"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýaý atmagyň ussady

2015-nji ýylyň 12-nji iýulynda Türkmenistanyň Milli Ýaý atyjylyk federasiýasy döredildi. Şol günden bäri hem ýurdumyzda sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan ýaşlaryň sany günsaýyn artýar. Türgenleşiklerde nyşana dogry çenemek, eliň myşsalaryny güýçlendirýän we uzak aralykdan atmak başarnygyny kämilleşdirýän dürli maşklar jemlenendir.

Atly sportuň ezberi

Ulus-ilimiziň ykbalyndaky nurana bedewlerimiziň at-owazasy Gahryman Arkadagymyzyň yhlasy bilen älem-jahana ýaň salýar. Arzuwlara ganat berýän ahalteke bedewleriniň şöhraty bütin dünýäde dabaralanýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Atçylyk sporty bilen gyzyklanýan ýaşlaryň biri hem Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Ýazgeldi Garajaýewdir. Ol üç ýyl bäri atçylyk sportunyň konkur görnüşi bilen meşgullanyp gelýär. Dogany Begli Garajaýewden at münmegiň, at çapmagyň inçe syrlaryny öwrenen Ýazgeldi konkur boýunça ussat türgenleriň biri bolan Nikolaý Beglarýandan behişdi bedewi bilen öňde duran päsgelçilikden şowly geçmegiň, bäsleşik wagtynda atyň üstünde özüňi erkin alyp barmagyň inçe syrlaryny öwrenýär.

Sport syýasatynyň gadamlary

Ussatlyk sapagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň sport ulgamyny ösdürmekdäki alyp barýan işleri oňyn netijesini berýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sport desgalarynyň, mekdepleriniň gurlup, ulanylmaga berilmegi, şeýle hem olarda sportuň ähli görnüşleri bilen meşgullanmaga mümkinçilikleriň döredilmegi muňa aýdyň mysal bolup durýar.

Sportuň aýrylmaz şahasy

Köpçülikleýin sportuň we bedenterbiýäniň aýrylmaz şahasyna öwrülen welosipedli ýörişler ýurdumyzda däbe öwrüldi. Bu ýöriş soňky ýyllarda aýratyn ýörgünli boldy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýanyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde bolup geçen 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen degişli Kararnama kabul edilip, Bütindünýä welosiped güni döredildi. Şonuň netijesinde hem her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününi bellemek asylly däbe öwrüldi. Dünýäniň 56 döwleti Bütindünýä welosiped güni baradaky Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.

Türkmenistan — sport ýurdy

Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara sport hyzmatdaşlygynyň barha işjeňleşmegi we eziz Watanymyzda halkara sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilmegi döwletleriň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrýar. Şeýle hem bu halkara ýörelgeleri mähriban Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynda we döwletimizde sportuň okgunly ösdürilmegine, bu babatdaky durmuşa geçirýän işlerinde öz beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryndaky sport diplomatiýasy uly üstünliklere eýe bolýar. Sport — durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ygtybarly güýç bolup durýar.

Sport habarlary

Badminton Türkmenabat şäherindäki 6-njy sport mekdebinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň hem-de welaýat sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň bilelikde guramaklarynda badminton boýunça 2009—2010-njy ýyllarda doglan oglan-gyzlaryň arasynda welaýatyň birinjiligi ugrunda ýaryş geçirildi.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň sakasy

Häzirki döwürde berkarar Watanymyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň, sport-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine uly üns berilýär. Şonuň bilen baglanyşykly ýurdumyzda raýatlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap sport desgalarynyň yzygiderli gurulmagy uly ähmiýete eýe bolýar. Bu zatlar ynsan saglygyny berkitmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmakda hem möhüm bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Bedenterbiýe we sport, sagdyn durmuş ýörelgeleri dünýä medeniýetiniň örän möhüm gymmatlyklarydyr. Ynsany beden taýdan taplamak bilen çäklenmän, onuň dünýägaraýşyny hem kämilleşdirýän bu gymmatlyklar biziň döwletimiziň durmuş we ykdysady, medeni taýdan sazlaşykly ösüşini üpjün edýän esasy görkezijiler bolup durýar». Şoňa görä-de, bu gün ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek ugrunda durmuşa geçirilýän ajaýyp işler bu ugruň döwlet syýasatynda ileri tutulýandygyndan nyşandyr.

