Pyragynyň waspy ýaşlaryň dilinde

13 Maý 2024
365

«7/24. tm» №20 (207), 13.05.2024

Döwürlere we eýýamlara ýaň salan beýik şahyr Magtymguly Pyragy dünýä edebiýatynyň, medeniýetiniň, filosofiýa ylmynyň parlak ýyldyzydyr. Ýiti şöhlesi bilen gözleri gamaşdyryp barýan ýyldyzyň islendik ýerden islendik wagtda görnüşi ýaly, şahyryň gyzyldan gymmatly, almazdan ýiti döredijiliginiň ömrüni, at-owazasyny hiç bir zat çäklendirip bilmeýär. Oňa geografik giňişlik hem, wagt birlikleri hem kär edenok. Çünki Magtymguly Pyragy Hakdan içen şahyr diýlip tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy» diýip belläp geçişi ýaly, şahyryň ýürekden çykan eserleri ýüreklere baryp, külli ynsanyýetiň aňynda hemişelik ýaşaýar. Onuň halkylygy bilen tapawutlanýan döredijiliginiň umumadamzadyň ruhy dünýäsinde ebedi ýaşaýşy ýaly, bu beýik şahsyýetiň pähim-paýhasynyň waspy hem dürli dillerde soňlanmajak dessan bolup müdimi ýaňlanýar.

Gülnar GELDIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki saz ugruna ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.