"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Atajan ANNABERDIÝEW.

Güýz peýzažy Tändi tomus,

Dile geldi — bile geldi

Diýdiler: “Ýaz, ýalta bolma! Gömlüp galan altyn bolma!”.

Tymsal

Jadyly gül Bir şäherde belli adamyň ogly öýlenmekçi bolupdyr. Ol üç sany mynasyp gelinligiň haýsyny saýlajagyny bilmändir. Şonda onuň kakasy synag oýlap tapypdyr. Ol her gyza bolgusyzja gülli güldan beripdir.

Kyssa

Suw gaby Goňşy oba toýa gitmäge meýil edipdik. Dostum Durdy sagadyna seretdi-de, barmaly wagtymyzyň golaýlandygyny ýaňzytdy. Ýanymyzda duran Geldi ulagyna ümledi-de:

Rubagylar

Zähmet çekip bezär her gelen pasly,Bu meniň ilimiň hünäri, kesbi.Çeşmeleň gözbaşdan bat alşy ýaly,Beýik iş bitirýär beýikleň nesli.*  *  *Toprakda rysgal bar, toprakda aýdym,Ol meniň ýazylan, ýazmaly bendim.Onuň bilen bagtly bolup bilersiň,Berjaý edip bilseň sargydyn, pendin.*  *  *Bu durmuş ugradar saga, kä çepe,Munda öz ýoluňy saýlagyn, şepe!Özüniň pesligin özi tanadar,Daglaryň dagdygyn bilmese depe.*  *  *Ýol uzak, kim bilýär bu ýerde ýel bar,Ýaz joşsa, otlara görk berýän gül bar.Tebigatyň özi üýtgeşik emin,Bir elinde ýandak, birinde gül bar.*  *  *Ýalana daýansaň, ýykyljagyň hak,Sil deý uzak durman çekiljegiň hak.Çyna daýan eger durmakçy bolsaň,Ýogsa irde-giçde ökünjegiň hak.*  *  *Kerem bardyr ýeriň belent-pesinde,Topragyň ysy bar gülüň ysynda.Oň göwün islegi, süýji arzuwy,Ýaňlanýar aýdymda, guş nagmasynda.*  *  *Otlar güllemese, ýakymly ýaz däl,Ýürekler sarsmasa, ol şirin saz däl.Näme bar sährada keýikden sada,Diýmek, sadalaňam duşmany az däl.

Dünýä nusgalyk akyldar şahyr

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede giňden bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan «Magtymguly» atly kitabyň neşir edilip, elimize gowuşmagy ulus ilimiz üçin buýsançly waka boldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanylan bu sowgatlyk kitaba şahyryň 271 şygry ýerleşdirilen. Saýlanyp alnan şygyrlarda beýik söz ussadynyň agzybirlik, döwletlilik, watansöýüjilik, dost-doganlyk babatda söz açýan müňöwüşginli goşgularyna giň orun berilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, asyrlar geçse-de, öz Watanyňy söýmäge, agzybirlige we doganlyga çagyrýan halkymyzyň beýik oglunyň şygyr setirleri öz wajyplygyny ýitirmän, ýüreklerde mynasyp orun aldy. Gahryman Arkadagymyzyň sözi bilen aýtsak: «Mähriban türkmen topragynyň hakyky watançysy, joşgunly we şirin zybanly Magtymguly Pyragynyň şygyr diwanlary nesillerde watansöýüjiligi, ynsanperwerligi terbiýelemekde gymmatly ruhy çeşmedir». Magtymguly Pyragy, beýik söz ussady öz döredijiliginde durmuşyň dürli ugurlaryndan söz açýar. Görnükli magtymgulyşynaslar tutuş Gündogaryň akyldaryny «Jemşidiň jamyna» deňeýär. Şahyryň köptaraplylygy, ýaşaýyş-durmuş bilen baglanyşykly filosofiki garaýyşlary her bir okyjyny haýrana goýýar. Hut şonuň üçin-de, Gahryman Arkadagymyzyň agzy

Gaýtmyşym (Hekaýa)

Agtygy Nowruzyň getiren zatlary öň görülmedikdendi. Ýok, birküç gezek telewizorda görende, öňe-öňe omzap, «Bäý-bä, gör-äý, muny! Adam diýeniň kellesine geliberýän zatlary» diýeni ýadynda. Ynha, indi synlajakmy, elläp görjekmi, näme hezillik döredýänini biljekmi, ygtyýar özüňde. — Bilýäň-ä, kaka, oba Medeniýet öýümizde drama gurnagynyň bardygyny, oňa halk teatry diýseňem boljak.

