Wagyz-nesihat maslahaty
Tejen etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň we beýleki degişli guramalaryň bilelikdäki meýilnamasy esasynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Zähmeti goramak, sagdyn we howpsuz iş şertlerini döretmek bilen bagly kanunçylygy wagyz-nesihat etmek, düşündirmek maksady bilen bolan maslahata edara-kärhanalaryň işçi-hünärmenleri gatnaşdy. Maslahatda ildeşlerimiziň döwrebap şertlerde zähmet çekmegi, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmagy ugrunda döredilýän şertlerdir mümkinçilikler barada gürrüň edilip, zähmeti goramak boýunça kadalary we düzgünleri dogry berjaý etmegiň ýollary dogrusynda aýdyldy. Degişli kanunçylygyň düşündirilmegi çäräniň ähmiýetini we netijeliligi artdyrdy.