Arzuwlary wysal bolan akyldar

10 Maý 2024
410

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreleriň giň gerimde geçirilmegi üçin ähli şert-mümkinçilikler üpjün edildi. Şu günler dünýäniň çar künjeginde ýaýbaňlanýan dabaraly çäreler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylyň şanly wakalarynyň hatarynda mynasyp orun eýeleýär. Bu çäreler Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň, bagtyýar halkymyzyň öz beýik akyldaryna söýgi-buýsanjynyň egsilmezdigini görkezýär. Türkmen halkynyň berkarar döwletli bolmagynyň, il agzybirliginiň, ýurt parahatçylygynyň küýseginde gezen söz ussadynyň arzuwlan, köp garaşan eýýamy bolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşamak, amala aşyrylýan beýik işlere şaýat bolmak we goşant goşmak bagtynyň miýesser edýändigi üçin hem biz özümizi bagtyýar adamlar saýmalydyrys.

Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň şan-şöhraty ajaýyp zamanamyzda dünýä dolýar. Beýik şahyryň bu gün Ýer ýüzüniň halklarynyň dillerine terjime edilen ajaýyp şygyrlarynda durmuşyň ähli ugurlaryna degişli öwüt-nesihatlar beýan edilýär. Saglygy, sagdyn durmuşy wagyz edýän, zyýanly endikleri paş edýän goşgulary miras galdyran dana Pyragynyň döredijiliginiň içinden watansöýüjilik, halal ýaşamak, ýagşylyk, edep-ekramlylyk ýaly belent adamkärçilik häsiýetleri eriş-argaç bolup geçýär. Şol şygyrlarda beýan edilýän öwüt-nesihatlary öz durmuşymyzda berjaý etmek bolsa, Magtymguly Pyraga bolan söýgi-buýsanjymyzyň, ýüregimiziň töründen gaýdýandygynyň güwäsi bolup dabaralanýar.

Matlubahon MATÝAKUBOWA,
Ahal welaýatynyň döwlet arhiwiniň ylmy maglumat toplumy boýunça uly ylmy işgäri.