"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Döredijilik dünýäsi

«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024 Ar­ka­dag­ly Ser­da­ra

Şahyr, taryh hem miras hakynda

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dürli çäreler bilen birlikde, onuň döredijiligine, edebi mirasymyza, şöhratly taryhymyza bagyşlanan eserler hem çap edilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň çapdan çykmagy bu ugurdaky asylly işlere badalga berdi. Magtymguly atamyzyň uludan bellenilýän ýubileýi mynasybetli neşir edilýän kitaplar mazmun taýdan dürli-dürli bolsa-da, olarda beýik şahsyýetlerimiz, edebi mirasymyz, şöhratly taryhymyz özboluşly beýan edilýär. «Kitap okan gullar magnydan dokdur,//Anlaryň kalbynda şeýtan bolarmy?» diýen akyldar şahyrymyz kitaba, söze belent sarpa goýupdyr. Şonuň üçin-de şahyryň baý mazmunly döredijiliginiň dünýäde giňden dabaralandyrylýan ýylynda şeýle kitaplaryň çap edilmegi halkymyz üçin özboluşly sowgatdyr. Ýakynda «Ylym» neşirýaty tarapyndan çap edilen kitap «Arkadag hem Pyragy — pähim-paýhas ummany» diýlip atlandyrylypdyr. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty tarapyndan akyldar şahyryň ýubileý senesi mynasybetli çapa taýýarlanan bu ylmy ýygyndyda şahyryň döredijiligine bagyşlanan makalalara uly orun berlipdir. Kitapda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dürli taraplary barada söz açylýar.

Duýguly dünýä

ŞAHYR TÄLEÝI Ýagyş ýagdy dünýäň ýüzünsuw-sil edip,Ýuwup bilmän ýürekleri,Ezip bilmän niýetlerihem-de guran pikirleri...Ýagyş muňa gahar edip,Ýaman ýagdy, ýagşy ýagdy...«Ýagşy juda gowy görýän»Diýýänlerem gaçdy bu gün.Gizlendiler päk ýagyşdan,Busup oturdylar öýde.

Şygryýet bossany

ÝAŞ ÇAPAR Ähli duşuşyklaň üýtgewsiz ýeri —Ak öý,Bu gün öňküsinden üýtgeşik.Ýaş çaparlar häzirlenip dur, Ynha, Aýgytly menzile düşdi bäsleşik.

Bir gijede bütin ömür (Oýlanma)

Golaý günlerde seniň ýokary okuw mekdepleriniň birine çykyş etmäge hem-de söhbetdeşlige gelendigiňi aýtdylar maňa. Men onuň wideoýazgysyny görmek isledim. Hemişe bolşy ýaly, köpçülik seni gowy görýär. Seniň durşuň, hereketler bilen sözüňi düşündirişiň, pikirlenen pursadyň penjireden daşaryk seredişiň, sözüňi jemlemek üçin we laýyk jogaby bermek üçin öňüňdäki kagyza seredip, sessiz durşuň, soňam birden başyňy galdyryp, jogap berşiň, has çuňňur pikirlere çümüp, sag eliňi eňegiňe goýup, süýem barmagyňy dodagyňa çala degrişiň, minnetdarlyk bildirlende we öwgüli sözler aýdylanda aşak seredip, utanjaňlyk bilen ýuwaşja ýylgyryşyň... meniňki bilen nusgalanan ýaly mep-meňzeş. Seniň dünýäňe hyrydar muşdaklaryň gözlerine gözüm düşende welin, birmahalky oýlar... bagşynyň: «Waspyňa dawagär men» diýen setirleri ýadyma düşüp gitdi. Reşit, sen indi meniň bilen diňe uzak ýollara däl, hemme ýerlere bile aýlanmaga başladyň. Seniň hyýaly keşbiň myhmançylyga gelmegini bes etdi. Ol ömürlik ýazga geçmäge karar beren bolarly. Kinofilm görsem, saňa meňzeş biri hökman ol ýerde bar. Kitap okasam, baş gahrymanlaryň biri Reşit, nusgawy sazlaryň hiç birini ýalňyzlykda diňläp bilemok, biz bile diňleýäris. Aýdym açsam — bagşy siz. Gözümi ýumsam — düýşümem siz. Ýazsam — Reşit. Pozsam — Reşit. Men edil «ex»-i differensirlemek isleýän matematik professor kimin haýsy ýoldan ýöresem, nirä baksam, näçe u

Şygryýet çemeni

ÝAGYŞ Oýumda oýaryp ýatlama baryn,Duýduňmy kalbymyň ala-lerzanyn?Berjaý edip tebigatyň permanyn,Ýagýarmyň, ýagyş?!

