Owadan ördek (Täsin jandar)

22 Noýabr 2021
4108

Ördekleriň dürli görnüşleri bolup, köpüsi owadanlygy bilen tapawutlanýar. Şol sebäpli adamlar ördegi gowy görýärler. Ördek multfilm gahrymanlarynyň, oýnawaç ördekleriň bolmagam ýöne ýerden däldir. Tebigy şertlerde ýaşaýan ördekleriň iň owadany Mandarin ördegi hasaplanýar. Dürli reňkli ýelekleri bolan bu ördekler, esasan, Ýaponiýada, Hytaýda we Russiýada ýaşaýarlar. Seýrek duş gelýän bu jandarlaryň sany o diýen köp däl. Guşlar maşgalasynyň ählisinde bolşy ýaly, olaryň horazlary has köp reňkli bolýar. Mandarin ördekleri kölleriň, derýalaryň golaýyndaky agaç köweklerinde höwürtge ýasanýarlar. Olar, esasan, ösümlikler hem-de tohumlar bilen iýmitlenýärler. Şeýle-de suwdaky kiçiräk balyklary we beýleki jandarlary hem awlaýarlar. Täsin hem owadan ýelekleri bilen tapawutlanýan bu ördekler öý şertlerinde hem saklanýar. Çüňki gyzyl, gözüniň gyralary ýarym Aý görnüşli ak, ýüzi we çekgeleri gyzylymtyl bolýar. Olaryň döşünden dikligine ak çyzyk geçýär. Reňkleri bolsa benewşe reňkli bolýar.

Bakymyrat BEGJANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.