Sport habarlary

Magtymguly etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölümi bilen «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň etrap bölümi ýeňil atletikanyň birnäçe görnüşi boýunça mekdep okuwçylarynyň arasynda ýaryş geçirdiler. Oglanlaryň arasynda 100 metr aralyga ylgamak boýunça guralan bäsleşikde 2-nji orta mekdepden Umyt Durdyýew, 19-njy orta mekdepden Rahat Batyrow, 1-nji orta mekdepden Durdy Täçmyradow dagy degişlilikde birinji, ikinji, üçünji orunlary eýelediler. Gyzlaryň gatnaşmaklarynda 60 metr uzaklyga ylgamakda şeýle netijeleri degişlilikde 13-nji orta mekdebiň okuwçysy Leýla Sarçaýewa, 19-njy orta mekdepden Ogulgerek Annaýewa, 1-nji orta mekdebiň türgeni Gözel Ahadowa görkezmegi başardylar.

Ildeşlerimiz ikinji orunda

Golaýda Aşgabat şäherinde oglanlaryň we gyzlaryň arasynda ýeňil atletika boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Onda welaýatymyzyň ýygyndy topary hem üstünlikli çykyş etdi. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen türgenler naýza zyňmak, uzynlygyna, ýokarlygyna, üçürdikläp bökmek, 1500, 3000, 800, 400 metr aralyklara, 100 hem-de 400 metr aralyklara päsgelçilikli ylgamak boýunça bäsleşdiler. Umumy netijeler boýunça Aşgabat şäheriniň ýygyndy topary birinji, welaýatymyzyň topary ikinji orny eýeledi. Mary welaýatynyň topary bolsa üçünji orna mynasyp boldy.

Har­by tür­gen­ler ýo­ka­ry ne­ti­je­le­re eýe bol­du­lar

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda sporty we bedenterbiýe hereketlerini giňişleýin wagyz etmekde hem-de ony ösen derejä ýetirmekde ähli ulgamlarda uly işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň arasynda ýygy-ýygydan geçirilýän sport bäsleşikleri bolsa, aýdanlarymyza aýdyň subutnamadyr. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby türgenleri şu ýylyň maý aýynda sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça geçirilen ýaryşlarda, ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda guralan XII uniwersiadada üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Türgenlerimiziň fiziki häsiýetlerini ýüze çykaryp, erjellik bilen gazanan üstünlikleri barada aýdanymyzda, ýeňil atletikanyň uzynlygyna bökmek görnüşi boýunça harby talyp Kerim Abdyýew 2-nji, 4x100 estafeta görnüşi boýunça harby talyplar Allanur Hümmilow, Begenç Beşimow, Nowruz Saburow, Kerim Abdyýew dagy 2-nji, 400 metr aralyga ylgamak boýunça harby talyplar Maksat Saparow 2-nji, Abdyrahman Nurgeldiýew 3-nji orny eýelemegi başardylar.

Sporta bolan belent söýgi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdürmäge uly üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň şahsy göreldesi bilen ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri ýaýbaňlandyrylýar, sagdyn durmuş ýörelgesi alnyp barylýar. Ýaşlary sporta höweslendirmek maksady esasynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga ähli şertler döredilýär. Sagdyn bedende sagdyn ruhuň emele gelmegi üçin sport bilen meşgullanmak zerur bolup durýar. Çünki, sport bilen meşgullanýan adam sagdyn hem berk bedenli, ruhubelent bolýar. Ekologiki taýdan arassa, howpsuz ulag hasaplanýan welosipedli gezelenç etmek adamyň saglygy üçin diýseň peýdalydyr. Dürli keselleriň öňüni almakda, ýürek-damar, dem alyş, daýanç-hereket, nerw, immun ulgamlarynyň işini gowulandyrmakda, artyk agramy aýyrmakda peýdalydyr.

Önüm­çi­lik maşk­la­ry

Önüm­çi­lik maşk­la­ry — bu işe bo­lan uky­by ýo­kar­lan­dyr­mak, sag­ly­gy ber­kit­mek we ýa­daw­ly­gyň öňü­ni al­mak mak­sa­dy bi­len iş ýe­rin­de ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän, önüm­çi­li­giň gün ter­ti­bi­ne gi­ri­zi­len maşk­lar top­lu­my­dyr. Önüm­çi­li­giň do­wa­myn­da oňaý­syz tä­sir­le­ri azald­ýan we işe ukyp­ly­ly­gy ýo­kar­lan­dyr­ýan maşk­la­ry zäh­met to­par­la­ry­na gö­rä saý­la­nyl­ýar.Bi­rin­ji zäh­met to­pa­ry­na nerw ul­ga­my­nyň iş­jeň­lik de­re­je­si­ne, gö­rüş ul­ga­my­na ag­ram sal­ýan, az he­re­ket­ler­de uly ün­si ta­lap ed­ýän we bir­meň­zeş iş he­re­ket­li hü­när­le­r, ýag­ny üz­nük­siz önüm­çi­lik ha­ta­ryn­da zäh­met çek­ýän­ler, ope­ra­tor­lar, ti­kin­çi­ler, sort­laý­jy­lar, ow­nuk bö­lek­li önüm­le­ri gap­laý­jy­lar, prog­ram­mist­ler, in­že­ner-teh­no­log­lar, gö­zeg­çi­ler, trans­port-lo­gis­ti­ka hü­när­men­le­ri, äti­ýaç­lan­dy­ryş ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri de­giş­li­dir.Bu maşk­lar ýü­rek-da­mar, dem alyş ul­gam­la­ry­nyň iş­jeň­li­gi­ni ýo­kar­lan­dy­ryp, esa­sy myş­sa to­par­la­ry­ny he­re­ket­len­dir­ýär. Bi­rin­ji zäh­met to­pa­ry­na de­giş­li bo­lan önüm­çi­lik maşk­lar top­lu­my

