Gyzgyn howada seresaplylyk möhüm

11 Iýul 2024
241

Häzirki döwürde dowam edýän tomus pasly howanyň aşa gyzmagy bilen häsiýetlendirilýär. Günüň yssy wagtynda awtoulaglary dolandyrmak sürüjilerden aşa ünsli bolmagy, howanyň ýagdaýyny nazarda tutmagy talap edýär. Sebäbi howanyň gyzgynlygy ýokary bolanda, ulaglary dolandyrýan adamlaryň ünsüniň peselmegi, ýiti Gün şöhlesiniň gözüňi gamaşdyrmagy ýaly ýagdaýlar ýüze çykýar. Şol sebäpli sürüjiler tiz ýadaýarlar. Bu bolsa garaşylmadyk hadysalaryň ýüze çykmak töwekgelçiligini artdyrýar. Şonuň üçin uzak aralyklara gidýän sürüjilere hereket üçin howanyň salkyn wagtyny saýlap almagy maslahat berýäris.

Tomus günleri howanyň gyzmagy bilen ulaglaryň sowadyjylary işledilýär. Bu bolsa belli bir derejede hereketlendirijä, elektrik geçirijilerine agram salýar. Şonuň üçin hem olaryň çakdanaşa gyzmagynyň öňüni almak üçin çäreler görülmelidir.

Döwran JUMAÝEW,
Türkmenabat şäher polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň wagyz-nesihat boýunça uly gözegçisi, polisiýanyň maýory.