"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ylham öwüşginleri

Arkadag şäheri Köpetdagyň etegini keşdeläp,Ýada salyp pasyllaryň baharyn.Ynha, bu gün synlamaga göz gerek,Gudrat deýin ol Arkadag şäherin.

Şahyryň şygyrlary — edep mekdebi

Türkmen nusgawy edebiýatynyň göwher täji Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy ähli adamzat üçin gymmatly hazynadyr. Çünki akyldar şahyryň döredijiligi köptaraply bolup, olarda durmuşyň ähli ugurlary boýunça söhbet açylýar. Şahyr mähriban halkynyň halal, erkana ýaşamagyny, ýagşa eýerip, ýaramaz endiklerden daşda durmagyny, bir-birege hormat-sylagly bolmagyny çeper hem düşnükli dilde nesihat edipdir. Ol: Musulman ähline ajy söz urmaň,Pakyra-misgine delalat ýagşy.

DÖREDIJILIK DÜNÝÄSI

ALKYŞNAMA Täze eýýam içre gözel Watanmyz,

Dünýä asmanynda nursuň, Pyragy!

Her bir halkyň beýikligi, onuň dünýä beren meşhur şahsyýetleri bilen ölçenilýär. Halkymyzyň şeýle beýik ogullarynyň biri-de, türkmen nusgawy edebiýatynyň kerwenbaşysy, Gündogaryň şamçyragy, akyldar şahyr Magtymguly Pyragydyr. Häzirki wagtda dana şahyryň şygyrlary bir ýurt ýa-da bir yklymyň çäginden çykyp, has alyslarda — dünýä giňişliginde öz mynasyp ornuny tapýar. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi onuň şahyrana-filosofik mirasynyň bütin adamzadyň medeni hazynasynyň möhüm bölegi hökmünde halkara derejede ykrar edilýändigini aýdyň görkezdi. Şunlukda Magtymguly Pyragynyň baý döredijilik mirasy medeniýetiň ilçisi hökmünde yklymlaryň we döwürleriň çäginden çykýar diýip buýsanç bilen aýdyp bilýäris. Bilşimiz ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 2024-nji ýyly Gahryman Arkadagymyzyň kämil şygryndan gözbaş alan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlen şygar bilen atlandyryldy. Hut şol nukdaýnazardan hem, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň dowamynda döwlet we halkara derejede möhüm çäreler, şol sanda ylmy maslahatlar, duşuşyklar, film görkezilişleri, sahna oýunlary, edebi agşamlar we bäsleşikler geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow «Pähim-

Özümden önjek huruşlyk

(Gülküli hekaýa) Günleriň birinde obaly adamyň maňa işi düşdi. Dört-bäş günläp onuň işi bilen meşgullanmaly bolamsoň, tanyşmaga-da mümkinçilik döredi. Ol çopançylyk edýän eken. Işiniň birkemsiz bitenine örän begendimi, nämemi, garaz, maňa:

Seniň bagtyň — meniň bagtym

Käte mahal-mahal kalbymy birgeňsi duýgular gurşap alýar. Hamala diýersiň, akylym ýüregime garşy gidýän ýaly. Öz-özümi tanaman haýran galýaryn. Seniň pynhan bakyşlaryň göz öňüme gelende bolsa, nämedir bir zatlary düşündirjek bolýana meňzeş pyşyrdylaryň gulagyma eşidilip gidýär. Bu nämäniň alamatyka, allajanlarym?! Şonda, bir sekundyň içinde daş-töwerekdäki ähli zat öz reňkini ýitirýär. Göwnüme bolmasa, suwlar akmasyny, baglaryň ýapraklary yrgyldamasyny, şemal öwüsmesini, Gün dogmasyny, Aý şugla saçmasyny, guşlar saýramasyny goýan ýaly bolýar. Garaz, dünýäniň ýüzi beýan etmesi kyn bolan duýgulardan dolýar. Şol pursat senli ýatlamalar meni alyslara — saňa sary alyp gidýär.

