"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Iň uly sandwiç

Bo­li­wi­ýa­da aş­pez­le­riň we ta­lyp­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da dün­ýä­niň iň uly sand­wi­ji taý­ýar­lan­dy. Ýur­duň paý­tag­ty La-Pas­da ge­çi­ri­len re­kord sy­na­ny­şy­gy­na müň­ler­çe adam gat­naş­dy. Iň uly sand­wi­ji taý­ýar­la­mak üçin 300 ki­log­ram un, bir­nä­çe hal­ta kä­şir-so­gan we 380 ki­log­ram et ula­nyl­dy. Sand­wiç taý­ýar­la­ma­ga 100-den gow­rak aş­pez, ta­lyp we gast­ro­no­mi­ýa bi­ler­men­le­ri gat­naş­dy. Re­kord sy­na­gyň mak­sa­dy­nyň Bo­li­wi­ýa­nyň dün­ýä­de ta­nal­ma­gy­na go­şant goş­mak­dan yba­rat­dy­gy mä­lim edil­di. Ta­gam taý­ýar bo­lan­dan soň­ra, bö­lek­le­re bö­lü­nip bu ýe­re ýyg­na­nan mä­hel­lä paý­lan­dy. Şeý­le hem bu gy­zyk­ly çä­rä to­ma­şa et­mä­ge ge­len­le­re ada­ty ulu­lyk­da­ky sand­wiç­ler hem hö­dür edil­di. Aý­my­rat KUR­BAN­MU­RA­DOW,

Kos­mos in­ter­ne­ti sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­ýär

«SpaceX» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň gö­nü­den-gö­ni kos­mos­dan in­ter­net hö­dür­le­ýän hyz­ma­ty sy­ýa­hat­çy­ly­gyň hem ös­me­gi­ne ge­tir­di. Kom­pa­ni­ýa hä­zi­re çen­li «Star­link« tas­la­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de ýüz­ler­çe ki­çi göw­rüm­li eme­li hem­ra­ny Ýe­riň or­bi­ta­sy­na çy­kar­dy. Bu eme­li hem­ra­lar kos­mos­da­ky «Wi-Fi rou­te­ri» hök­mün­de hyz­mat edip, me­de­ni zo­lak­dan uzak­da­ky ýer­le­ri ýo­ka­ry tiz­lik­li in­ter­net bi­len üp­jün ed­ýär. Bu hyz­mat­dan uçar ýo­lag­çy­la­ry we de­ňiz­ler­de uzak ara­ly­ga sy­ýa­hat ed­ýän gä­mi­le­riň ýo­lag­çy­la­ry hem peý­da­lan­ýar. In­di de­ňiz sy­ýa­hat­çy­ly­gy bi­len meş­gul­lan­ýan kom­pa­ni­ýa­la­ryň kö­pü­si gä­mi flo­ty­ny «Star­link» in­ter­ne­ti bi­len en­jam­laş­dyr­ýar. Şeý­le bo­lan­soň, ýo­lag­çy­la­r deň­ziň jüm­mü­şin­de in­ter­net hyz­ma­tyn­dan peý­da­la­nyp, gy­zyk­ly wagt ge­çi­rip, hatda uzak ara­lyk­dan iş­le­ri­ni hem edip bil­ýär­ler. Bu bol­sa sy­ýa­hat mak­sat­ly gä­mi­le­re bo­lan gy­zyk­lan­ma­ny art­dyr­ýar. “Carnival Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Joş Weýnşteýn kosmos internetiniň tizliginiň gury ýerdäki ýalydygyna ünsi çekip, bu hyzmatyň ýene bir girdeji çeşmesi boljakdygyny aýdýar. “Carnival Corporation” kompaniýasy 2022-nji ýyldan başlap, ýolagçy gämilerine “Starlink” antennalaryny oturdyp başlapdyr.

