''Arkadagly ýaşlar" žurnaly

Esaslandyryjysy-Türkmenistanyň magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy Salgysy: aşgabat ş.,garaşsyzlyk şaýoly; 104 Tel.:(993 12) 44-88-80; faks:44-88-94 Poçta salgysy: arkadaglyyashlar@gmail.com

Habarlar

Okuw-maslahat geçirildi

Golaýda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň, “Akylly hyzmat” hojalyk jemgyýetiniň bilelikde guramagynda onlaýn okuw-maslahaty geçirildi. Okuw-maslahata TDEI-niň, Mary nebitgaz orta hünär mekdebiniň, S.A. Nyyazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebiniň, Aşgabat şäherindäki we Lebap welaýatyndaky orta hünär mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Maslahatda “Akylly hyzmat” hojalyk jemgyýetiniň hünärmeni Begenç Çaryýew, TDEI-niň mugallymlary Arslan Agaýew, Maksat Gurbansähedow çykyş etdiler. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilim ulgamyna aýratyn üns berilýändigi, ýaş nesilleriň geljekde ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlar bolup kemala gelmegi ugrunda giň mümkinçilikleriň döredilýändigi barada täsirli gürrüň edildi.

Mukaddesligi arzylap

Ýaş nesilde milli gymmatlyklarymyza we zähmete söýgi döretmek maksady bilen, okuwçylarymyzyň gatnaşmaklarynda şäher derejeli göreldeli okuw sapaklaryny ýygy-ýygydan geçirýäris. Ýakynda geçiren şeýle sapaklarymyzyň birini 2-nji synpda bugdaýyň we mele nanyň mukaddesligine bagyşladyk. Oňa welaýat baş bilim müdirliginiň wekilleri we şäherimizdäki beýleki mekdeplerden gelen başlangyç synp mugallymlary gatnaşdylar. Göreldeli okuw sapagymyzy maksada laýyk geçirmekde Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan çykan we tagallasy bilen çap edilen kitaplar esasy gollanmamyz boldy. Çagalar «Paýhas çeşmesi» atly kitapdan çörege, bugdaýa bagyşlanan atalar sözlerini suwara bilýändiklerini görkezdiler. «Akylly» tagtadaky şekillerdir wideogörnüşler boýunça geçiren pikir alyşmalarymyz hem netijeli boldy. Onuň dowamynda çagalar bilen bugdaýyň ýetişdirilişi barada gürrüň etdik. Dünýä dillerini gowy özleşdirýän okuwçylarymyz Gurbanýaz Daşgynow, Kerim Gurbannepesow ýaly şahyrlarymyzyň mukaddes çörege bagyşlan goşgularyny rus dilinde ýatdan aýdyp berdiler. Soňra olar «Çörek desterhanlarymyza nähili gelýär?» diýen sowala algoritmiki suratlaryň üsti bilen jogap berdiler.

Bilim ojaklarymyz ― iň gowularyň hatarynda

Etrabymyzdaky bilim we terbiýeçilik edaralary Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan yglan edilen «Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy çagalar bagy» hem-de «Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy mekdep» atly bäsleşikleriň ýeňijileri boldular. Ýakynda ministrligiň mejlisler zalynda ýeňijiler, şonuň ýaly-da köp ýyllaryň dowamynda bilim ulgamynda çeken döredijilikli zähmetleri, bilim işini häzirki zamanyň ösen talaplary esasynda ýokary derejede guramakda, okuwçylara berilýän bilimiň mazmunyny has-da baýlaşdyrmakda, hilini ýokarlandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary üçin işine ussat halypalar, göreldeli işleýän mugallymlar sylaglanyldy.