Wepaly dost

Öňi bilen, şu aýdymy diňle sen,Bu aýdymda halkyň namys-ary bar.Onuň aňyrsynda saza gatylyp,Bakýar çyn hem wepaly dost alabaý. Aty çykan bu türkmeniň bedewniň,Kişňeýän sesini aňlap bolýandyr.Dost golun uzadyp gelen doganym,Bu aýdymda gülüp, aglap bolýandyr.

Men entek ýigit-le

Bir gün agşamlyk naharyny edinip bolamsoň, goşa ýassyga ýassanyp, çaý içip otyrkam bäş ýaşly agtygym ýanyma geldi-de: — Ata, ata, garry adamlar şeýdip, seniň ýaly ýassyga ýassanyp çaý içýärlermi? — diýip sorady. Men böwrüme hürseklenen ýaly, çalasynlyk bilen dikelip oturdym.

Şahyrana oýlanma

Uz jemally uýam bar... Çagalyk ýyllarymyň ýyndamlygy uçup barýan durnalaryň tizliginden zyýada eken. Ýap-ýaňydy, elimize gurjaklarymyzy alyp, saçlaryny örüp, galpagymyzy galgadyp, enemiň gujagyna “Kim öňürti barmaşak” diýip, oýnap ýörenimiz. Eýýäm wagt bizi il idegli, bagt badalgaly uly gyz edäýen eken.

Magruplykda bellidir

Dostlar, dört gözeliň waspyn sözlesem, Dördüsi-de magruplykda bellidir.

Danalardan dürdäneler

IŇ KYN ZAT Bir gezek Diogenden:

Syntgylanan setirler

Hemme zat taýly, garşylykly ýaradylypdyr. Gije-gündiz, yssy-sowuk, beýik-pes, ýagşy-ýaman... Durmuş — bu sünnälenip işilen we hemmäniň boýnuna ildirilen alajabagdyr. Her bir “başyndan gum sowurýany” ýa-da “ýer ýumruklaýany” daýhandyr öýdäýmäň.

Tymsal

Kim owadan, kim peýdaly?! Bahar paslynyň iň bir owadan günleriniň biridi. Tokaýda bir gyzyl gül gülläpdi. Gül töweregine göz aýlap durka, golaýdaky sosna agajy:

Geliň, ýaňyltmaç aýdyşalyň!

Halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan ýaňyltmaçlaryň çagalaryň sözleýşini ösdürmekde, dilini ýençmekde ähmiýeti uludyr. Aýdylanda iňňän ünslüligi, ýalňyşmazlygy talap edýän ýaňyltmaçlar ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda hemişe ýörgünli bolup, giňden ulanylypdyr. Hatda ýaňyltmaç aýtmak boýunça özara ýaryşlar hem geçirilipdir. Ýaňyltmajy çalt we şol bir wagtyň özünde ýalňyşsyz aýdan ýeňiji hasaplanypdyr. Ýaňyltmajyň gysgaragyny bir demde üç gezek gaýtalamak ýaryşyň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Geliň, onda ýaňyltmaç aýdyşalyň! O Tejen, bu Tejen, künjülije Tejen,

Bu biziň öz taryhymyz

Türkmen tugrasy Gadymy döwürlerden başlap, her hökümdaryň adyny we hökümdarlyk derejesini görkezýän tapawutlandyryjy nyşany bolupdyr. Orta asyrlarda bu nyşana tugrak diýlip, ol owadanlanyp ýazylan sözlerden we şekillerden ybarat bolupdyr. XI asyrda ýaşap geçen, görnükli dilçi alym Mahmyt Kaşgarly hem “Türki dilleriň diwany” atly eserinde bu sözi “tugrak” görnüşinde getirip, “Şanyň möhri we onuň goly” diýip düşündiripdir we oguzlaryň sözüdigini, onuň düýp sözüni özüniňem bilmeýändigini belläpdir.