Synag (tymsal)

Bir baý täjiriň üç ogly bar eken. Olar ýerli-ýerinden kakalaryna kömek edip, söwdanyň ilerlemegi üçin ellerinde baryny edip işleýän ekenler. Ýöne täjir gün-günden tapdan düşüp, indi mirasy dolandyrmagy haýsam bolsa bir ogluna tabşyrmaga wagtyň gelendigine düşünipdir. Täjir bu meseläni nähili çözjegini bilmän şäheriň paýhasly danasyndan maslahat soramagy makul bilipdir. Dana ýaşuly täjire bir gap gül tohumyny beripdir-de, oňa näme etmelidigini öwredipdir. Täjir öýüne dolanypdyr-da, ogullaryny ýanyna çagyryp:

De­rek ro­wa­ýa­ty

Hal­ky­myz­da dür­li ösüm­lik­ler, jan­dar­lar ba­ra­da hem dür­li ro­wa­ýat­lar dö­re­di­lip­dir. Şol ro­wa­ýat­lar bol­sa adam­la­ryň te­bi­ga­ta ýa­kyn­ly­gy­nyň anyk su­but­na­ma­la­ry­dyr. Yn­ha, şo­la­ryň kä­bir­le­ri ba­ra­syn­da. De­rek ro­wa­ýa­tyn­da şeý­le di­ýil­ýär: «Ir dö­wür­ler­de iki sa­ny döw­le­tiň iki­si­niň-de pa­ty­şa­sy diý­seň mer­te­be­li adam­lar bo­lup­dyr­lar. Olar ila­tyň bol­çu­lyk­da we er­kin­lik­de ýa­şa­ma­gy üçin äh­li şert­le­ri dö­re­dip­dir­ler. Öz­le­ri-de bi­rek-bi­re­gi bi­len go­wy dil ta­py­şyp­dyr­lar we bu­la­ryň dost­lu­gy ýyl­la­ryň geç­me­gi bi­len has-da ber­käp­dir. Pa­ty­şa­la­ryň maş­ga­la­sy hem il-gü­ne gö­rel­de, go­wy adam­lar eke­ni. Ola­ryň bi­ri­niň gy­zy, beý­le­ki­si­niň hem og­ly bar diý­ýär. Pa­ty­şa­la­ryň per­zent­le­ri­niň ju­da akyl­ly­ly­gy­ny hem-de ze­hin­li­li­gi­ni, düş­bü­li­gi­ni ilat ola­ryň sa­ha­wat­ly, adyl pa­ty­şa bo­lan­dyk­la­ry üçin di­ýip dü­şün­di­rip­dir. Iki pa­ty­şa gu­da bo­lup­dyr, iki ýur­duň ila­ty­nyň hem dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry has ýyg­jam­la­şyp­dyr. Ilat şeý­le bir toý tu­tup­dyr, kyrk gu­lak­ly ga­zan­la­ryň ýet­miş iki­si gaý­nap, bag­şy-sa­zan­da­la­ryň owa­zyn­dan bag­lar pyn­tyk­lap, gun­ça­lap­dyr di­ýip, mu­ny öz göz­le­ri bi­len gö­ren ýa­ly edip gür­rüň be­rip­dir­ler. Toý gü­ni şa­za­da bi­len şa gy­zy ga­py­la­ryn­da päk­li­giň ala­ma­ty hök­mün­de na­hal oturd­ýar­l