Ylham joşguny

AŞGABAT Bagtdan nyşan bolan ýagty şöhläňiDolan Aý dek dünýä ýaýdyň, Aşgabat!Görküň ýada salýar täsin bir heňi,Ajaýyp mukam sen, aýdym, Aşgabat!

Ylham ýaýlasy

Gujak açdy Awaza Çagalaryň durmuşy,Öwrülipdir owaza.Olara gujak açdy,Aýdym-sazly Awaza.

Pyraga hormatyň belent, Arkadag!

Dünýe içre dünýe bolup, şygryýete, edebiýata, medeniýete, mahlasy, külli türkmene nur salyp duran Magtymguly Pyragynyň şanly toýunyň şowhunynyň dabarasy dag aşdy. Bir supranyň başynda ýüzlerçe myhmanlary, şahyrlary, aryplary-alymlary jemledi. Belent heýkeliň, akyldaryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň täsindigini, täsirlidigini söz bilen beýana getirip bolmaz. Haýrany biz, haýrany giň älem.

Pyragy we halk paýhasy

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň pähim- paýhasy her bir okyjynyň aňynda öçmejek täsir galdyrýar. Magtymguly öz döredijiligi bilen dünýä edebiýatyna gymmatly mirasy bagyşlady. Şahyryň dünýäniň gurluşy, dürli döwletler we halklar, olaryň aýratynlyklary, uly şäherler, dana kişiler, halk eserleri baradaky aýdanlary onuň şygyrlarynyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Magtymgulynyň «Bu dünýä», «Näler görüner» goşgularynda dünýäniň giňligi, onuň köptaraplylygy barada habar berilýär:

Pyraga hormatyň belent, Arkadag!

Dünýe içre dünýe bolup, şygryýete, edebiýata, medeniýete, mahlasy külli türkmene nur salyp duran Magtymguly Pyragynyň şanly toýunyň şowhunynyň dabarasy dag aşýar. Belent heýkeliň, akyldaryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň täsinligini, täsirliligini söz bilen beýana getirip bolmaz. Haýrany biz, haýrany giň älem. Dabaralaryň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz Magtymguly Pyragynyň täze şygyrlar diwanynyň neşir edilendigini halkymyza we dünýä buşlady. Begendik, şahyra, söze sarpa goýulýandygyna buýsandyk.

Arşy pikirleriň sazlaşygy

Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň edebi mirasymyzy ylmy esasda çuňňur öwrenmek baradaky nygtamalarynyň we tabşyryklarynyň ähmiýeti örän uludyr. Beýik Magtymgulynyň paýhasy dürli çeşmelerden, akabalardan, ruhy halypalyk eden şahsyýetlerden ganypdyr. Şol şahsyýetleriň biri öz döwründe uly pirlige hem alymlyga ýeten Abu Seýit Abul Haýyr — Mäne babadyr. Magtymguly Pyragy bu beýik ussat bilen bolan hyýaly duşuşygy hakynda şeýle ýazmanmydyr:

