Hünär (Hekaýa)

30 Maý 2024
366

Her kimiň bir höwesi bolýandyr-da, kiçiligimden tikin-çatyn bilen ugrum bolubermedi. Ýogsam goňşy-golamlary gürletseň, enemem, ejemem, daýzalarymam, garaz, biziň öýümize degişli bolan gelin-gyzlaryň ählisiniň eli çeper bolaýmalymyşyn. Munuň özi obamyzda ykrar edilen zatmyşyn. Men welin... Birbada jigime bäs edip, elime iňňe-sapak alyp, enemiň ýanynda oturypjyk, bolşuna görä keşde edensiräbem ugradym. Ýöne aňryňda ýanyp duran yhlas bolmasa, aňrujy ýetäýjek pelläň samanhanadyr-da. Elime iňňe alanymdan, haýsydyr bir kitaby alanymy gowy gördüm. Ejemdir eneme bu bolşum ýarap barmasa-da, kakamyň: «Bizdenem mollumam çykmalydyr-a, degme okasyn» diýip arkamy almagy bilen, olaram soň hiç zat diýmediler.

Aradan birküç ýyl geçdi. Çagalykdan saýlanyp ugranymyzdan jigimiň elindäki keşdeli ýakalara has ýygy-ýygydan seredip ugradym. Soň-soňlar-a onuň owadandan-owadan ýakalaryna gözüm düşende, deňindenem geçip bilmedim. Şolar ýaly gözelligi döretmegiň öz elimden gelmeýändigine kemsinip başladym. Birmahal jigim Selbi bilen bileje başlan bolsam, bu wagtlar ökde keşdeçi bolup gitjekdigim barada pikirlendim.

Arzygül BERDIÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.