Rubagylar

1 gün öň
18

Zähmet çekip bezär her gelen pasly,
Bu meniň ilimiň hünäri, kesbi.
Çeşmeleň gözbaşdan bat alşy ýaly,
Beýik iş bitirýär beýikleň nesli.
*  *  *
Toprakda rysgal bar, toprakda aýdym,
Ol meniň ýazylan, ýazmaly bendim.
Onuň bilen bagtly bolup bilersiň,
Berjaý edip bilseň sargydyn, pendin.
*  *  *
Bu durmuş ugradar saga, kä çepe,
Munda öz ýoluňy saýlagyn, şepe!
Özüniň pesligin özi tanadar,
Daglaryň dagdygyn bilmese depe.
*  *  *
Ýol uzak, kim bilýär bu ýerde ýel bar,
Ýaz joşsa, otlara görk berýän gül bar.
Tebigatyň özi üýtgeşik emin,
Bir elinde ýandak, birinde gül bar.
*  *  *
Ýalana daýansaň, ýykyljagyň hak,
Sil deý uzak durman çekiljegiň hak.
Çyna daýan eger durmakçy bolsaň,
Ýogsa irde-giçde ökünjegiň hak.
*  *  *
Kerem bardyr ýeriň belent-pesinde,
Topragyň ysy bar gülüň ysynda.
Oň göwün islegi, süýji arzuwy,
Ýaňlanýar aýdymda, guş nagmasynda.
*  *  *
Otlar güllemese, ýakymly ýaz däl,
Ýürekler sarsmasa, ol şirin saz däl.
Näme bar sährada keýikden sada,
Diýmek, sadalaňam duşmany az däl.
*  *  *
Her kimiň maksady özüne ters däl,
Maslahatsyz işde netije gurs däl.
Dogrusyn aýdýana hormat goýmaly,
Ýalan sözleýäni diňlemek dürs däl.
*  *  *
Ynsapsyzda sahawata orun ýok,
Işiň düşse mert kişide durum ýok.
Çägeler depäňki, daşlar dagyňky,
Aslyňdan aýrylyp gitjek ýeriň ýok.
*  *  *
Bagtyň nyşanydyr söýülmek, söýmek,
Öz pikirdeşiňi sözünden duýmak.
Her bir zada gerek yhlasdyr zähmet,
Süýdi gaýnatmasaň, almarsyň gaýmak.
*  *  *
Belli bor, ol işe saýlanan bolsa,
Bu durmuş ýoluna şaýlanan bolsa.
Ýerdenem her dürli magdan tapylýar,
Ozal näme bolup eýlenen bolsa.
*  *  *
Gün altyn şöhlesin gökden gezeýär,
Asman, Zemin bir-birini bezeýär.
Arkalaşyk, gör, nähili ajaýyp,
Şonuň üçin olaň ömri uzaýar.
*  *  *
Tebigatda bardyr üýtgewsiz perman,
Berenni alarsyň, bermese arman.
Alyş-çalyş oň mizemez kanuny,
Bir zady almarsyň deregne bermän.
*  *  *
Adalatyň ýoly ajaýyp ýoldur,
Ündeýäni ynsap, arassa päldir.
Onuň baýdagyny elden berenler,
Adam diýen ada mynasyp däldir.
*  *  *
Derýa adyn alan aksa halaldyr,
Kerwen öňün iner çekse halaldyr.
Ýüwrük diýlip, baýrak alan bedewler,
Yza galman, öňden çapsa halaldyr.
*  *  *
Her kim çykyp biljek dagyna çykýar,
Awçy hem awlajak awyna bakýar.
Başarjak işiňi saýlap-seç, dostum,
Suwam akyp biljek ýerinden akýar.

Meret BAKYÝEW.