Sagdyn nesil — sagdyn jemgyýet

Sagdyn adam durmuşa, ýaşaýşa höwesli, ruhubelent bolýar. «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» ýörelgesi beden we ruhy sagdynlygyň sazlaşygynyň ündewi bolup ýaňlanýar. Bu şygary baýdak edinip, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde dürli sport we medeni çäreler yzygiderli geçirilýär, saglyk bilen bagly wagyz-nesihat işleri alnyp barylýar. Şeýle bolansoň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hasaplanýan Türkmenistanda adam saglygy hakdaky alada her bir tutumly başlangyjyň özenini emele getirýär. Il-günümiz «Saglyk bolsa, beglik bolar», «Saglygym — baş baýlygym», «Giň bolsaň, kem bolmaz, saglykdan özge dem bolmaz», «Az iýen tebip gözlemez», «Iýeniň — az, saglygyň — saz», «Ähli zadyň sakasy — saglyk» ýaly parasatly pähimlere uýup, nesillere saglygyň gadyryny bilip ýaşamagy, işlemegi, döretmegi ündäpdir.

Çempionlar unudylmaýar

Ýadyňyzdadyr, hormatly Prezidentimiz agyr atletikaçy gyz Ýulduz Jumabaýewa 2018-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň altyn medalyny gowşuranda, Altymyrat Orazdurdyýew, Marat Nyýazow ýaly, dünýä meşhur türgenlerimizi uly hormat bilen ýatlady. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, olaryň sport äleminde gazanan üstünlikleri bu günki nesiller üçin görelde mekdebidir. Ussat türkmen agyr atletikaçysy Altymyrat Orazdurdyýew barada dürli dillerde onlarça makala ýazyldy. Onuň haýsy ýyllarda dünýäniň, haýsy ýyllarda Ýewropanyň, haçan Aziýanyň çempiony bolandygyny, belki, okyjylarymyz bizden has gowy bilýändirler. Şu ýazgylara girişmezden ozal, biz türkmeniň pälwan gerçegi barada ýazylan makalalaryň birnäçesine göz gezdirdik. «Dokuz doganyň biri, alty ogluň iň körpesi», «kakasy aradan çykandan 40 gün geçenden soň dünýä inen», «ilkinji tälimçisi ― öz agasy onuň müçesini kiçi görüp, birbada rugsat bermändir», «1981-nji ýylda agyr atletika bilen ymykly meşgullanyp başlap, bary-ýogy sekiz ýyldan soň dünýäniň çempiony bolan»... Altymyrat Orazdurdyýew baradaky her bir gürrüň bu gün gyzykly erteki ýaly diňlenilýär. Bu gürrüňleriň, ýazylanlaryň içinde bihaly ýok. Şolaryň ählisinden hem Altymyrat Orazdurdyýewiň özüniň türkmendigine bolan belent buýsanjyny duýmak bolýar. Bu türkmen gerçeginde Olimpiýa oýunlarynyň medalyny gazanmaga hem mümkinçilik döräpdir. Käbir sebäplere görä, oňa bu üstünlik

Sport. Sport. Sport.

Ussat türgenler ýetişýär Tagtabazar etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň sport mekdebinde sportuň 7 görnüşi boýunça tälim berilýär. Sport mekdebinde ussat tälimçi Agzamguly Gurbangeldiýew ýaş woleýbolçy türgenleriň 30-a golaýyna tälim berýär. Mekdebiň ýaş woleýbolçy türgenleri etrap, welaýat boýunça guralýan ýaryşlarda baýrakly orunlary eýeläp gelýärler.

Güýçlüler öňe saýlandy

Gökdere jülgesindäki «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde sport ýaryşlary geçirildi. «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň bilelikdäki meýilnamasy esasynda geçirilen ýaryşlara merkezde dynç alyp, saglygyny berkidýän çagalar gatnaşdy. Mekdep okuwçylarynyň dynç alyş günleriniň manyly we netijeli geçmegini, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegini gazanmak, sport-sagaldyş hereketlerine bolan höwesini ýokarlandyrmak we sportda tapawutlanýan ýaşlary höweslendirmek maksady bilen geçirilen ýaryşlara gyzyklanma ýokary boldy. Şaşka, futbol, woleýbol, ýeňil atletika ýaly görnüşler boýunça guralan ýaryşlara toparlaryň birnäçesi goşuldy.

Türkmen futbolçylarynyň üstünligi

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Dünýä çempionaty — 2022-niň ikinji saýlama tapgyryny ýeňiş bilen tamamlady. Aziýa yklymy boýunça saýlama duşuşyklaryň «H» toparçasynda ýaryşan türkmen futbolçylary düýn — 9-njy iýunda Liwanyň ýygyndysyndan 3:2 hasabynda üstün çykyp, janköýerlerini begendirdi. Ýeri gelende aýtsak, Ýer ýüzüni gurşap alan koronawirus pandemiýasy sebäpli saýlama tapgyryň ahyrky duşuşyklary merkezleşdirilen görnüşde geçirildi. Şeýlelikde, Aziýanyň Futbol konfederasiýasy «H» toparçanyň duşuşyklaryny Koreýa Respublikasynda geçirmek kararyna geldi. Şol karara laýyklykda, türkmen futbolçylary toparçadaky soňky iki duşuşygyny bu döwletde geçirdi. Olaryň ilkinjisinde ýer eýelerinden asgyn gelen ildeşlerimiz ikinji duşuşykda toparçada öňdäki iki ornuň birini eýelän bäsdeşini — Liwanyň ýygyndysyny ýeňmegi başardy. Duşuşykda biziň ýygyndymyzyň pökgülerini 59-njy minutda Zafar Babajanow, 85-nji minutda Güýçmyrat Annagulyýew, goşmaça wagtyň 1-nji minudynda Altymyrat Annadurdyýew geçirdi.

Ruhubelentligiň mekany

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda adam we onuň saglygy hakyndaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak babatynda alnyp barylýan ägirt uly işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda Halkara Olimpiýa komiteti we sport federasiýalary bilen ýygjam gatnaşyk alnyp barylýar, sportuň köp görnüşleri, şol sanda welosiped sporty barha uly ösüşlere eýe bolýar. Paýtagtymyz Aşgabadyň gözelligine gözellik goşýan ajaýyp Olimpiýa şäherçesi diňe bir halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýänliginiň nyşany däl-de, eýsem, halkymyzyň sporta bolan söýgüsiniň hem nyşanydyr. Bu ýerde 2017-nji ýylyň sentýabrynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, 2018-nji ýylyň noýabrynda bolsa Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty üstünlikli geçirildi.

Eýranly türkmen russiýada ýylyň futbolçysy boldy

«Zenit» futbol klubunyň hüjümçisi, eýranly türkmen Serdar Azmun 2020 — 2021-nji ýylyň möwsüminde Russiýanyň Premýer ligasynyň iň gowy futbolçysy diýlip yglan edildi. Geçirilen ses berlişikde 76 utuk toplan eýranly türkmen ýigidi birinji orny eýeledi. Ol geçen möwsümde topary bilen 24 duşuşyga gatnaşyp, 19 gezek tapawutlanypdy. Şeýle hem bassyr üçünji gezek Russiýanyň çempiony boldy. Ýylyň iň gowy futbolçysyna berlen seslerde 61 utuk bilen ikinji orna «Zenitden» Artýom Dzýuba, 51 utuk bilen üçünji orna «Soçiden» Kristian Noboa mynasyp boldy. Ses berlişige Tinkoff ― RPL-niň baş tälimçileri, kapitanlary, Russiýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Stanislaw Çerçesow we «Matç Premýer» teleýaýlymynyň sport teswirçileri gatnaşdylar.

Maradona — dünýä futbolynyň ägirdi

«Futbolyň Mikelanjelosy», «Altyn oglanjyk» diýen lakamlar bilen derejelenen, dünýä futbolynda gaýtalanmajak yz goýmagy başaran argentinaly Diýego Maradona, bilşimiz ýaly, geçen ýylyň noýabrynda, 60 ýaşandan soň kän wagt geçmänkä aradan çykdy. XX asyryň iň güýçli üç futbolçysynyň biri diýlip ykrar edilen, «The Times» gazeti tarapyndan bolsa dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky iň güýçli futbolçy diýlip saýlanan dünýä futbolynyň ägirdi Maradona hakynda aýdylanlar okyjylarymyzy biparh goýmaz diýip pikir edýäris. Fransisko Korneho,