Sungat ojagynyň ýalkymy

30 Maý 2024
330

1929 — 1972-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanda saz sungatyndan ýörite bilim berýän ýeke-täk okuw mekdebi bardy. Ol hem häzirki Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebidi. 1972-nji ýylda Türkmen döwlet mugallymçylyk sungat institutynyň açylmagy bilen, bu sazçylyk mekdebi soňra şol Sungat instituty üçin hünärmenleri ýetişdirýän okuw mekdebi bolup hyzmat etdi.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda meşhur kompozitor Daňatar Öwezowyň adyny göterýän Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň döredilenine 95 ýyl dolýar. Ýakynda bu mekdebiň mugallymlary Merdangeldi Kerimow, Sähra Baýryýewa we Mähriban Jumaýewa dagynyň bu okuw mekdebi bilen baglanyşykly maglumatlary özünde jemleýän «Türkmen saz biliminiň binýady» atly kitaby «Ylym» neşirýatynda çapdan çykdy.

Çaryýar JUMAÝEW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy, sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory.