Dünýä asmanynda nursuň, Pyragy!

31 Iýul 2024
180

Her bir halkyň beýikligi, onuň dünýä beren meşhur şahsyýetleri bilen ölçenilýär. Halkymyzyň şeýle beýik ogullarynyň biri-de, türkmen nusgawy edebiýatynyň kerwenbaşysy, Gündogaryň şamçyragy, akyldar şahyr Magtymguly Pyragydyr. Häzirki wagtda dana şahyryň şygyrlary bir ýurt ýa-da bir yklymyň çäginden çykyp, has alyslarda — dünýä giňişliginde öz mynasyp ornuny tapýar. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi onuň şahyrana-filosofik mirasynyň bütin adamzadyň medeni hazynasynyň möhüm bölegi hökmünde halkara derejede ykrar edilýändigini aýdyň görkezdi. Şunlukda Magtymguly Pyragynyň baý döredijilik mirasy medeniýetiň ilçisi hökmünde yklymlaryň we döwürleriň çäginden çykýar diýip buýsanç bilen aýdyp bilýäris.

Bilşimiz ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 2024-nji ýyly Gahryman Arkadagymyzyň kämil şygryndan gözbaş alan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlen şygar bilen atlandyryldy. Hut şol nukdaýnazardan hem, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň dowamynda döwlet we halkara derejede möhüm çäreler, şol sanda ylmy maslahatlar, duşuşyklar, film görkezilişleri, sahna oýunlary, edebi agşamlar we bäsleşikler geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda şahyryň döredijiligini pähim-paýhas ummanyna deňäp, onuň çuňňur manyly eserleriniň ynsan kalbynda hemişelik orun alandygyny, paýhasly pikirleriniň bolsa ählumumy ähmiýetini belleýär. Mälim bolşy ýaly, Aşgabadyň günorta böleginde ýerleşip, göwünlere ylham paýlaýan Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we adybir medeni-seýilgäh toplumy hem ýurdumyzda akyldar şahyra çuňňur hormat goýulýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Batyr Öwezdurdyýew,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Aşgabat şäheri boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, podpolkownik.