Adamzat kalbynyň hossary

Ýer ýüzündäki her bir millet özboluşly milli gymmatlyklary, äleme meşhur bolan beýik şahsyýetleri hem-de döwürleriň, dünýäniň özgerişine goşan mynasyp goşandy bilen tanalýar. Olaryň aglabasy adamzadyň aňynda, göz öňünde şol milletiň ruhy dünýäsi, keşbi bolup janlanýar. Munuň mysalyny özge ýerden gözlemegiň hajaty ýok. Çünki ýelden ýyndam gamyşgulak bedewler, wepaly, syzgyr, babyr bilekli alabaýlar, gaýtalanmajak sungata öwrülip, barlygyň gözelligi, halkyň ykbaly hem-de zenan kalbynyň ahwaly siňdirilen nepis halylar, şeýle-de lerzana gelen tebigaty-da owazyna melul eýleýän dutar, iň esasy hem, Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragy dogrusynda söz açylanda, ähli ynsan badabat guwanç bilen «türkmen» sözüni dile getirýär. Häzirki wagtda türkmen danasynyň ömrüni we edebi döredijiligini öwrenmek, ony wagyz etmek diňe bir ata Watanymyzda däl, eýsem, halkara, sebit hem-de dünýä derejesinde alnyp barylýar. Dünýäniň iri guramalary, jemgyýetçilik birleşikleri adamzat abadançylygynyň, ruhy kämilliginiň hem-de ynsanperwer, dostlukly gatnaşyklaryň, medeni hyzmatdaşlygyň pugtalanmagynyň altyn açarlarynyň biri hökmünde türkmeniň nusgawy şahyrynyň gymmaty egsilmejek ebedi mirasyna uly ähmiýet berýär, ony esasy maksatlaryň çelgisine öwürýär.

Pyragynyň edebi dünýäsi

Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de eziz Wa­ta­ny­my­zyň ta­ry­hy, me­de­ni­ýe­ti we ede­bi­ýa­ty düýp­li esas­da öw­re­nil­ýär. Bag­ty­ýar za­ma­na­myz­da ýur­du­my­zyň çäk­le­rin­de Mag­tym­gu­ly öw­re­niş yl­myn­da söz us­sa­dynyň dö­re­di­ji­li­gi äh­li ta­rap­la­ýyn öw­re­nil­mekde uly iş­le­r al­nyp ba­ryl­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýaş ne­sil­le­riň şöh­rat­ly ede­bi çeş­me­le­ri­mi­zi hem­me­ta­rap­la­ýyn çuň­laş­dy­ryp öw­ren­me­gi üçin giň ýol açyp ber­ýär. XVIII asy­ryň meş­hur akyl­dar şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy türk­men hal­ky­nyň ru­hy şam­çy­ra­gy hök­mün­de çäk­siz hor­ma­ta eýe­dir. Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­my­zyň çäk­le­rin­de we onuň çä­gin­den da­şyn­da Mag­tym­gu­ly ha­ky­ky halk şa­hy­ry, mö­hüm dur­muş gym­mat­lyk­la­ryn­dan oňat baş çy­kar­ýan öň­den gö­rü­ji akyl­dar, go­ja ze­mi­niň, hal­kyň hup­bat­la­ryn­dan ha­bar­dar us­sat pel­se­pe­çi, aý­ra­tyn-da, türk­men nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­nyň we türk­men ede­bi di­li­niň düý­bü­ni tu­tu­jy hök­mün­de ta­nal­ýar. Be­ýik şa­hy­ryň şyg­ry­ýet äle­mi türk­men ede­bi­ýa­tyn­da tä­ze sa­hy­pa­ny açyp, ada­lat­ly­lyk, ýo­ka­ry ah­lak­ly­lyk, yn­san­per­wer­lik dü­şün­je­le­ri­niň şöh­le­len­me­si bo­lup dur­ýar. Şeý­le­lik­de, ol öz döw­rü­niň çe­per­çi­lik, yl­my, jem­gy­ýet­çi­lik dü­şün­je­le­ri­niň ösü­şin­de iň ýo­kar­ky de­re­je­le­ri şöh­le­len­dir­ýär.

Magtymgulynyň goşgulary polýak dilinde

Nikolaý WASKIW, Taras Şewçenko adyndaky Kiýew milli uniwersitetiniň Ukrain dilini öwreniş ylmy-barlag institutynyň baş ylmy işgäri, professor, filologiýa ylymlarynyň doktory. 2024-nji ýylda türkmen halky we dünýä jemgyýetçiligi görnükli şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny belleýär. Oňa taýýarlygyň çäklerinde türkmen alymlary, žurnalistleri nusgawy şahyryň eserleriniň dünýä dillerine edilen terjimelerine, Aziýanyň, Ýewropanyň hem-de beýleki sebitleriň dürli ýurtlarynda şahyryň döredijiliginiň wagyz edilişine degişli maglumatlary toplaýarlar. Bu işe özümiň hem dahylly bolandygyma buýsanýaryn.

