris. Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideriniň we hormatly Prezidentimiziň köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni, spor­ty ös­dür­mek ba­bat­da ama­la aşyr­ýan be­ýik iş­le­ri we ba­dal­ga ber­ýän be­lent tu­tum­la­ry Di­ýa­ry­myz­da ge­çi­ril­me­gi asyl­ly dä­be öw­rü­len köp­çü­lik­le­ýin me­de­ni-sport çä­re­le­rin­de has-da aý­dyň ýü­ze çyk­ýar. Şan­ly se­ne­ler, baý­ram­çy­lyk­lar my­na­sy­bet­li gu­ral­ýan şeý­le çä­re­le­riň, esa­san hem, Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­nün­de we Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­nün­de gu­ral­ýan çä­re­le­

Aň-paýhas bäsleşigi

28-nji aprel – 6-njy maý aralygynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli küşt boýunça 8,10,12,14,16 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda Daşoguz welaýatynyň birinjiligi geçirildi. Ýaryş iki tapgyrdan ybarat bolup, her ýaş aýratynlykda iň gowy netije görkezen 16 oglan we