Geliň, ýaňyltmaç aýdyşalyň!

31 Iýul 2024
251

Halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan ýaňyltmaçlaryň çagalaryň sözleýşini ösdürmekde, dilini ýençmekde ähmiýeti uludyr. Aýdylanda iňňän ünslüligi, ýalňyşmazlygy talap edýän ýaňyltmaçlar ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda hemişe ýörgünli bolup, giňden ulanylypdyr. Hatda ýaňyltmaç aýtmak boýunça özara ýaryşlar hem geçirilipdir. Ýaňyltmajy çalt we şol bir wagtyň özünde ýalňyşsyz aýdan ýeňiji hasaplanypdyr. Ýaňyltmajyň gysgaragyny bir demde üç gezek gaýtalamak ýaryşyň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Geliň, onda ýaňyltmaç aýdyşalyň!

O Tejen, bu Tejen, künjülije Tejen,