Ýaşlarda ekologik bilimi ösdürip

13 Dekabr 2024
152

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ekologiýa dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi. Oňa daşary ýurtlaryň 70-e golaý ýokary okuw mekdebinden hem-de ýurdumyzdan jemi 500 talyp gatnaşdy.

Olimpiadanyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar, ilki bilen, bu ýerde ýaş alymlaryň we talyplaryň taýýarlan ylmy-taslama işleri bilen tanyşdylar. Dabarada çykyşlara giň orun berildi. Olarda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde daşky gurşawy goramak we ekologik abadançylygy pugtalandyrmak babatda alnyp barylýan işler dünýä nusgalyk bolup, ýurdumyzyň bu ugurda halkara giňişlikde öňe sürýän başlangyçlary umumadamzat ähmiýetlidir. Şunda ekologiýa syýasatyny ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmek, olaryň ekologik bilimlerini we endiklerini kämilleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän halkara internet ekologiýa olimpiadasynyň möhüm ähmiýeti nygtaldy.

Aýnabat ANNAGELDIÝEWA.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti.