Har­by tür­gen­ler ýo­ka­ry ne­ti­je­le­re eýe bol­du­lar

16 Iýun 2021
1137

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda sporty we bedenterbiýe hereketlerini giňişleýin wagyz etmekde hem-de ony ösen derejä ýetirmekde ähli ulgamlarda uly işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň arasynda ýygy-ýygydan geçirilýän sport bäsleşikleri bolsa, aýdanlarymyza aýdyň subutnamadyr. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby türgenleri şu ýylyň maý aýynda sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça geçirilen ýaryşlarda, ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda guralan XII uniwersiadada üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Türgenlerimiziň fiziki häsiýetlerini ýüze çykaryp, erjellik bilen gazanan üstünlikleri barada aýdanymyzda, ýeňil atletikanyň uzynlygyna bökmek görnüşi boýunça harby talyp Kerim Abdyýew 2-nji, 4x100 estafeta görnüşi boýunça harby talyplar Allanur Hümmilow, Begenç Beşimow, Nowruz Saburow, Kerim Abdyýew dagy 2-nji, 400 metr aralyga ylgamak boýunça harby talyplar Maksat Saparow 2-nji, Abdyrahman Nurgeldiýew 3-nji orny eýelemegi başardylar.

Myrat EKBERDIÝEW,
maýor.