Abaýyň ýoly türkmen topragyna sary

Haýsydyr bir döwlet hakynda söhbet açylanda, şol ýurduň baý ykdysady, senagat mümkinçilikleri bilen birlikde, görnükli şahsyýetleri, meşhur söz ussatlary-da ýadyňa düşýär. Gazagystan Respublikasy diýlende hem, ilki bilen, Abaý Kunanbaýew, onuň döreden eserleri hakydaňa gelýär. Gazak ýazuwly edebiýatynyň düýbüni tutujy, gazak edebi dilini esaslandyryjy Abaý Kunanbaýew ençeme ajaýyp goşgulary we poemalary miras galdyrypdyr. Iki dostlukly ýurduň arasyndaky edebi gatnaşyklaryň çäginde, dürli ýyllarda türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň eserleri terjime edilip, gazak okyjylaryna ýetirildi. Köp sanly gazak söz ussatlary bilen birlikde, Abaý Kunanbaýewiň eserleri hem türkmen diline terjime edildi. Türkmenleriň Magtymguly Pyragyny ynsap ölçegi, ynsan kalbynyň öçmejek nury hasaplaýşy ýaly, gazaklar hem Abaý Kunanbaýewiň edebi mirasyny gymmaty egsilmeýän hazyna hasaplaýarlar. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 2020-nji ýylda Abaý Kunanbaýewiň doglan gününiň 175 ýyllygy mynasybetli ýazan «Abaý we Gazagystan XXI asyrda» atly makalasynda şeýle diýýär: «Abaýyň arzuwy halkyň arzuwydyr. Bu arzuwa ýetip, şahyryň wesýetini ýerine ýetirmek üçin, biz güýjümizi gaýgyrman zähmet çekmeli. Abaýyň peýdaly öwütleri täze Gazagystany XXI asyrda täze belentliklere alyp barar».

Şygryýet älemi

«PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY» Milletiň mertebesi ýylyň täze adynda,«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy».Halkyň şöhraty-şany onuň göwün şadynda,Bagta beslenýän ýylyň bagtyýarlyk şygary,«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy».

Kemal çopanyň ogly (Hekaýa)

Geçen asyryň başlaryna, takmynan, 1912-nji ýyl diňe bir türkmen sährasyna däl, Çendir jülgesine-de gurakçylyk aralaşdy. Asmandan katra nem dammady, ýabyň çeşme suwlary çekildi. Adamlar agyz suwuny hem eşekdir düýelere ýüklenen çelekler arkaly örän uzaklardan daşamaga mejbur boldular. Il-günüň güzerany gün geldikçe kynlaşýardy. Gurakçylygyň näçe wagta çekjegi gümana. Şonuň üçin gökleň hany Atanyýaz suwsuzlyk zerarly heniz oba keselçilik aralaşmanka, olaryň ertirki günleriniň hem aladasyny edýärdi.

Döwletliden döwlet ýoksa...

Ir döwürlerde gum depelerini etekläp oturan obada Näzdurdy atly düýe çopan ýaşaýardy. Onuň düýe sürüsi has uludy. Näzdurdy tüýs maljanly çopandy. Düýäniň süýdi, agarany, çaly adam saglygy üçin derman. Onuň ýüňünden saçak, agar çäkmen, guşak taýýarlanýar. Bulary dokamaga Näzdurdy çopanyň aýaly Gurbanbagt eje ökdedi. Gurbanbagt eje gapydan gelen her bir adamy güler ýüz bilen garşy alardy hem-de onuň ýumşuny bitirerdi. Ol gor küýzelerini arassa saklap, olarda saklanýan düýe çalyny tämiz tutardy.

Akyldar şahyryň döredijiliginde ene dilimiziň baýlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň taryhy, medeni we edebi mirasynyň öwrenilmegi ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Bu ugurda dilçi alymlaryň ýerine ýetiren ylmy işleri häzirki zaman dil biliminde diliň aragatnaşyk serişdesi hökmündäki hyzmatyna we sözleýşiň dürli görnüşlerini öwrenmäge uly üns berilýändigini subut edýär. Gadymy türkmen diliniň dil serişdelerini öwrenmek has hem gyzyklydyr. Köklerini gadymy döwürlerden alyp gaýdýan käbir sözler biziň döwrümizde-de öz işjeňligini ýitirmän, käbirleri bolsa wagtyň geçmegi bilen ulanmakdan galyp arhaizmleşipdir, birnäçesi bolsa fonetik we semantik taýdan üýtgeşmä sezewar bolupdyr.