"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmeniň saryja goýny

Saryja goýunlary ata-babalarymyz tarapyndan halk seçgiçiligi arkaly döredilendir. Bu mallaryň et-ýagy, ýüňi çykymly bolýar. Saryja goýunlaryndan bolan erkek toklular seçilenden soň, dört aý öri meýdanynda bakylanda we goşmaça iýmlenip, sekiz aýlyk bolanda, olaryň diri agramy 43-44 kilograma, et-ýagynyň agramy 22-23 kilograma ýetýär. Biçilen işşekler öri meýdanlarynda goşmaça iýmlenip bakylanda, olaryň diri agramy 50-51 kilograma ýetýär, et-ýagynyň çykymy hem 50-51 göterim bolýar. Bu goýunlaryň et-ýag almak üçin baga bakmaga has amatlysy 5-6 ýaşlaryndakylarydyr.

Sumbar jülgesiniň bezegi

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamagyň, köpeltmegiň, geljekki nesillere ýetirmegiň şu günki günüň wajyp meseleleriniň biridigini nygtaýar. ªundan ugur alnyp, ýurdumyzda ykdysady ösüşi daşky gurşaw bilen sazlaşykly alyp barmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn we geljegi nazarlaýan ekologiýa syýasaty ýöredilýär. Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, olary aýawly we rejeli peýdalanmak, ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak, ýurdumyzda we sebitde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Guşlar — gözel tebigatymyzyň bezegi, şolar bilen tebigat gözelligi özboluşlylyga eýe bolýar. Olar özleriniň daşky görnüşi, ýaşaýyş aýratynlyklary bilen gadymy döwürlerden bäri adamlaryň üns merkezinde bolupdyr. Dogrudan-da, olar — örän gözelligi we ýakymly owazy bilen özüne çekiji, haýran galdyryjy, ruhuňy göteriji. Guşlar dünýäde haýwanlaryň iň işjeň hereketli topary bolup, olar zeminiň ähli ýerlerinde: obadyr şäherlerde, tokaýlardyr çöllüklerde, gury ýerlerdir köllerde, deňizlerde, daglarda, daglaryň gowaklarynda mekan tutýarlar.

Guşlar gyşlamaga gelýär

Guşlaryň gözelligi gadymy döwürlerden bäri adamlaryň ünsüni özüne çekip gelýär. Hazar sebitiniň türkmen kenary suw we batgalyk guşlarynyň uçup geçýän ýollarynda ähmiýetli ýerleriň biri bolup, onuň ýyly howasy, baý iýmitli suw ýataklary dürli görnüşli guşlary özüne çekýär. Müňlerçe suw we batga guşlary arly gyşy şu ýerde geçirýärler. Guşlar, esasan, Hazaryň kenarýakasynyň günorta-gündogar bölegindäki Türkmenbaşy, Balkan, Mihaýlowsk we Demirgazyk Çeleken aýlaglarynyň çäklerine ýaýraýarlar. Munuň esasy sebäbi sebitiň asudalygy we guşlar üçin iým gorunyň bolçulygydyr. Guşlaryň rahat gyşlamagy üçin goraghananyň işgärleri öňünden taýýarlyk görýärler. Guşlaryň gyşlamaga gelýän döwri deňiz giňişligine ser salsaň, göwnüň göterilip, kalbyň joşa gelýär. Gyşlamaga üýşen guşlary göreniňde, haýran galýarsyň. Süri-süri gyzylgazlar gülgün reňkli bulutlar ýaly görünýär. Kenarýaka zolakda köp sanly sakarbaraklaryň, guwlaryň, ýaşylbaş, jygaly we jünekeý ördekleriniň, reňki we biologiýasy täsin uly gyzyl ördekleriň we alagazlaryň iýmlenip ýörenlerine gözüň düşende, ajaýyp tebigatyň gözelligine guwanýarsyň.

Kebelekleriň dünýäsi

Mähriban çagalar, dünýädäki iň owadan hem-de iň ejizje jandar näme diýilse, hemmejäňiz «kebelek» diýip, jogap berersiňiz. Dogrudan hem, kebelekleriň dürli reňkli ganatlaryndaky nagyşlaryň owadanlygy, olaryň howada pel-pelläp gaýyp ýörşi hemmeleriň kalbyny joşdurýan bolsa gerek. Amerikanyň Florida ştatynda ýerleşýän «Kebelekleriň dünýäsi» diýlip atlandyrylýan seýilgäh dünýädäki iň täsin hem-de ýakymly ýerleriň biridir. Bu ýerde ýigrimi müňden gowrak kebelejikler ýaşaýar we bu täsin jandarlaryň gözelliginden lezzet almak isleýän islendik adam giriş petegini alyp, seýilgähde seýil edip bilýär.

Açgöz garga (Iňlis tymsaly)

Asmanda gezýän jandarlaryň şasy bolan bürgüt düzde agaýana otlap ýören goýun sürüsiniň üstünden öwrüm etdi-de, birden aşaklygyna gaýtdy. Süriniň içinde dünýäň gaýgysyny etmän gezip ýören guzujygy kuwwatly penjesine gysyp, asmana göterilip, ýitip gitdi. Bu wakany gören garga: «Şunuň ýaly äpet guş bolubam, alyp gidýäni bir kiçijik guzy. Ähli ganatlylaryň şasy halyňa dagy aw edeniňde, haýwanlaryň iň naýbaşysyna ýapyşmaly ahyry» — diýip gargyndy. Garaz, garganyň bürgüdiň hereketine göwni ýetmedi. Göwnünde bir uly goýny penjesine gysaga-da, asmana göterilip, bürgüde görünmek, öwünmek isledi. Bürgüdiň edişi ýaly, süriniň üstünden öwrüm etdi-de, goýunlardan iň naýbaşysyny saýlady. Bürgüt kimin asmandan indirilip gaýtdy-da, saýlan goýnuny penjesinde göterip, uçmak isledi, ýöne goýun ýerinden gozganar ýaly däl. Garga goýnuň derisinden tutýandyryn öýdüp, özüniň dyrnakly aýaklaryny goýnuň ýüňüne has mäkäm çolaşdyrdy.

Muny bilmek gyzykly

■ Arylara Antarktidadan başga dünýäniň islendik künjeginde duş gelmek bolýar. ■ Atlar we sygyrlar dik durup dynç alýar.

Durnalar — güýzüň görki

Gör, indi näçe gezekler obamyzyň çagalary bolup, durnalar bilen hoşlaşyp, olaryň sag-aman gyşlap, ýene ýazda dolanyp gelmegini arzuw edipdik. Tebigatyň hasap guşy bolan durnalar gitmäge taýýarlanyp ugran bolsalar, diýmek gyşyň gapymyzy kakjak günleriniň daşda däldiginden habar berýärdi. Durnalar şahyrlaryň döredijilik dünýäsinde hem mynasyp orun alypdyr. Durnalar topar bolup ýaşaýarlar. Her toparyň hem öz toparbaşysy bolup, ol baryljak ýere belet bolýar. Olar uzak ýola uçanlarynda, toparyň başyny ýaş durna çekýär. Sarygamyş kölünde mekan tutan durnalar alty aý ýaşap, güýz golaýlanda şol ýerde kemala gelen ýaş durnalary, ýola şaýlanmazdan öň, uzak ýola taýýarlap ugraýarlar. Uly ýaşly durnalar 6 aýlyk ýaş durnalary her günde az-azdan, ilki pessaý uçup, ýakyn aralyga uçmaga türgenleşdirýärler.

