Gurmak bagty

7 Iýun 2024
526

Bu günki gün türkmen telekeçileri ýurdumyzyň dürli künjeginde medeni-durmuş maksatly binalary gurýarlar. Olar şäherlerimiziň, oba-şäherçelerimiziň keşbini has-da gözelleşdirýärler. Şeýle döwletli işlere «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasynyň hünärmenleri hem işjeň gatnaşýarlar. Olar ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň çäklerinde ýaşaýyş jaýlaryny, kottejleri abatlamak we gurmak, olary bezemek, binalaryň hem-de desgalaryň durkuny täzelemek boýunça hyzmatlaryň doly toplumyny amala aşyrýarlar.

Hususy kärhananyň zähmetkeşleri Arkadag şäheriniň Gurluşyk toplumynyň, Saglygy goraýyş müdirliginiň edara binalaryny, 1 sany 7 gatly, 28 öýli ýaşaýyş jaýyny, şeýle-de paýtagtymyzyň Gurtly ýaşaýyş toplumynda 5 sany 4 gatly, 40 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny alyp bardylar. Bu toplumda 1 sany 2 gatly söwda dükanyny hem gurdular.

Akmyrat NURALYÝEW.
«Türkmenistan».