Robot taslamalarynyň bäsleşigi

Ýakynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Innowasiýa ylmy-okuw merkeziniň guramagynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan yglan edilen ýaşlaryň arasynda robot tehnologiýasy boýunça bäsleşik geçirildi. Oňa Diýarymyz boýunça ýaşlaryň 272-si gatnaşyp, olaryň 181-si mekdep okuwçylaryndan, 91-si orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan ybarat. Bäsleşigiň çäklerinde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň, bilim merkezleriniň hem-de robot tehnologiýasy we emeli aň tehnologiýasynyň üsti bilen bilim bermegiň aýratynlyklaryny, ösüş ugurlaryny açyp görkezýän sergi hem guraldy. Sergide birnäçe ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň, «Imdat elektronika», «Gyrat», «Milli ulgam», «Dana», «Päk nesil» ýaly bilim merkezleriniň bu ugurdaky mümkinçilikleri we taslamalary, şeýle hem Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň okuwçylarynyň taýýarlan robotlary tanyşdyryldy. Degişli meýilnama laýyklykda, ýaryşlar «Sumo robotlaryň bäsleşigi», «Labirint bäsleşigi», «Topar taslamalarynyň bäsleşigi» hem-de «Ak ýerde gara çyzyklar boýunça hereket edýän robotlaryň bäsleşigi» diýen ugurlar boýunça geçirildi. Oňa gatnaşyjylaryň geçen ýylkylardan has artandygy ýurdumyzyň ýaşlarynda robot tehnologiýalaryna bolan gyzyklanmanyň barha ýokarlanýandygynyň güwäsidir.

Ýaşlarda ekologik bilimi ösdürip

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ekologiýa dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi. Oňa daşary ýurtlaryň 70-e golaý ýokary okuw mekdebinden hem-de ýurdumyzdan jemi 500 talyp gatnaşdy. Olimpiadanyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar, ilki bilen, bu ýerde ýaş alymlaryň we talyplaryň taýýarlan ylmy-taslama işleri bilen tanyşdylar. Dabarada çykyşlara giň orun berildi. Olarda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde daşky gurşawy goramak we ekologik abadançylygy pugtalandyrmak babatda alnyp barylýan işler dünýä nusgalyk bolup, ýurdumyzyň bu ugurda halkara giňişlikde öňe sürýän başlangyçlary umumadamzat ähmiýetlidir. Şunda ekologiýa syýasatyny ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmek, olaryň ekologik bilimlerini we endiklerini kämilleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän halkara internet ekologiýa olimpiadasynyň möhüm ähmiýeti nygtaldy.

Kämillik menzilleri

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan özüniň ösüşinde, geçirýän özgertmelerinde ylma-bilime aýratyn ähmiýet berýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Iň gymmatly miras terbiýedir, terbiýe bolsa ylym, bilimdir» diýip, «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda belläp geçýär. Ylym-bilim pudagy döwletimizde ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlenýär. Häzirki döwürde sanly bilim ulgamyna geçmek çalt depginler bilen alnyp barylýar. Bilimiň sanlylaşdyrylmagy okuw işiniň ilerlemegine şert döretdi. Ýurtda bilimi dünýä ülňülerine laýyk ýola goýmaga köpugurly mümkinçilikler kemala getirildi.

Ýaş nesliň aladasy ilkinji orunda

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň geljegi barada uly alada edilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan mekdeplerdir dynç alyş we sagaldyş merkezleri ýaş nesillere hyzmat edýär. Döwrebaplaşdyrylan bilim ulgamy nesillerimiziň bilimli bolmagyna, olaryň geljekde durmuşda öz orunlaryny tapmagyna ýakyndan ýardam berýär. Ýaş nesil baradaky alada maşgaladan, çagalar bagyndan başlanýar. Perzentleriň ata-eneden görelde almagy olaryň geljekde edep-terbiýeli bolup ýetişmeginiň esasy şertidir. Çünki çaganyň maşgalada alan terbiýesiniň, görüm-göreldesiniň, durmuş endikleriniň, kemala gelýän dünýägaraýşynyň onuň geljekki durmuşynda uly orny bardyr. Ene-ata, terbiýeçä, mugallyma terbiýe meselesinde köp zat baglydyr. Körpeleriň maksada okgunly, başarnykly şahsyýet bolup kemala gelmeginde milli oýunlaryň üsti bilen berilýän terbiýäniň orny hem uludyr.

