''Arkadagly ýaşlar" žurnaly

Esaslandyryjysy-Türkmenistanyň magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy Salgysy: aşgabat ş.,garaşsyzlyk şaýoly; 104 Tel.:(993 12) 44-88-80; faks:44-88-94 Poçta salgysy: arkadaglyyashlar@gmail.com

Habarlar

Görelde öýden başlanýar

Ýurdumyzda milli medeni mirasymyzy, urp-adatlarymyzy gorap saklamak we ýaş nesillere öwretmek hem-de olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu barada hormatly Prezidentimiz: «Halkymyzyň geçmişini bilýän, döwletimiziň bu günki ýeten belentliklerine guwanýan, buýsanýan, jemgyýete, maşgala, dogan-garyndaşa, dost-ýara wepaly, ylymly-bilimli, berkarar Watanymyzy beýgeltmäge ukyply hakyky watansöýüji nesilleri ýetişdirmek biziň baş maksadymyzdyr» diýip belleýär. Şundan hem görnüşi ýaly, häzirki döwürde ýaşlary milli ruhda terbiýelemek, olaryň bilim derejesini, dünýägaraýşyny ýokarlandyrmak möhüm wezipeleriň biridir. Edep-ekram şahsyýetiň zynatydyr. Edeplilik arassa ahlakly, ýagşy terbiýeli, utanç-haýaly we gowy gylyk-häsiýetli bolmak diýmekdir. Maşgalada, adamlar bilen gatnaşyklarda, iýmek-içmek, geýinmek, dynç almak ýaly, ynsanyň tutuş durmuşynda ahlak esaslaryna tabyn bolmak edeplilikdir.

Peder pendi — perzent borjy

Şeýle at bilen Gökdepe etrabynyň jemagat hojalygy müdirliginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ýörite meýilnama esasynda geçirilen duşuşygy etrabyň hukuk goraýjy edaralary we jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady. Oňa agzalan müdirligiň işçi-hünärmenleri gatnaşdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilat arasynda geçirilýän her bir maslahata duşuşykda ýurdumyzyň bedew batly ösüşleridir özgertmeleri, durmuşyň dürli ugurlarynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler, şeýle-de häzirki eşretli döwrümiziň gadyr-gymmaty dogrusynda gürrüň edilýär, olaryň taryhy ähmiýeti düşündirilýär. Nobatdaky duşuşykda ýokarda agzalanlar bilen bir hatarda, perzent — ata-ene gatnaşyklary, maşgala mukaddesligi, milli ruhy-ahlak ýörelgelerimiz, gymmatly däplerimiz barada täsirli söhbet açyldy.

Salam tomus, hezil döwrüm, şatlandyrýaň çaga göwnün!

Her ýylyň tomus pasly mekdep okuwçylary üçin iň gyzykly we iň hezil döwür bolup, bu döwürde çagalar wagtlaryny şatlyk-şagalaňly geçirýärler. Tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen, welaýatymyzda hereket edýän «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» we «Gunça» atly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri hem-de orta mekdeplerde döredilýän çagalar dynç alyş meýdançalary körpeleri gujak açyp garşy alýar. Golaýda welaýat häkimliginiň hem-de welaýat baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň howlusynda aýdym-sazly dabara boldy. Dabarada şadyýan çagalaryň şowhunly çykyşlary oňa gatnaşyjylarda uly ruhubelentlik döretdi. Bu ýerden mekdep okuwçylarynyň ýüzlerçesi «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» atly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezine tomus hezillikleriniň hözirini görmäge ugradyldy. Dürli reňkli şarlardyr toý baglary bilen bezelen awtobuslara münen çagalar dostluk aýdymyny aýdyp, ady agzalan çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezine tarap ýola düşdüler.

