Güýçlüler öňe saýlandy

10 Iýun 2021
938

Gökdere jülgesindäki «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde sport ýaryşlary geçirildi. «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň bilelikdäki meýilnamasy esasynda geçirilen ýaryşlara merkezde dynç alyp, saglygyny berkidýän çagalar gatnaşdy.

Mekdep okuwçylarynyň dynç alyş günleriniň manyly we netijeli geçmegini, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegini gazanmak, sport-sagaldyş hereketlerine bolan höwesini ýokarlandyrmak we sportda tapawutlanýan ýaşlary höweslendirmek maksady bilen geçirilen ýaryşlara gyzyklanma ýokary boldy. Şaşka, futbol, woleýbol, ýeňil atletika ýaly görnüşler boýunça guralan ýaryşlara toparlaryň birnäçesi goşuldy.

Güljemal ATDAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň baş hünärmeni.