Türk­men zy­ýa­rat­çy­la­ry haj par­zy­ny ber­jaý edip gel­di­ler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda ýurdumyzyň zyýaratçylar topary haj parzyny berjaý etmek maksady bilen, Saud Arabystanynda boldular. Musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramynyň mübärek günlerinde Türkmenistanyň bäş welaýatynyň we paýtagtymyzyň wekilleri dünýäniň millionlarça zyýaratçylary bilen bilelikde mukaddes Käbä tagzym etmek we beýleki däp-dessurlary berjaý etmek üçin Mekgede hem-de Medinede boldular. Türk­men zy­ýa­rat­çy­la­ry ýö­ri­te uçar­da Aş­ga­ba­dyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne gel­di­ler. Soň­ra bol­sa döw­re­bap aw­to­bus­lar­da «Pa­ra­hat – 7» ýa­şa­ýyş top­lu­myn­da ýer­leş­ýän Hez­re­ti Omar met­ji­di­ne bar­dy­lar. Ys­lam dün­ýä­si­niň öz­bo­luş­ly mer­ke­zi­ne öw­rü­len iki mu­kad­des­li­ge tag­zym eden wa­tan­daş­la­ry­my­zyň zy­ýa­ra­ty jem­gy­ýe­ti­mi­ziň we döw­le­ti­mi­ziň saz­la­şyk­ly ösüş ýo­lu­na dü­şen­di­gi­niň, asyl­ly ýö­rel­ge­le­riň do­wa­mat-do­wam bol­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň gü­wä­si­dir. Olar ýur­du­my­zyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi, dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň, dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň ber­ka­rar bol­ma­gy ug­run­da ta­gal­la ed­ýän Arkadagly hajy Serdarymyza we ha­jy Ar­ka­da­gy­my­za ho­şal­lyk söz­le­ri­ni be­ýan et­di­ler.

Har­ma­ny­ňy­za be­re­ket, gal­la­çy ba­ba­daý­han­lar

Ýurdumyzyň edermen babadaýhanlary Watan harmanyna 1 million 200 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. 8-nji iýul­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Serdar Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry T.Ata­hal­ly­ýe­wiň hem-de we­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da san­ly ul­gam ar­ka­ly iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di. On­da ýur­du­my­zyň oba ho­ja­lyk top­lu­myn­da we se­bit­ler­de al­nyp ba­ryl­ýan möw­süm­le­ýin iş­le­riň bar­şy bi­len bag­ly me­se­le­le­re ga­ral­dy.

Hormatly Prezidentimiziň çagalar baradaky jümleleri

Berkarar Watanymyzy, beýik döwrümizi, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini wasp edýän aýdym-sazly, şowhunly baýramçylyk çäreleri, sport ýaryşlary, döredijilik bäsleşikleri, sergilerdir maslahatlar ildeşlerimiziň, şol sanda şadyýan çagalarymyzyň kalbynda egsilmez joşgun we buýsanç duýgularyny döredýär. * * *

Arkadag şäheri — bagtyň gözbaşy

29-njy iýunda Arkadag şäheriniň açylanyna bir ýyl doldy. Bu mynasybetli Arkadag şäherinde geçirilen medeni çäreler, baýramçylyk maslahatlary we şowhunly konsert dabaralary şatlyk-şowhuna beslendi. Gadyrly çagalar, kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheri innowasion şäher gurluşygynyň ajaýyp nusgasy hökmünde ykrar edildi. Arkadag şäheri «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna-da girizildi. Arkadag şäheri halkara guramalaryň we meşhur daşary ýurt kompaniýalaryň güwänamalarydyr diplomlarynyň ýigrimiden gowragyna mynasyp boldy.

Dynç alyş merkezimiz erteki ýaly, Her günümiz şatlyk-şowhundan doly

Tomus — iň arzyly pasyl. Bu pasyl bagtyýar çagajyklaryň durmuşyna ýatdan çykmajak pursatlary paýlap, olaryň ykbalyna şadyýanlyk eçilýär. Ýurdumyzyň iň bir gözel künjeklerinde ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri her ýyl bagtyýar çagajyklara gapylaryny giňden açýar. Sergin howasy, tebigatynyň gözelligi bilen ünsüňi özüne çekýän Gökdere jülgesindäki, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky, welaýatlardaky hereket edýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde çagalaryň müňlerçesi dynç alyp, wagtlaryny gyzykly, täsirli geçirýärler, bagtyýar nesilleriň bagta ýugrulan gülki sesleri has belentden ýaňlanýar. Muňa biz ýurdumyzyň ähli ýerlerinde hereket edýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde geçirilýän dabaraly çäreleriň netijesinde hem aýdyň göz ýetirip bilýäris. Sebäbi şu günler ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Dynç alýan çagalaryň wagtlaryny has-da täsirli geçirmekleri üçin olaryň arasynda dürli görnüşli ýaryşlar, döredijilik hem-de zehin bäsleşikleri, sport we medeni-köpçülikleýin çäreleri yzygiderli guralýar.

