Türkmen türgenleriniň nobatdaky üstünligi

6 Dekabr 2024
161

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň asyl­ly baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýur­du­na öw­rü­len Wa­ta­ny­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da Olim­pi­ýa he­re­ke­ti­ni, ýo­ka­ry ne­ti­je­li spor­ty ös­dür­mek, jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ber­ka­rar et­mek ug­run­da giň ge­rim­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ra­ýat­la­ryň sag­dyn­ly­gy ýur­duň we jem­gy­ýe­tiň ösü­şi­niň wa­jyp şer­ti­dir. Türk­me­nis­tan­da bu ul­ga­myň ka­nun­çy­lyk we mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak ba­bat­da uly ta­gal­la­lar edil­ýär.

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­my­zyň sport ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek, türk­men spor­tu­nyň dün­ýä­dä­ki ab­ra­ýy­ny be­len­de gö­ter­mek, ila­ty köp­çü­lik­le­ýin sport bi­len meş­gul­lan­ma­ga çek­mek, be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş he­re­ke­ti ar­ka­ly sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni has-da ýaý­baň­lan­dyr­mak ýa­ly asyl­ly mak­sat­lar­dan ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­ler üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.