Geljek zehinli ýaşlaryň elinde

Bilim, ylym ähli döwürde hem uly ösüşleriň binýady bolup, adamzat durmuşynyň ilerlemegini üpjün edipdir. Bu ulgamda gazanylan üstünlikler döwletleriň hem ösüşiniň gözbaşydyr. «Ýüz okasaň — ýat, müň okasaň — binýat», «Bilimli — uçar, bilimsiz — gaçar» diýen parasatly ata-babalarymyz ýaş nesliň ylymly-bilimli bolup ýetişmeklerini sargyt edipdirler. Ata-babalarymyzdan galan mirasy kämillik derejesine ýetirýän zehinli, işbaşarjaň, edenli ýaşlar ýurt ösüşlerine öz goşantlaryny goşýarlar. Hormatly Prezidentimiz: «Her bir döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşi ylym bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmek biziň alyp barýan işlerimiziň esasy bolmalydyr» diýip, ýaşlaryň bilimli, ylymly, zähmetsöýer, watansöýüji, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri babatda ähli tagallalary edýär.

Rowaçly menziller

Okgunly ösüşleri bilen barha öňe barýan, ykdysady kuwwaty günsaýyn ýokarlanýan berkarar Watanymyz guwanjymyzdyr, buýsanjymyzdyr. Ýurdumyzyň beýik ösüşleri we özgertmeleri kalbymyzy joşa getirip, bizi has-da tutanýerli we netijeli zähmete ruhlandyrýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly şygary astynda üstünliklere we rowaçlyklara beslenen şanly ýylyň tamamlanyp barýan çagynda Watanymyzyň ösüşlerine nazar aýlanyňda ýüregiň has-da heýjana gelýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden toý edilen şöhratly ýylymyzda ýurdumyzyň beýleki ugurlarynda bolşy ýaly, bilim ulgamynda ajaýyp üstünliklere ýetildi. Güneşli Diýarymyzdaky bilim-terbiýeçilik ojaklarynyň üsti döwrebap mekdeplerdir çagalar baglary bilen ýetirildi. Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýanyň kabul edilmegi bolsa bilim işgärleriniň durmuşynda şatlykly waka öwrüldi.

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl mynasybetli breýn-ring geçirer

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramy mynasybetli ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Açyk breýn-ring geçirler. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldaw bermeginde ýokary okuw mekdebi tarapyndan guralan «Hemişelik Bitaraplyk – baky bagtyýarlyk» atly akyl-paýhas bäsleşigi 8-nji dekabrda geçiriler. Bäsleşige gatnaşmak üçin eýýäm ýokary okuw mekdepleriň 15-si ýüz tutdular. Olaryň hatarynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty we beýlekiler bar.

Daşary ýurt dillerini öwretmekde täzeçil usullar

Ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan wekiller gatnaşdylar. Iki günläp dowam eden maslahatda dilleri öwrenmegiň we okatmagyň döwrebap usullary, Türkmenistanda dil bilimini ösdürmekde ýetilen sepgitler, halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatda ýurdumyzda aýry-aýry dilleri öwretmekde daşary ýurtlar bilen alnyp barylýan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Filipp Merleniň çykyşy hem bu ugurdaky türkmen-fransuz gatnaşyklaryna bagyşlandy.

