Milli dilim – pederlerden serpaýym

9 Dekabr 2024
87

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan ruhy baýlygymyz bolan ene dilimizi öwrenmek hem-de öwretmek üçin ähli şertleri döredilendir. Şol şertlerden peýdalanyp, bilim işgärlerine - mugallymlara döwrebap işlemek, öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek galýar. Ýurdumyzda ene dilimizi çuňňur öwretmek babatda edilýän işler we bu ugurda döredilýän şertler mugallymlary okatmagyň netijeli ýollaryny gözlemäge gönükdirýär. Mugallymyň esasy işi okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekdir. Dilçi mugallymlaryň täze tejribeleri öwrenmäge bolan ymtylmalary usuly taýdan sapaklary dogry guramakda esasy zerurlykdyr.

Häzirki wagtda, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek möhüm ähmiýetli wezipeleriň biri bolup durýar. Pederleriň ýörelgesini parasatly dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda kabul edilen “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” esasynda geljegimiz bolan ýaşlaryň terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, sagdyn bedenli bolmagy, ata Watana, il-güne, merdana ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin giň möçberli möhüm işler durmuşa geçirilýär. Şeýle ajaýyp döwürde ene dilimizi has-da çuňňur öwrenmäge, dil bilimini özleşdirmäge aýratyn üns berilýär, ýaşlarymyzda ene dilimize belent söýgi terbiýelenýär. Bu bolsa geljek nesillerimiziň hem dilimiziň baýlyklaryny öwrenip, gadymdan gelýän türkmen dilini ösdürjekdiklerine ynamyňy artdyrýar.

Nurgül PAŞAKULYÝEWA,
Çärjew etrap bilim bölüminiň türkmen dili we edebiýaty ugry boýunça hünärmeni.