Kalbymyzyň çyragy

Her bir halk dünýä beren şahsyýetleriniň amala aşyran işleri bilen beýiklige galýar. Bu babatda edebiýat, sungat wekilleriniň orny has-da uludyr. Sebäbi olaryň döreden eserleri müňýyllyklar geçensoň hem gymmatyny gaçyranok. Şeýle gymmatly hazynany nesillere ýadygär galdyryp, edebiýat äleminiň iň şuglazar ýyldyzlarynyň birine öwrülen şahsyýetleriň biri-de Magtymguly Pyragydyr. Jana şypa ary balynyň wagt geçdigiçe dermanlyk täsirini artdyryşy ýaly, akyldar Pyragynyň şygyrlary-da asyr aşdygyça, özüniň täsirliligi bilen ýüreklere ýakynlaşýar, dünýä içre gerimini artdyrýar. Ol şygyrlar diňe bir türkmen halkynyň ýürek urgusy, arzuwlary siňendigi bilen däl, eýsem, adamzat kalbynyň çuňluklaryna aralaşýandygy bilen hem gymmatlydyr. Hut şonuň üçinem Magtymguly Pyragynyň ady bu günki gün dünýä genji-hazynasy diýen söz bilen bir mana eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň: “Beýik şahyr türkmen şygryýetiniň we türkmen diliniň taryhynda uly özgerişlikleriň başyny başlady. Onuň umumadamzat medeni-ruhy hazynasyna giren şygyrlary bu gün dünýä dilleriniň köpüsinde ýaňlanýar. Magtymguly Pyragynyň danalyga pürepür şahyrana eserleri türkmeni, türkmen poeziýasyny dünýä tanatdy” diýen sözleri akyldar şahyryň türkmeniň, ynsanyýetiň kalbyndaky ornuna berlen belent bahadyr.

Halypa ýoly

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde halypa mugallymlaryň ençemesi ýaş nesle bilim we terbiýe berýär. Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň ylymly-bilimli, kämil hünärmenler bolup ýetişmeginde yhlasyny gaýgyrman zähmet çekýän halypa mugallymlaryň biri-de Döwletgeldi Durdyýewdir. Döwletgeldi sungata sarpa goýýan maşgalada dünýä inýär. Onuň kakasy Jumamuhammet Durdyýew Gökdepe etrabynyň 18-nji orta mekdebinde surat we çyzuw mugallymy bolup işläpdir. Kakasynyň oba durmuşyna bagyşlap çeken dürli eserleri onuň sungata bolan höwesini has-da artdyrýar. Şeýle-de ol ýakyn garyndaşlary, halypa nakgaş Mäti Orazberdiýewiň döreden eserlerinden täsirlenýär.

Dutar ussasy

Bir gezek kakam ojar oduna maňlaýyny derjiredip, gök çaý içip oturyşyna: — Daýym Töre gyjakçydan sowgat alan, Ahalda ýasalan dutarym könelişipdir, keýwany. Maňa ulurak, gümmürdäp owaz edýän täze dutar gerek boljak — diýipdir.

«Söý sen, Sähraýüzlim...»

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kakabaý Ylýasow daýhançylyk käri, daýhanlaryň häsiýetleri, oba durmuşy barada ýazmakda meşhurlyk gazanan şahyrdyr. Onuň ýüregi oba adamlary bilen deň gopýar. Daýhançylyk käriniň ata-baba miras bolup galany üçinmi ýa «Topragy söýmek — Watany söýmek» diýen pikire uýanlygy üçinmi, ol ähli goşgularyny ýer, daýhan, suw, halal zähmet, hasyl ýygnamak bagty ýaly düşünjeler bilen baglapdyr. Şahyryň «Söýgi» goşgusynda liriki gahryman aşyk ýigit, magşugy bolsa ene toprak: Aýt, özüm bilerin bar galanyny,Ýakdyňmy kä depäň, kä dabanyňy.

Şygryýet

Gül ülkämiň tebigaty Yşk şäheri — Aşgabadym ýassanypdyr Köpetdagy,Baharystana eýlenen gül ülkämiň tebigaty.Ozal türkmeniň bagtyna Hak ýazypdyr Garagumy,Yhlasa, söýgä ýugrulan gül ülkämiň tebigaty.

Hünär (Hekaýa)

Her kimiň bir höwesi bolýandyr-da, kiçiligimden tikin-çatyn bilen ugrum bolubermedi. Ýogsam goňşy-golamlary gürletseň, enemem, ejemem, daýzalarymam, garaz, biziň öýümize degişli bolan gelin-gyzlaryň ählisiniň eli çeper bolaýmalymyşyn. Munuň özi obamyzda ykrar edilen zatmyşyn. Men welin... Birbada jigime bäs edip, elime iňňe-sapak alyp, enemiň ýanynda oturypjyk, bolşuna görä keşde edensiräbem ugradym. Ýöne aňryňda ýanyp duran yhlas bolmasa, aňrujy ýetäýjek pelläň samanhanadyr-da. Elime iňňe alanymdan, haýsydyr bir kitaby alanymy gowy gördüm. Ejemdir eneme bu bolşum ýarap barmasa-da, kakamyň: «Bizdenem mollumam çykmalydyr-a, degme okasyn» diýip arkamy almagy bilen, olaram soň hiç zat diýmediler. Aradan birküç ýyl geçdi. Çagalykdan saýlanyp ugranymyzdan jigimiň elindäki keşdeli ýakalara has ýygy-ýygydan seredip ugradym. Soň-soňlar-a onuň owadandan-owadan ýakalaryna gözüm düşende, deňindenem geçip bilmedim. Şolar ýaly gözelligi döretmegiň öz elimden gelmeýändigine kemsinip başladym. Birmahal jigim Selbi bilen bileje başlan bolsam, bu wagtlar ökde keşdeçi bolup gitjekdigim barada pikirlendim.

Halypa

Ömrüni dil bilimine bagyşlan, dilçi alym Haýdar Muhyýewiň ylmy döredijiligi bilen içgin gyzyklanýan kärdeşlerimiziň biriniň aýdanlary mende örän üýtgeşik täsir galdyrdy. Haýdar mugallymyň «Ylym» neşirýaty tarapyndan çap edilen «Döwletmämmet Azadynyň eserleriniň sözlügi» atly kitabyny elimde gören kärdeşim bilen gürrüňimiz dilçi, edebiýatçy alymlar barada dowam etdi. Şonda ol Haýdar Muhyýewiň uzak ýyllaryň dowamynda metbugatda çap edilen makalalaryny, neşir edilen kitaplaryny okap çykandygyny, olaryň ählisinde Magtymguly Pyragynyň adynyň hökman getirilýändigini aýtdy. Men bu sözleriň täsiri bilen ýene-de Haýdar Muhyýewiň taýýarlan sözlüginiň sahypalaryny agdaryşdyryp ugradym. Şondan soň awtoryň Magtymguly Pyragynyň pederi Döwletmämmet Azada: «Halypanyň halypasy» diýip ýüzlenişi-de üýtgeşik göründi. Awtoryň okyjynyň öňüne düşüp, Döwletmämmet Azadynyň eserleriniň dünýäsine ýolbeletlik edişi-de başgaça täsir etdi. Ussadyň eserleriniň diline düşünmekde özi gidensoňam kömek edip ýörjek kitaby bize ýadygärlik galdyryp gidendigi üçin halypa öz ýanymdan hoşallyk bildirip oturyşyma, Haýdar mugallymyň Aman Kekilow, Hydyr Derýaýew, Nurberdi Pomma, Ata Salyh, Berdi Kerbabaýew, Baýmuhammet Garryýew, Mäti Kösäýew ýaly dil-edebiýat äleminiň ägirtleri bilen geçilen söhbetli menzillerini göz öňüme getirjek boldum. Ýöne ol menziller göz ýetirerden has alys göründi. Olara göz ýetirmek üçin ylymla

Sungat ojagynyň ýalkymy

1929 — 1972-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanda saz sungatyndan ýörite bilim berýän ýeke-täk okuw mekdebi bardy. Ol hem häzirki Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebidi. 1972-nji ýylda Türkmen döwlet mugallymçylyk sungat institutynyň açylmagy bilen, bu sazçylyk mekdebi soňra şol Sungat instituty üçin hünärmenleri ýetişdirýän okuw mekdebi bolup hyzmat etdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda meşhur kompozitor Daňatar Öwezowyň adyny göterýän Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň döredilenine 95 ýyl dolýar. Ýakynda bu mekdebiň mugallymlary Merdangeldi Kerimow, Sähra Baýryýewa we Mähriban Jumaýewa dagynyň bu okuw mekdebi bilen baglanyşykly maglumatlary özünde jemleýän «Türkmen saz biliminiň binýady» atly kitaby «Ylym» neşirýatynda çapdan çykdy.