Dünýä dilleri — dostluk köprüsi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň şöhratly ösüşleri nazarlaýan täze eýýamynda röwşen geljegimiziň ylmy esasly bilim binýadynyň kemala getirilmegi üçin milli bilim ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär, bu ugurda dünýä döwletleri, iri halkara guramalary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk has-da çuňlaşdyrylýar. Ynha, şu ýylyň 5-6-njy dekabrynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanda innowasion ösüşlere, bilim ulgamyna öňdebaryjy tejribeleri we häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrmak, sanly bilim we daşary ýurt dillerini innowasiýalar esasynda okatmagy kämilleşdirmek boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda toplanan oňyn tejribelerden ugur alnyp, «Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu ylmy-amaly maslahata ýurdumyzyň we Russiýanyň, Hytaýyň, Hindistanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Türkiýäniň, Koreýa Respublikanyň, Wýetnamyň, Taýlandyň, Özbegistanyň ylmy edaralaryndan, ýokary okuw mekdeplerinden alymlaryň uly topary gatnaşdy. Kanada, Awstraliýa, Meksika, Beýik Britaniýa, Ýaponiýa, Şri-Lanka, Tanzaniýa, Gazagystan, Gyrgyzystan ýaly ýurtlaryň ylmy edaralarynyň alymlary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary bolsa oňa onlaýn görnüşinde gatnaşdylar.

Bilim ösüşleriň binýadydyr

Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilimi ösdürmek, kämil hünärmenleri kemala getirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär, ýaşlaryň döwrebap bilimleri özleşdirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda maksatnamalaýyn işler amala aşyrylyp, bilim edaralarynda okatmagyň iň döwrebap ugurlary ösdürilýär. Türkmen halky ylym-bilime, kitaba uly sarpa goýýar. Şonuň üçin hem ösüp gelýän ýaş nesle bilim öwretmekde hem, olaryň ylym-bilimli bolup ýetişmekleri üçin hem uly aladalar edilýär. Bilim ähli ösüşleriň gözbaşy hasaplanylýar. Ýurdumyzyň ykdysady ösüşini we kuwwatlylygyny üpjün etmekde ilata ýokary hilli bilim bermegiň möhüm ähmiýeti bardyr. Şonuň üçin hem, ilkinji nobatda, ýaş hünärmenleri taýýarlamak, olaryň hünärine ökde ýaşlar bolup ýetişmegini gazanmak bilim ulgamynda aýratyn orna eýe bolup durýar. Munuň üçin bilim işgärleriniň, mugallymlaryň döredijilikli zähmet çekýändigini aýratyn bellemek gerek. Şeýle işler geljekde ýurduň durnukly ösüşini üpjün etjek ýaşlaryň kemala gelmegine ýardam berýär.

Bagtyýar döwrüň merdana nesilleri

Geçen şenbede paýtagtymyzdaky «Watan» kinokonsert merkezinde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 3—5-nji synplarynda okaýan oglanlaryň arasynda yglan edilen «Merdana nesil — 2024» atly bäsleşigiň döwlet möçberindäki tapgyry geçirildi. Bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli guraldy. Bäsleşik ýurdumyzyň çagalarynyň, okuwçy ýaşlarynyň ruhy taýdan ösmegini, edep häsiýetleriniň berkemegini gazanmaga, şeýle-de milli medeniýetimizi we sungatymyzy yzygiderli ösdürmäge, ösüp gelýän ýaş nesliň sungat äleminde zehinli hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmaga, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet syýasatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen geçirildi.

Dil – dostluk köprüsi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamy döwrebap kämilleşdirilýär. Bilim edaralarynda okatmagyň innowasion usullary ýola goýulýar. Bu usullary netijeli peýdalanmak bilen ýaş nesliň bilimli, terbiýeli, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi gazanylýar. Ýurdumyzyň bilim edaralarynda ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek işi ýokary derejede alnyp barylýar. Häzirki wagtda ylym-bilimi ösdürmek, ýaşlary giň dünýägaraýyşly edip ýetişdirmek esasy ugurlaryň biridir. Şunda daşary ýurt dilini bilmek we ony ulanmagy başarmak babatda ýaşlara giňişleýin düşünje berilýär. Ýurdumyzda häzirki wagtda ýaşlar daşary ýurt dillerini has-da oňat özleşdirýärler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda amala aşyrylýan taryhy ähmiýetli özgertmeler döwrebap häsiýetlidigi bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzda ýokary hilli bilim bilen bir hatarda ýaş nesliň döwrebap terbiýesi hem derwaýys hasaplanýar. Häzirki döwürde ýaşlarymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi, watançylygyň belent ruhunda terbiýelenmegi, täze bilimleriň özleşdirilmegi bilen baglanyşykly möhüm wezipeleriň durmuşa geçirilýändigini aýratyn bellemek gerek. “Dil bilen dünýäni gezer” diýen parasatly pikire uýan dana pederlerimiz diňe bir öz ene dilimizi däl, eýsem, beýleki dilleri öwrenmegiň hem möhümdigini nesillere öwüt edipdirler, çünki beýleki halklar bilen syýasy, ykdysady, medeni