Maşgalanyň abatlygy — döwrüň rowaçlygy

Döwletimiziň binýadynyň berkligini onuň bir ülüşi bolup durýan maşgalalaryň bagtyýarlygy bilen ölçerýän hormatly Prezidentimiziň «Maşgala näçe berk boldugyça, jemgyýet hem şonça hemmetaraplaýyn baýdyr» diýen dürdäne sözlerini şygar edinip, golaýda Görogly etrap medeniýet merkezinde wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň guramagynda geçirilen maslahata bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda zähmet çekýän işjeň zenanlar gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibinde döwlet durmuşyny ösdürmekde zenanlaryň orny, maşgala gymmatlygyny gorap saklamak, ýaş nesilleri döwrüň ruhuna laýyk terbiýelemek, hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň durmuş mekdebini açyp görkezýän gymmatly taraplaryny wagyz etmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen, etrap zenanlar guramasynyň başlygy Bahargül Garaýewa çykyş edip, jemgyýetimiziň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ahlak we demokratik gymmatlyklaryna aýawly garalýan häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyzyň zenanlarynyň halk hojalygynyň dürli ugurlarynda zähmet çekmek bilen, gazanylýan üstünliklere öz goşantlaryny goşýandyklary, maşgala ojaklarynyň abat, abadan bolmagyny üpjün edip, Watanymyzyň geljegi hasaplanýan ýaş nesli döwrebap terbiýelemekde aýratyn hyzmatlary bitirýändikleri barada belläp geçdi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, zenanlar

Terbiýe bermegiň ähmiýetli ugry

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, geljegimiz bolan çagalarda döwrebap bilimi, giň dünýägaraýşy, sagdyn pikirlenmegi kemala getirmek üçin hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Aýratyn hem ýaş nesillerimiziň sagdyn ruhda, kämil ýetişmegi üçin bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işini pugtalandyrmak boýunça uly çäreler durmuşa geçirilýär. Psihologiýa bilimleri terbiýede aýgytlaýjy orny eýeleýär. Şoňa baglylykda mugallym her bir okuwçynyň psihologiýasyny öwrenip, terbiýe beriş işinde ondan doly peýdalanýar. Mugallymyň psihologik, pedagogik tejribesi okuwçylaryň diňe bir sapakda däl, eýsem, olaryň dynç alşyny guramakda, wagtlaryny peýdaly geçirmeklerinde hem möhümdir. Ýaş aýratynlyklaryna baglylykda mekdep ýaşly çagalaryň ösüşinde indiwidual psihofiziologik hadysalar bolup geçýär. Çaga sosial gurşaw hem uly täsir edýär. Sosial gurşawyň oňyn häsiýetde bolmagyny gazanmak mugallymyň we ata-enäniň paýyna düşýär. Kähalatda, ulularyň üns bermeýän ýönekeýje ýagdaýlary çagalar üçin kynçylyk döredýär. Bu ýerde mugallymyň psihologik tejribesi kynçylyklary çaganyň psihikasyna zyýan ýetirmezden çözmäge mümkinçilik berýär. Mekdep bilim beriş edarasy hökmünde başlangyç, orta, ýokary synplara bölünýär. Eger-de mugallym özün

Maşgala ojagy mukaddesdir

«Öý», «mesgen», «mekan», «ýurt» diýen düşünjeler manydaş ulanylýar. Bularyň esasynda-da, bu gadymy mekana biz «ene topragym» diýýäris. Ol pelsepäniň manysyny ýüpek çöşlän ýaly kelepleseň, halkymyzyň agzybirlik ýoluna alnyňy dirärsiň. Ildeşlerimiziň her biriniň göwnüne ýakyn bu ýol, elbetde, adam ykbalynyň ilkinji sallançagy bolan maşgaladan başlanýar. Öý-ojagyň bezegi, ýylysy, mähri enedir. Ol mukaddes ojagyň oduny söndürmän saklaýan mähriban adam. Daş-töweregindäkilere ýüreginiň ýylysyny bolluk bilen paýlaýar, eçildigiçe-de şol mähriň bollugy artýar. Şol jadylaýjy mähriň nuruna ýagtylanan, ýylysyna çoýulan ömrüň manysy başgaça, hümmeti uly bolýar. Şeýle maşgalada önüp-ösen adamyň adamkärçiligi artykmaç, ýüzi ýagty, ýüregi tämizdir. Olary köpçülik arzylaýar. Olara hemme ýerde, hemişe garaşylýar. Toýda-beýlekide saý-sebäp bilen baryp bilmedik ýagdaýynda-da, olaryň ýeri gädilip durandyr. Olaryň bar ýerine sylaşyk, ylalaşyk aralaşýar. Şeýle adamlar öz maşgalasynda-da paýhasly, baran ýerine-de agzybirlik getirýändir. Il içinde ýüze sylynyp, «tüweleme» diýdirýän maşgalaly bolmagyň ilkinji şerti hem, düýp özeni hem hut şol agzybirlikdir.

Gyzgyn mähre gurşalýan çagalar

“Bal süýji — baldanam bala süýji” diýlişi ýaly, eziz çagalar her bir ene-atanyň göz-guwanjydyr. Ene gujagynda yssy mähirden ganýan bagtyýar çagany göreniňde göwnüň ganatlanyp, şatlyk duýgulary gaplap alýar. Bagtyýar ojaklary gülki sesleri bilen bezeýän perzentlerimiz bizi özleriniň näzijek mährine maýyl edýär. Ýolöten etrabynyň Goýunjy geňeşliginde ýaşaýan Çary Meredowlaryň bagtyýar maşgalasyny hem çagalaryň şatlykly gülküleri gurşap alýar. Çary aga bilen Maýa gelnejäniň 6 çagasy bolup, olaryň üçüsi 2020-nji ýylyň 1-nji maýynda dünýä indi. Üçem çagalaryň atlaryna Mähri, Wepa, Sapa diýip at dakylyp, üçemler şu ýylyň 1-nji maýynda 1 ýaşlaryny doldurdy. Güler ýüzli mähriban ene özüniň mähir-söýgüsini berip, beýleki çagalary bilen birlikde üçemleri hem döwrebap terbiýeleýär.

Käbäm, jan ejem

Hak nurundan eneleriň jemaly,Ömrüň uzak bolsun, käbäm, jan ejem!Gussaňy aýyrsyn şatlyk şemaly,Ömrüň uzak bolsun, käbäm, jan ejem! Elmydama meniň ýüregmi duýýaň,Öwüt-ündewlerňi kalbyma guýýaň,Hemişe gaýtalap-gaýtalap diýýän:«Ömrüň uzak bolsun, käbäm, jan ejem!»

Bagtdan paýly eneler

Golaýda ýurdumyzda giňden baýram edilen Aşgabat şäheriniň gününiň hem-de onuň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň giňden bellenilýän gününde paýtagtymyzda doglan ilkinji çagalaryň ata-enelerine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy, mähirli gutlaglar beýan edildi. Paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezde şol gün ilkinji dünýä inen körpejeleriň ikisi hem maşgalalaryň ilkinji çagalarydyr. Selbi we Islam Orazmyradowlaryň maşgalasynda doglan oglanjyga Aşgabat, Aýna we Ýazmuhammet Atajykowlaryň maşgalasynda dünýä inen gyzjagaza bolsa Merjen diýip at goýuldy. Oglanjygyň agramy 3 kilogram 985 gram, gyzjagazyň agramy bolsa 3 kilogram 720 gram. Bäbejikleriň ikisiniň hem boýy 53 santimetr. Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 25-nji maýynda ilkinji dünýä inen çagajyga Paýtagt ýa-da Aşgabat, gyzjagaza bolsa Merjen ýa-da Maýa adyny dakmak baradaky teklibini ähli halkymyz uly ruhubelentlik bilen kabul etdiler. Şol sanda bu ýaş maşgalalar hem belent ýörelgeden ruhlanyp, oglanjyga Aşgabat, gyzjagaza Merjen adyny dakmak kararyna geldiler. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda çagalaryň abadan hem-de bagtly durmuşda kemala gelmegi, berk bedenli, sagdyn ruhly, kämil düşünjeli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. Munuň özi milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen

Maşgala gymmatlygy wagyz edildi

Golaýda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Köneürgenç şäher bölüminiň guramagynda «Maşgala näçe berk boldugyça, jemgyýet hem şonça hemmetaraplaýyn baýdyr» atly şygar astynda maslahat geçirildi. Wagyz-nesihat häsiýetli bu maslahaty TZB-niň Köneürgenç şäher bölüminiň başlygy Meňli Şamedowa açdy we bagtyýarlyk döwrümizde maşgala berkararlygyny üpjün etmek, gymmatlygyny pugtalandyrmak, maşgala gatnaşyklarynyň kämil derejesini kemala getirmek babatda döwlet derejesinde alnyp barylýan işler, hormatly Prezidentimiziň bu baradaky irginsiz hem yzygider aladalary dogrusynda täsirli gürrüň etdi. Mährem ene Dursun Seýidowa, Köneürgenç şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işgäri, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy Nurgözel Pälwanowa, şäherdäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiň mugallymy, zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Ogulgerek Nurjanowa dagynyň çykyşlary hem baý many-mazmunly boldy. Çykyşlarda ene mukaddesligi, maşgalanyň söýegi, ojaklaryň ýylysy, agzybirligiň söýesi, oba-kentlerimiziň ýaraşygy bolan maşgaladaky terbiýäniň jemgyýetde tutýan orny, bu barada hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda beýan edilen çuňňur pikir-garaýyşlar dogrusynda nygtalyp geçildi. Ynsan saglygy barada yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak babatdaky al

Täze doglan çagalara paýtagtymyzyň şanly baýramynyň hormatyna Aşgabat hem Merjen atlary dakyldy

AŞGABAT, 25-nji maý (TDH). Türkmenistanda Aşgabat şäheriniň güni hem-de onuň döredilmeginiň 140 ýyllygy bellenilýän günde paýtagtymyzda doglan ilkinji çagalaryň ene-atalaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy hem-de mähirli gutlaglar, bagtly durmuş, berk jan saglyk we abadançylyk baradaky arzuwlar beýan edildi. Körpejeler Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezde dünýä indiler.

Maşgala türkmen jemgyýetiniň binýadydyr

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Maşgala näçe berk boldugyça, jemgyýet hem şonça hemmetaraplaýyn baýdyr.

Ýoluňdan başlanan ýodalam ýagty

Eneler — mähir ojagy. Aslynda, ynsan balasynyň ýüregini şol ojaga baglaýan hem enäniň yssy mähri bolsa gerek. Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň her bir setiri ene mähribanlygy barada söz açyp, ýurdumyzda enelere goýulýan sylag-sarpanyň beýikliginiň güwäsi bolup ýaňlanýar. Bu ajaýyp kitapdaky: «Eneleriň kalby asman ýaly päkize, ýürekleri bolsa Gün ýaly şuglaly. Enelerde ýüregi ýyladýan mähir bar.

Ýanýoldaş

Nobatdaky iş gününiň argynlygyny aýyrmak üçin ejem ikimiz agşamlyk naharyndan soň, mazaly demini alan gök çaýy öňümize alyp, ondan-mundan gümür-ýamyr etmegi endik edinipdik. Çaýyň ýany bilen ejemiň öz enesinden eşiden durmuş hekaýatlary, gören-eşidenleri baradaky gürrüňleri gulagyňa hoş ýakýardy. Ejem olaryň hekaýatyny mähirli sesi bilen howlukman aýdyp berýärdi. Onsoň sypaýyçylykly äheň bilen gulagyňa giren gürrüňleriň özenine örklenen öwütler ömrylla ýatdan çykanok. Bu gezegem şeýle boldy. Mazaly demini alan gök çaýyň ýanyna gaba guýup süýji aldym-da, saçagyň başyndaky öňki ornuma geçip oturdym. Ejem öňünde goýan süýjülerimde birsalym manyly nazar egledi. Onuň bu syrly synlamasy enesiniň öz ömründe şaýat bolan ýene bir durmuş hekaýatyny ýadyna salan eken. Ejemiň durmuş hakynda gyzykly gürrüňleri jemläp, hakyda «sandygynda» apalap saklan bu hekaýatyny «ýanýoldaş» diýip atlandyrmak isledim...

Döwletli törüň ýaraşygy

1941—1945-nji ýyllaryň urşy başlananda Sapargül ýaňy on bir ýaşyny doldurypdy. Ulularyň: «Uruş turupdyr» diýen habaryny çaga kalby birbada nähili kabul etjegini bilmedi. «Kim kim bilen uruşýar, nämäniň üstünde uruş bolýar?» Gyzjagaz bu sowallaryň jogabyny kakasy — kümüş ussasy Açyl aganyň ýanyna gelýän oba ýaşulularynyň gürrüňlerinden gözleýärdi. Indi olaryň gözlerinde öňki şatlyk ýokdy, biri-birine ýomak atyşyp, degşip-gülüşmeýärdiler. Köplenç, dymýardylar. Doýagarna iýlip, ýüpek-parça geýilmese-de, öň oba içi asudady. Her kim öz gün-güzerany bilendi. Toýam edilerdi, şatlygam bolardy. Gyzlar üýşüp läle-de kakardylar. Aýal-gyzlar gowaça ýekeläp, otag otap, pagta ýygymyna gatnaşsalar, erkek kişiler ýer sürerdiler, ýap gazardylar, maldarçylyk bilen meşgullanardylar. Ganym uruş obanyň bu asudalygyny bozdy. Her öýden urşa diýip gidýänleriň sany köpelip ugrady. Obada aýal-ebtat, oglan-uşak diýmeseň, erkek göbekliden işe ýaramlysy galmandy. Şol günleriň birinde Açyl aga-da çakylyk haty geldi. Ol hoşlaşanda, ýanýoldaşy Jumagül ejä sargyt baryny etdi: «Çagalary hor etme. Sen kolhoz işine gatnasaň, Abdysemet jan mellege, mal-gara kömekleşer. Ekin-dikin bitip, ak-gök bolup dursa, horluk çekmersiňiz. Gerek diýseler, front üçin kümüş şaý-sepleriň ählisini ber. Biz, nesip bolsa, ýeňiş bilen dolanyp geleris».

Ejeme meňzeş ene

Ejem baradaky ýakymly duýgulara berlip oturyşyma, nädip galam-depderimi elime alanymy duýman galypdyryn. Gözümiň alnynda ejemiň nurana keşbi janlandy. Ejeli günlerimiň ýakymly ýatlamalary hakydama doldy. Ejem teleýaýlymda berilýän tanymal sungat ussatlary baradaky gepleşikleri hezil edip diňlärdi. Aýdym-sazyň jadylaýjy gudratynyň täsiri diýseň güýçli bolýar. Haçan-da, ejem Maýa Kulyýewa, Medeniýet Şahberdiýewa, doganlar Berdiýewalar, Oguljan Makyýewa we beýleki aýdymçylary diňläninde, şolar bilen deň hiňlenerdi. Ejem tara dokardy. Asyl ejem gyz wagtlaram haly dokar ekeni. Käte goňşy gelnejeleriň dokap oturan halysyna-da kömekleşerdi.

Dünýäniň diregi

Eneler barada näçe ýazsaň-da, ol mähribanlary näçe taryp etseň-de az. Çünki ol seniň eziz käbäň, ýeke-tägiň, gözleriň röwşeni, ýagty dünýä indereniň, janyndan jan bereniň. Seň şanyňa goşgy ýazasym gelýär,

Maşgala sarpasy

Durmuşymyzdaky iň uly baýlyk — maşgaladyr. Maşgala jemgyýetiň aýrylmaz bölegi bolup, dogry we sazlaşykly şahsyýetleriň kemala gelmegine ýardam edýär. Şoňa görä-de, maşgala gymmatlygyna dünýä ýüzünde aýratyn sarpa goýulýar. Jemgyýetçilik ösüşi üçin maşgala abadançylygyny üpjün etmek we maşgalalaryň ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 1987-nji ýylda «Maşgalalaryň halkara gününi» yglan etmek meselesine seretdi. 1989-njy ýylyň 9-njy dekabrynda bolsa 1994-nji ýyly «Maşgalalaryň halkara ýyly» diýip yglan etdi. Her ýylyň 15-nji maýynda bellenilip geçilýän «Maşgalalaryň halkara güni» 1993-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy bilen ykrar edildi. Baýramyň bellenip geçilmegi maşgala bilen bagly meselelerden habarly bolmaga hem-de maşgalalaryň ýagdaýyna täsir edýän jemgyýetçilik-ykdysady we demografik ýagdaýlar barada bilimi çuňlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Süýtde bişen kädi

Gerekli önümler: 180 g kädi, 400 g süýt, 10 g şeker, 5 g duz.

Maşgala — döwletiň synmaz sütüni

Hormatly Prezidentimiziň «Maşgala näçe berk boldugyça, jemgyýet hem şonça hemmetaraplaýyn baýdyr» diýen dürdäne sözlerini şygar edinip, golaýda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Akdepe etrap guramasy maslahat geçirdi. Etrapdaky 55-nji orta mekdebiň mejlisler zalynda geçirilen maslahata bilim ulgamynda zähmet çekýän işjeň zenanlar gatnaşdylar. Maslahatyň maksady ýurdumyzda kämil jemgyýeti kemala getirmekde maşgalanyň ornuny açyp görkezmek, zenanlary hormatlamak, maşgalany goramak, jemgyýetiň arassalygyny hem sagdynlygyny gazanmak, belent ruhly, sagdyn nesli terbiýeläp ýetişdirmegiň ähmiýetini düşündirmek ýaly asylly wezipelerden ybarat boldy. Maslahatda edilen çykyşlarda kämil jemgyýeti kemala getirmekde bagtyýar maşgalalaryň ornuna uly ähmiýet berilýändigi, maşgala gymmatlygyny gorap saklamak, hormatyny artdyrmak barada döwlet derejesinde uly aladalaryň edilýändigi, ýaş maşgalalaryň goldanylýandygy barada buýsançly gürrüňler edildi. Hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallasynyň netijesinde, ýurdumyzda maşgala gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, onuň kanunçylyk binýadyny döwrebap derejede kämilleşdirmek bilen bagly alnyp barylýan işler dogrusynda aýdyldy. Ýaş gyzlara, ýaş maşgalalara görelde alarlyk derejede guralýan wagyz-nesihat çärelerini yzygider geçirmegiň ähmiýeti barada nygtalyp geçildi. Şunda hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eserini