Duýguly dünýä

BIR TÜŇÇE ÇAÝ... Orun berdi pelek hütdük tünekden,Undulan künjekden, çölüň üstünden.Çökmedim, suw çekdim, köp-köp gül ekdim,Bag döretdim, çekdim köpüň ünsün men.Gonak boldy öten-geçen teşneler,Hydyr, meger, düşledi bir goja-da.(Süňksüz barmak, ýaşyl dony keşdeli)Suw sorady, tüňçäm goýup ojara,Ýagny gor-közüne gara sazagyň,Çaý gaýnadyp, öňne goýdum ýaşulyň. Ol gök çaýdan gandy, garaz, mazaly,Uzyn bolmagyny diläp ýaşymyň,Alkyş baryn aýdyp, golumy gysdy,Duýuldy gojanyň bolany monça. Hut atlaryn sorap ogul-gyzymyň, Döwlet dileg etdi hol daga o:nça.Ýagny on esse köp Köpetdagdanam.Diňe çöl däl, gözlem nemlenip gitdi.Şunça genç eçilip, kömek dandaman,Ýene bir tüňçe çaý demlenip gitdi...

Depder sahypasynyň gyralaryndaky ýazgylar (Dostluk köprüsi)

ÖTGÜR HAŞIMOW (1941 — 2013),Özbegistanyň halk ýazyjysy. «PATYŞAHY-ÄLEM»

Şygryýet bossany

SÜÝTDEŞ DOGANYŇ Özgeler ynjytsa, aryň düýrüger,Diliňden zäher dek syçrar dogumyň.Gözýaşyň ýaňak däl, kalba syrygar,Eger ynjydaýsa süýtdeş doganyň.

Şygryýet çemeni

ÖÇÜP OTYRYN «Gürleşeli» diýme, duýgulam dymma,Geplemek islämok hiç zat hakynda.Arzuwlarym — tussag, gursagym — zyndan,Men birwagt düşdüm yşkyň atyndan.

Ylham joşguny

PYRAGY Pähimiň-paýhasyň ummany bolup,Äleme ýaň saldy ýylyň, Pyragy!Hak sözlediň Hakyň ýoluny bilip,Il buýsanjy boldy diliň, Pyragy!

«Kutadgu bilik» (Bagt getiriji bilim)

Ýusup BALASAGUNLY Ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişine nazar aýlap, taryhymyzda ylma-bilime sarpa goýan ylymdar hem dana aslymyzyň bolandygyna göz ýetirýärsiň, eždatlarymyzyň ýeten beýik derejelerine buýsanýarsyň. Diňe öz döwründe däl, şu günlere çenli ähmiýetini ýitirmän gelýän beýik namalaryň, şahyrana eserleriň döredilmegi, her biriniň aýratynlykda gymmatynyň bilinmegi bilimli bolmagy baş maksat edinýän nesiller tarapyndan tapylgysyz ruhy baýlyk hökmünde ykrar edilýär. Şeýle eserleriň biri hem XI asyr türkmen edebiýatyna we diline degişli «Kutadgu bilik» (Bagt getiriji bilim) eseridir. Bu eser Garahanlylar türkmen döwletiniň hany Bugra hanyň tabşyrygy boýunça Ýusup Balasagunly tarapyndan ýazylýar. Eserde adyndan hem mälim bolşy ýaly, bilimiň, ylmyň gadyr-gymmaty, ähmiýeti dogrusynda danadan-dana söhbet edilýär.

Bäşlikçiler

Kaýum TAŇRYGULYÝEW Maýsa tagtanyň üstünde hamyry kagyz ýaly ýukajyk ýaýsa-da, onuň hiç ýeri deşilmeýärdi. Şeýdip, ullakan tegelek ýasap, ýüzüne ýag çaldy. Soňra ony ejesiniň nan taýýarlaýşy ýaly epleşdirip, eliniň aýasy bilen basyşdyryp ýasylady. Soňra ýene oklaw bilen ýaýdy-da, tegelek nana meňzetdi. Ejesem gapdalynda oturyp, gyzyna gatlakly nan taýýarlamagy öwredýärdi. Ýöne ejesi nany Maýsadan çalt taýýarlaýardy.

Goşgular çemeni

Agageldi ALLANAZAROW «A» ýazýan