Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir gününi bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň ýakymy bilen garşylaýan halkymyz hemişelik Bitaraplyk syýasaty esasynda ynsanperwerligiň, dost-doganlygyň ajaýyp ýörelgelerini dünýä ýaýýar. Bu ýörelgeler syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň çäklerinde has-da giňden ýaýbaňlanýar. Hemişelik Bitarap ýurdumyz dünýäniň abraýly guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň geňeşleriniň, komitetleriniň we komissiýalarynyň birnäçesiniň agzasy bolmak bilen, olaryň çäklerinde degişli halkara işlerini amala aşyrýar. Türkmenistan Watanymyzyň öňe süren dünýä ähmiýetli birnäçe möhüm başlangyçlarynyň halkara bileleşigi tarapyndan gyzgyn goldanylmagy hem halkymyzyň ynsanperwerlik, parahatçylyk we hoşniýetlilik ýörelgelerine hemişe ygrarlydygyny görkezýär.
Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyksöýüjilik taglymatynyň esasynda halkymyz dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugta berjaý edýär. Ýurdumyza gelen myhmana supra boldan ýazylýar. Bu bolsa ynsanlary biri-birine ýakynlaşdyrýar, dost-dogan bolup ýaşamaga iterýär. Parahatçylykly gatnaşyklara ymtylmak halklary agzybirlik, adamkärçilik ýaly beýik ýörelgelere eýerip ýaşamaga ruhlandyrýar.