Hezil günleriň höziri

Üns berýäňizmi, ýurdumyzda çagalara niýetlenilen dynç alyş merkezleriniň ählisi edil ertekilerdäki ýaly ajaýyp tebigatyň jümmüşinde ýerleşýär. Munuň iň ýakyn mysaly Gökdere jülgesindäki merkezler. Bu ajaýyp jülgäniň hoşboý tebigaty dynç alyş möwsümlerinde çagalaryň şatlygyna şatlyk goşýar. Diňe Gökderede ýa-da Awazada däl, ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryndaky çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri üçin hem tebigatyň iň ajaýyp ýerleri saýlanyp alnypdyr. Ine, şonuň üçin hem Türkmenabat şäheriniň etegindäki «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezine barýan çagalar: «Ajaýypdygyny! Men tutuş 20 günläp şu ajaýyp ýerde dynç almalymy?!» diýip, şatlygyndan ýaňa diriň-diriň böküberýärler. Hawa, olary ajaýyp tebigat, döwrebap binalar we hezilliklerden doly 20 gün garşylaýar.

Hemra Şirowyň poeziýasynda çeperçilik serişdeleri

Garaşsyzlyk eýýamynyň türkmen çagalar edebiýatynyň ösüşi üçin çagalar ýazyjy-şahyrlarynyň döwür bilen aýakdaş ýöräp, döwre görä seslenmeleri aýratyn ähmiýetlidir. Bu döwrüň çagalar edebiýatynyň ösmegine özleriniň özboluşly eserleri bilen Kaýum Taňrygulyýew, Atamyrat Atabaýew, Kasym Nurbadow, Agageldi Allanazarow, Atajan Annaberdiýew, Hemra Şirow, Azat Rahmanow, Pirnepes Öwezliýew, Ogulsenem Taňňyýewa, Allaberdi Haýydow, Gurban Çöliýew, Aky Baýmyradow... ýaly ýazyjy-şahyrlarymyz uly goşant goşdular. Bu ýazyjy-şahyrlar terbiýeçilik ähmiýetine eýe bolan eserleri bilen çagalaryň aňynda il-günümize, ata Watanymyza bolan söýgini terbiýelemek üçin galamlaryny ezber işleden halypalardyr. Çagalar edebiýatynyň özboluşlylygy şahyryň, ýazyjynyň çaga aňyna düşünişine, oňa aralaşyp bilşine, çaga aňy bilen çeper aňyň sepleşigini tapyp bilşine bagly. Çaganyň psihologiýasyny çuňňur bilmek, edebiýatyň hem sungatyň kömegi bilen çaga estetiki terbiýe bermek, çaga dünýäsiniň ýakymly duýgulardan doly bolmagyny gazanmak çagalar edebiýatynyň esasy wezipesi. Çaga durmuşa, töwerege özboluşly seredýär. Onuň dünýäsiniň täsinligi hem şundadyr. Ol görýän, eşidýän, duýýan zatlaryna özüçe düşünjek, sowallaryna jogap tapjak bolup synanyşýar. Şu özboluşlylyga ýol tapmak bolsa çagalar edebiýatyna wepaly şahyryň wezipesi.

Raýatlaryň ýaşaýyş jaý hukuklary

Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde hereket edýän kanunlar raýatlarymyzyň hukuklarynyň goraglylygyny kepillendirýär. Şonuň bilen birlikde-de, her bir raýat Konstitusiýa we kanunlar esasynda öz üstüne ýüklenilen borçlaryň ýerine ýetirilmegi üçin döwletiň öňünde jogapkärçilik çekýär. Bu kada ýaşaýyş jaýy bilen bagly ýüze çykýan meseleler babatda hem üýtgewsizdir. Türkmenistanyň raýatlary öz isleglerine we bähbitlerine laýyklykda, özlerine degişli ýaşaýyş jaý hukuklaryny erkin amala aşyrýarlar, şol sanda olara ygtyýar edýärler. Raýatlaryň ýaşaýyş jaý hukuklary amala aşyrylanda we ýaşaýyş jaý gatnaşyklaryndan gelip çykýan borçlar ýerine ýetirilende beýleki raýatlaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň bozulmagyna ýol berilmeýär. Türkmenistanyň raýatlary kanun esasynda we diňe konstitusion gurluşyň esaslaryny, ahlaklylygy, beýleki adamlaryň saglygyny, hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, döwletiň goranmak zerurlyklaryny we howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, zerur bolan çäkde ýaşaýyş jaý hukuklaryndan çäklendirilip bilner. Bular barada Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksinde jikme-jik beýan edilýär.

Oýlan, pikirlen!

Ýaňyltmaçlar Derýanyň aňyrsynda alty garga, bärsinde alty garga, ine boldy on iki garga. Gargalary doň kesek bilen togalatsa-da bolar, togalatmasa-da bolar.