Welaýatymyzda täze duş gelýän kebelekler

Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgärleriniň geçiren ylmy gözegçilikleriniň netijesinde, 2021-nji ýylda S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Bossan geňeşliginiň çäginde ýerleşýän, «Mürzebaşy» diýlip atlandyrylýan kiçeňräk tokaýda we Akdepe şäheriniň çäklerinde seýrek duş gelýän, ýitip barýan görnüş bolan, Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 2-nji, 3-nji neşirlerine girizilen, hüwipisint kebelekler maşgalasyndan toraňňy kebeleginiň duş gelýändigi ýüze çykaryldy. Bu görnüş diňe Türkmenistanyň däl, eýsem Özbegistanyň, Gazagystanyň hem Gyzyl kitaplaryna girizilendir. Ylmy çeşmelerde bu kebelegiň diňe Sumbar, Tejen, Murgap derýalarynyň jülgelerinde, Amyderýanyň orta akymynda duş gelýändigi barada maglumatlar bar. Mundan başga-da, şu ýylyň ýanwarynda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň şor suw akabasynyň ugrunda, Atabaýşor kölüne ýakyn meýdanlara gözegçilik geçirilip ýörlen wagtynda garyşlaýjylar maşgalasyndan «perli haýmoptena» atly, ganatlarynyň gerimi 16-17 millimetre deň bolan seýrek duş gelýän kebelejik Demirgazyk Türkmenistanda ilkinji gezek hasaba alyndy. Öň ýurdumyzda diňe Repetek goraghanasynda duş gelýän, Merkezi Aziýanyň we Gazagystanyň endemigi hasaplanýan, Gazagystanyň Gyzyl kitabyna girizilen bu görnüşiň biziň welaýatymyzyň meýdanlarynda duş gelip başlamagy «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitiň tebigatynyň baýlaşmagyna edýän oňyn täsiriniň aýdyň subutnamasydyr.

Alajagözen

Alajagözen ýurdumyzda giňden ýaýrandyr. Daşky sypatynyň aladygy, islendik howpa garşy hilegärlik, çalasynlyk, goranyş hem hüjüm endiklerine türgendigi üçin ol il arasynda «alajagözen», «alajagözek», «alajaöwzen» atlary bilen tanalýar. Ol süýdemdirijiler toparynyň samyrlar maşgalasyndan bolup, ys mäzi oňat ösen haýwandyr. Bu ýyrtyjy çöllük, ýarym çöllük, dag etegindäki düzlük we baýyrlyk ýerleri halaýar, maşgala bolup ýaşaýan gemrijileriň toplanan ýerinde mekan tutýar. Özleri hin gazynmaýarlar, gemrijileriň sürenlerinde ýaşaýarlar. Olar gündizine hinlerde dynç alyp, iňrik garalanda, gijesine aw edýärler. Seýrek ýagdaýda ir salkyn wagty aw edýän alajagözenlere hem duşmak bolýar. Alajagözeniň bedeniniň uzynlygy 28 — 35, guýrugynyňky bolsa 12 — 18 santimetr bolýar. Onuň tumşugy süýri, kellesi kiçi hem inçe, gulagynyň uly we ujunyň çüri, aýaklarynyň kelteden daýaw bolmagy ýyrtyjylaryň gemrijileriň süreniniň içinde hereket etmäge we gijesine aw üçin uzak ýerlere aýlanmaga uýgunlaşandygyny görkezýär. Gara-ala reňki ony gijesine töweregine çalymdaş edýär we ýyrtyjylaryň howpundan goraýar.

Tebigatyň sazlaşygy

Ähli janly-jandarlar elmydama tebigat bilen özboluşly sazlaşykda ýaşaýarlar. Olaryň ýaralanan ýa-da näsaglan wagtlary öz-özlerini bejerýändikleri barada käbir mysallar:

Gara leglek

Gara leglek leglekler maşgalasyna degişli guşdur. Ol daglarda, dag eteklerinde, derýa jülgelerinde we suwa golaý ýerlerde, medeni zolaklarda ýaşaýar. Bu guş uçup geçýän, käbir ýyllarda höwürtgeleýän guşlara degişlidir. Ýazyna fewral aýynyň ahyryndan apreliň soňuna çenli, güýzüne sentýabryň ikinji ýarymynda we oktýabrda uçup geçýär. Gara leglek daglardaky gaýalaryň gowaklarynda, kertlerinde höwürtge ýasanýar we onda 3-4 sany ýumurtga goýýar. Jüýjeleri 62-63 günläp höwürtgede ýaşaýarlar, soňra uçmaga başlaýarlar.

Jandarlar nähili uklaýarlar?

Delfinler hiç wagt uklamaýarlar. Emma olaryň dynç alýan wagtlary beýnisiniň diňe ýarysy işleýär, beýleki ýarysy bolsa dynç alýar.

Muny bilmek gyzykly

Sugun

Amyderýanyň kenaryndaky jeňňelligiň tebigy gözellikleri goralyp saklanýar we ylmy taýdan öwrenilýär. Ýakynda Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň we Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň hünärmenleri bilen bilelikde iş saparynda bolduk. Şonda jeňňelligiň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň täsinlikleri hem-de gören wakamyz bizde uly täsir galdyrdy. Gadyrly çagalar, şol waka sizi hem gyzyklandyrsa gerek.

Ýyldyz balygy

Haýwanat dünýäsi Bu deňiz jandary daşky görnüşi taýdan hemmeleriň ünsüni özüne çekýär. Ýyldyza meňzeş bolany üçin, oňa ýyldyz balygy diýilýär. Oňa bu at 1830-njy ýylda fransuz zoology tarapyndan berilýär. Bu täsin jandarlar sowuk deňiz suwuna çydamly bolup, deňiz derejesinden 6000 metr çuňlukda hem ýaşap bilýärler. Olaryň gyzyl, sary, gök we goňur reňkli görnüşleri bardyr. Bu balyklar süýji suwda ýaşap bilmeýärler. Olara deňziň kenarlarynda köp duş gelmek bolýar.

Guşlar barada gyzykly maglumatlar

Guşlary öwrenýän ylma ornitologiýa diýilýär. Guşlar Ýer togalagynyň ähli ýerinde ýaşaýar. Häzirki wagtda ylma guşlaryň 10699 görnüşi belli.

Suwýylan

Suwýylanlar Hazar deňziniň kenar ýakasynyň hem-de adalaryň saý suwlarynda ýaşaýarlar. Suwda ýaşamaga uýgunlaşan ýylanlar köpelmek we tutan awyny iýmek üçin kenara çykýarlar. Olaryň bedeni ownuk teňňejikler bilen örtülip, gursagy gyzylymtyl-sary bolup, öwşün atýar. Arkasy çal, gapdal tarapynda uzyn zolak bolýar. Uzynlygy 130 santimetre ýetýär, kähalatlarda ondan hem geçýär. Ak we gara suwýylanlar seýrek duş gelýär.     Ýylanlar ýylylygy halaýarlar. Şeýle bolansoň, howa maýlanda oýanyp başlaýarlar. Tomus aýlary olara Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň meýdanlarynda we onuň daşynda köp duş gelmek bolýar. Suwýylanlar howp abananda, çalasynlyk bilen suwa çümýärler. Wagtynyň köpüsini suwda geçirýän ýylanlar gomuň we akymyň garşysyna ýüzüp hem çümüp, uzak wagtlap suwuň düýbünde saklanyp bilýärler. Ýaz aýlary kenara çykyp, güneşläp ýatýarlar, howa gyzanda, daşlaryň, guran suw otlarynyň we gyrymsy agaçlaryň arasynda bukulýarlar. Säher bilen we öýleden soň salkyn düşende, ýene suwa girip, balyk awlamagyň ugruna çykýarlar. Olaryň esasy iýmiti suwuň düýbünde ýüzýän müňňürtlerdir.

Bileniň — baýlygyň

Düýe maly hakda kelam agyz... Düýeler adamzat ýaşaýşynda hojalygy dolandyrmakda adamzada uly goltgy berip gelipdirler. Türkmen topragynda ösüp-örňäp, türkmen sähralygynda ösýän dermanlyk ösümliklerden iýip, adam saglygyny bejermekde tebigy derman döredip ýören arwana düýelerimiziň il-günümize durmuşyň ähli babatlary üçin ähmiýeti örän ýokarydyr.

Bileniň — baýlygyň

Towşanlar Türkmenistanyň özüne mahsus tebigaty bar. Onuň haýwanat, ösümlik dünýäsi baý we özboluşly. Gyzyl gotan, gulan, garagaýçak ýylan ýaly haýwanlar diňe biziň ýurdumyzda duş gelýär. Bir gapdaly Bahry-Hazar, bir gapdaly Jeýhun derýa, dag ýerinde dagy, düz ýerinde düzi, derýa ýerinde derýasy bolan bu gözel mekan biziň ata Watanymyzdyr.

Laçyn belent uçýar

Belent gök asmandaGanatyn açyp,Parahatlyk nurunÄleme saçyp,Uçýan ak laçyn,Seň bilen ýüreklerŞeýle päk, laçyn. Görüp beýik daglaňBeýikligini,Has belent uçýaň.Sen beýik durmuşyň Törüne geçýäň.