Ýaş zehinli sungat ussatlarynyň sergisi

Ýakynda Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdebinde «Ýaş zehinler» atly sungat hepdeligi geçirildi. Okuw mekdebiniň surat mugallymy Gülşat Orazberdiýewanyň ýolbaşçylygynda okuwçylar şekillendiriş sungatynyň dürli görnüşleri boýunça özleriniň ukyp başarnyklaryny görkezdiler. Ýaş zehinlileriň öz elleri bilen döreden sungat eserleri mekdebiň zalynda sergilendi. Bu çäräniň esasy maksady tebigatdaky zyňyndylary azaltmak, daşky gurşawy arassa saklamakdyr. Okuwçylar polipropilen galyndylaryndan, güýz ýapraklaryndan zenan lybaslarynyň dürli görnüşlerini ýasap mugallymlaryň ýokary bahasyna mynasyp boldular. Zehinli okuwçylar ýörite hünär derslerinde alan bilimlerini amaly işleriniň üsti bilen ýagny döreden eserleriniň netijesinde görkezdiler. Ösüp gelýän ýaşlary sungat ýoluna, çeper döredijilige gyzyklandyrmak, olaryň ukyp-başarnyklaryny açmak maksady bilen geçirilen bu çäre okuwçylarda uly täsir galdyrdy. Ýurdumyzda halkymyzyň baý medeni mirasyny, milli sungatynyň taryhyny öwrenip, milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek, maddy we ruhy medeni mirasymyzy geljek nesillere ýetirmek üçin, sungatyň dürli görnüşlerine degişli ýokary çeperçilikli täze eserleri döretmek üçin ähli şertler döredilýär. Geljekki ýaşlaryň kämil derejede bilim almaklary üçin döredilýän döwrebap mümkinçilikler bilesigeliji ýaşlaryň döredijilik ukyplarynyň  kemala gelmegind

Milli dilim – pederlerden serpaýym

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan ruhy baýlygymyz bolan ene dilimizi öwrenmek hem-de öwretmek üçin ähli şertleri döredilendir. Şol şertlerden peýdalanyp, bilim işgärlerine - mugallymlara döwrebap işlemek, öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek galýar. Ýurdumyzda ene dilimizi çuňňur öwretmek babatda edilýän işler we bu ugurda döredilýän şertler mugallymlary okatmagyň netijeli ýollaryny gözlemäge gönükdirýär. Mugallymyň esasy işi okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekdir. Dilçi mugallymlaryň täze tejribeleri öwrenmäge bolan ymtylmalary usuly taýdan sapaklary dogry guramakda esasy zerurlykdyr. Häzirki wagtda, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek möhüm ähmiýetli wezipeleriň biri bolup durýar. Pederleriň ýörelgesini parasatly dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda kabul edilen “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” esasynda geljegimiz bolan ýaşlaryň terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, sagdyn bedenli bolmagy, ata Watana, il-güne, merdana ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin giň möçberli möhüm işler durmuşa geçirilýär. Şeýle ajaýyp döwürde ene dilimizi has-da çuňňur öwrenmäge, di

Dil öwrenmek - wajyp wezipe

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdary bilen öňe sary ädimläp, döwletli döwrany gurýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesi ýurduň ýaş nesliniň daşary ýurt dillerine sowatlylygy bilen hem baglydyr. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga we netijeliligini artdyrmaga aýratyn üns berýär. Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagyň netijeleriniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmegi üçin “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” kabul edildi. Bu Konsepsiýada göz öňünde tutulan çäreleriň hatarynda diňe bir öz milli dilimizi öwrenmek däl-de, dünýä dillerini öwrenmek meselesi hem örän aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Hut şunuň özi hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmek, bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda bitewi bilim gurşawyny döretmek boýunça alyp barýan döwletli syýasatynyň aýdyň görkezijisidir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz uly üstünliklere beslenýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ylym-bilim babatda gazanylýan üstünlikler biziň her birimizi begendirýär, buýsandyrýar. Okuw mekdepleriniň maksatnamalarynda daşary ýurt dillerini

Ýaş nesliň kämil bilim almagyna oňaýly şertler

Beýik başlangyçlaryň rowaçlanýan mekany bolan Türkmenistan döwletimiz gün-günden özgerýär. Munuň şeýledigi eşretli eýýamda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda amala aşyrylýan beýik işlerde, ýetilýän sepgitlerde aýdyň görünýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda  ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklaryny, sanly ulgamdan baş çykarmaklaryny, boş wagtlaryny peýdaly geçirmeklerini gazanmak möhüm wezipe bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasatynyň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylmy we bilimi düýpli ösdürmek, onuň gazananlaryny milli ykdysadyýetde netijeli ulanmak, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ösdürmek ýaly möhüm işler esasy ileri tutulýan ugurlaryň hataryna çykaryldy. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Diýarymyzda durmuşa geçirilýän tutumly işleriň gözbaşynda ylym-bilimiň goýulmagy, bu ugurda dünýäniň iň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagy ösüp gelýän ýaş nesliň kämil bilim almagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Bilim ulgamyndaky öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagyny şertlendirdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu ugra aýratyn ähmiýet bermegi bilen ähli ösüşleriň pugta binýadyny düzýän ylym-bilim ulgamynyň işi döwrüň talabyna görä, dünýä ülňülerine laýyk derejede yzygiderli kämilleşdirilýär. Aýratyn hem, bu ulgamda ylmy-te

Ýaşlara ynam – ýagty geljege ynam

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her ýyly şanly wakalara, uly üstünliklere beslenip, şöhratly taryhymyzyň zerbap sahypalarynda öçmejek yz goýýar. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyny halkymyza serpaý ýapmagy hem ýurdumyzda ýaşlara bildirilýän ynamyň örän ýokarydygyny görkezýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýaşlaryň geljegini ýurdumyzyň röwşen ertiri we şanly ösüşleri, olaryň ukyp-başarjaňlygyny ata Watanymyzyň güýç-kuwwaty bilen baglanyşdyrmagy biziň her birimizde ruhy joşgun döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan şadiwanlarynda ynamyň ganatlandyryjy, güýçlendiriji we ruhlandyryjy gudrata eýedigini belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ilkinji kitabyny ýaşlara bagyşlamagynda hem çuň many-mazmun jemlenýär. Ajaýyp eseri okap başlan badyňa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara bildirýän ynamy, olaryň gazanýan üstünliklerine bolan buýsanjy kalbyňy gaplap alýar. Kitapda ýurdumyzyň ýaşlarynyň ýeten belent sepgitleri, gazanan üstünlikleri barada giňişleýin söz açylmagy, şeýle-de olaryň durmuşyny bezeýän ýol-ýörelgeler, asylly gylyk-häsiýetler dogrusynda paýhasly pikirleriň öňe sürülmegi ýaşlary belent maksatlara, täze üstünliklere ruhlandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ylymly ýaşlara eýe bolan döwlet beýik döwletdir» diýip belleýşi ýaly, ylymly-bilimli ýaşlaryň ýurdumyzyň ösüşine saldamly go