Halal zähmetiň höziri

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda duşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda hem habar berlişi ýaly, türkmen gallaçylary uly zähmet ýeňşini gazandylar. Olar guşgursak bugdaýyň 1 million 200 müň tonnasyny taýýarladylar. Elbetde, bu gazanylan ýeňişde biziň welaýatymyzyň oba hojalykçylarynyň hem mynasyp paýy bar. Tutuş welaýatymyzda we Çärjew etrabynda işleýän maliýe-ykdysady edaralar tarapyndan Watan harmanyna galla tabşyran kärendeçiler bilen dessine hasaplaşmak işleri şu günler ýokary depgin bilen alnyp barylýar. Kärendeçileriň aýlyk kartlaryna geçirilýän pul serişdeleri olaryň maşgalalary üçin irginsiz zähmetiň bolelin miwesine öwrülýär. Şu ýyl gallaçy kärendeçileriň gazançlaryny ozalkysyndan birnäçe esse artyk alýandyklaryny aýratyn nygtamak gerek. Çünki hormatly Prezidentimiziň gol çeken taryhy resminamasy bilen ýurdumyzda bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhy bir tonna hasyl üçin 2 müň manada çykaryldy. Bu bolsa daýhanlaryň zähmet çekmäge bolan höweslerini artdyrýar.

Gyzgyn howada seresaplylyk möhüm

Häzirki döwürde dowam edýän tomus pasly howanyň aşa gyzmagy bilen häsiýetlendirilýär. Günüň yssy wagtynda awtoulaglary dolandyrmak sürüjilerden aşa ünsli bolmagy, howanyň ýagdaýyny nazarda tutmagy talap edýär. Sebäbi howanyň gyzgynlygy ýokary bolanda, ulaglary dolandyrýan adamlaryň ünsüniň peselmegi, ýiti Gün şöhlesiniň gözüňi gamaşdyrmagy ýaly ýagdaýlar ýüze çykýar. Şol sebäpli sürüjiler tiz ýadaýarlar. Bu bolsa garaşylmadyk hadysalaryň ýüze çykmak töwekgelçiligini artdyrýar. Şonuň üçin uzak aralyklara gidýän sürüjilere hereket üçin howanyň salkyn wagtyny saýlap almagy maslahat berýäris. Tomus günleri howanyň gyzmagy bilen ulaglaryň sowadyjylary işledilýär. Bu bolsa belli bir derejede hereketlendirijä, elektrik geçirijilerine agram salýar. Şonuň üçin hem olaryň çakdanaşa gyzmagynyň öňüni almak üçin çäreler görülmelidir.

Şanly ýyl mynasybetli dabara geçirildi

Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba Medeniýet öýünde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli dabara geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi hem-de etrap medeniýet bölümi tarapyndan guralan dabara saz-söhbede beslendi. Dabarada şanly ýylymyzda berkarar Watanymyzda bolup geçýän taryhy wakalar, dürli ugurlarda gazanylan üstünlikler, ýetilýän sepgitler, şeýle-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler dogrusynda täsirli gürrüň edildi. Beýik döwrümiziň gadyr-gymmaty, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ulus-ilimiziň bagtyýarlygy ugrunda edilýän tagallalary barada aýdylanlar uly gyzyklanma döretdi.

Gyzykly gezelenç çäresi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşi ýaş nesilleriň halkymyzyň medeni-ruhy mirasyna bolan hormat-sarpasyny artdyrmak, şeýle hem olary  türkmen halkynyň döreden bütin adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklary bilen tanyşdyrmak maksady bilen, guramanyň işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine «Geçmişden geljege ýagty ýadygär — medeni mirasym dünýä ýaň salýar» atly gezelenç çäresini gurady. Gezelenç çäresine gatnaşanlar halkymyzyň ruhy, medeni gymmatlyklary, türkmen döwletiniň şöhratly taryhynda yz galdyran beýik şahsyýetlerimiziň durmuş ýoly, bitiren hyzmatlary, milli däp-dessurlarymyz, şeýle hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ata Watanymyzy ähli ugurlar boýunça depginli ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulandyrmaga gönükdirilen beýik işleri, ýurdumyzda gurulýan önümçilik we durmuş maksatly döwrebap desgalardyr binalar dogrusynda gürrüň berýän maglumatlar, suratlar, milletimiziň şanly geçmişi  barada söz açýan arheologik tapyndylar bilen ýakyndan tanyşdylar.

Zyýaratlaryňyz kabul bolsun!

