Türkmeniň saryja goýny

22 Noýabr 2021
4211

Saryja goýunlary ata-babalarymyz tarapyndan halk seçgiçiligi arkaly döredilendir. Bu mallaryň et-ýagy, ýüňi çykymly bolýar. Saryja goýunlaryndan bolan erkek toklular seçilenden soň, dört aý öri meýdanynda bakylanda we goşmaça iýmlenip, sekiz aýlyk bolanda, olaryň diri agramy 43-44 kilograma, et-ýagynyň agramy 22-23 kilograma ýetýär.

Biçilen işşekler öri meýdanlarynda goşmaça iýmlenip bakylanda, olaryň diri agramy 50-51 kilograma ýetýär, et-ýagynyň çykymy hem 50-51 göterim bolýar. Bu goýunlaryň et-ýag almak üçin baga bakmaga has amatlysy 5-6 ýaşlaryndakylarydyr.