Dünýä nusgalyk akyldar şahyr

2 gün öň
31

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede giňden bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan «Magtymguly» atly kitabyň neşir edilip, elimize gowuşmagy ulus ilimiz üçin buýsançly waka boldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanylan bu sowgatlyk kitaba şahyryň 271 şygry ýerleşdirilen. Saýlanyp alnan şygyrlarda beýik söz ussadynyň agzybirlik, döwletlilik, watansöýüjilik, dost-doganlyk babatda söz açýan müňöwüşginli goşgularyna giň orun berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, asyrlar geçse-de, öz Watanyňy söýmäge, agzybirlige we doganlyga çagyrýan halkymyzyň beýik oglunyň şygyr setirleri öz wajyplygyny ýitirmän, ýüreklerde mynasyp orun aldy. Gahryman Arkadagymyzyň sözi bilen aýtsak: «Mähriban türkmen topragynyň hakyky watançysy, joşgunly we şirin zybanly Magtymguly Pyragynyň şygyr diwanlary nesillerde watansöýüjiligi, ynsanperwerligi terbiýelemekde gymmatly ruhy çeşmedir». Magtymguly Pyragy, beýik söz ussady öz döredijiliginde durmuşyň dürli ugurlaryndan söz açýar. Görnükli magtymgulyşynaslar tutuş Gündogaryň akyldaryny «Jemşidiň jamyna» deňeýär. Şahyryň köptaraplylygy, ýaşaýyş-durmuş bilen baglanyşykly filosofiki garaýyşlary her bir okyjyny haýrana goýýar. Hut şonuň üçin-de, Gahryman Arkadagymyzyň agzybirlik, döwletlilik ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz şöhratly taryhymyzda özüniň ylymy-bilimi, filosofiki garaýyşlary, ajaýyp şygyrlary, öwüt-ündewleri bilen öçmejek yz galdyran dana akyldaryň edebi mirasyny öwrenmek, olary dünýä ýaýmak, geljekki nesillere ýetirmek babatda döwrümiziň alymlarynyň öňünde ençeme möhüm meseleleri goýýar.

Maýagözel JEPBAROWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.