Biz beýik ýurduň raýatlary. Bu hakykaty halk üçin her bir raýat üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçilikleri netijesinde, ruhy päkligiň, arassa ahlaklylygyň baýramy bolan mübärek Gurban baýramynyň bellenilýän aýynda ildeşlerimiziň ençemesi  haj parzyny ýerine ýetirip gelen pursatlarynda has-da aýdyň duýulýar. Yslam dininiň bäş parzynyň biri bolan haj parzyny berjaý etmek, mukaddes Käbä zyýarat etmek ildeşlerimiziň kalplarynda egsilmez kanagatnama duýgularyny oýarýar. Bilşimiz ýaly, haj parzyny berjaý etmek üçin ýurdumyzdan köp sanly zyýaratçy, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, Saud Arabystanyna iberildi. Ildeşlerimiziň haj parzyny berjaý etmekleri üçin her ýyl Saud Arabystanyna zyýarata iberilmegi ýurdumyzda medeni-ruhy gymmatlyklarymyza aýratyn ähmiýet berilýändigini, milli ynsanperwer däplerimiziň mynasyp dowam etdirilýändigini görkezýär. Ýakynda zyýaratçylar dini däpleri, keramatly ýerlere haj parzyny berjaý edip, sag-aman ýurdumyza dolanyp geldiler.

Wagyz-nesihat duşuşygy

Zähmetsöýerlik — bagtyýarlyk TMÝG-niň Sakarçäge etrap geňeşiniň etrabyň “Galkynyş” sport desgasy bilen bilelikde guramagynda “Zähmetsöýerlik bagtyýarlyk we uzak ýaşamakdyr” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga TMÝG-niň etrap geňeşiniň işgärleri we işjeň agzalary, etrabyň “Galkynyş” sport desgasynyň tälimçileri, türgenleri we etrabyň sporta höwesjeň okuwçy oglanlary gatnaşdylar.

Saýlawlaryň jemleri jemlenildi

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 7-nji iýulynda Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlawlary geçirildi. 9-njy iýulda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisinde şol saýlawlaryň jemleri jemlendi. Bu çärä Merkezi saýlaw toparynyň agzalary we onuň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, milli synçylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Mejlisiň dowamynda bäsdeşlik, aýanlyk, açyklyk ýörelgeleri esasynda geçen saýlawlaryň Türkmenistanyň saýlap alan demokratik ýoluna hem-de Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmelere ygrarlydygyny nobatdaky gezek subut edendigi, şeýle hem saýlawçylaryň ýokary işjeňlik görkezendigi bellenildi. Saýlawlara bellige alnan saýlawçylaryň umumy sanynyň 91,32 göteriminiň gatnaşandygyny aýratyn bellemek gerek.

Bäsleşik geçirildi

Häzirki wagtda Balkan welaýatynyň dürli künjeklerinden bolan çagalar Gyzylarbat etrabyndaky «Dürdäne» çagalar sagaldyş-alyş merkezinde dynç alýarlar. Merkezde çagalaryň wagtlaryny gyzykly, täsirli geçirmekleri üçin zerur şertler döredilipdir. Kitaphana, internet otagy, sport eýwany, howuz, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin açyk meýdançalar, aýdym-saz otaglary dynç alýan çagalaryň hyzmatynda. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gyzylarbat etrap komitetiniň işgärleri beýleki ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we etrap bilim bölümi bilen bilelikde sagaldyş-dynç alyş merkezinde dürli medeni çäreleri, sport bäsleşiklerini yzygiderli geçirýär. Ýakynda çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde, dynç alýan çagalaryň arasynda «Watan waspyn edeliň!» atly surat çekmek boýunça bäsleşik geçirildi. Çagalaryň wagtlaryny gyzykly, täsirli geçirmek maksady bilen geçirilen bäsleşikde çagalar ata Watanymyzy, gözel tebigatymyzy wasp edýän suratlary çekdiler.

Döwletliligiň nyşany

Düýe saklanýan öýe rysgal-bereketiň ýagýandygy baradaky ynanç halkymyzyň arasynda uly meşhurlyga eýedir. Türkmen halky düýe bilen bagly wakalary mydama gowulyga ýorýar. Duýgur, namysjaň, unutmazak, azaşmaýan, suwsuzlyga çydamly bolan bu jandaryň hormatyna ene-mamalarymyzyň agtyklaryny, çowluklaryny «maýam», «köşegim», «inerim» diýip söýgüleýändigini bilýäris. Türkmeniň ahalteke aty, arwana düýesi, saryja goýny — Watanymyzyň milli gymmatlyklarydyr. Düýe maly Hakyň ynsan balasyna eçilen baýlyklarynyň biridir. Şeýle baýlyklara uly sarpa goýlup, 10-njy iýulda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Türkmenlerde düýe bezemegiň gadymy däpleri» atly sergi guraldy. Bu sergi dana akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy.