Düýe saklanýan öýe rysgal-bereketiň ýagýandygy baradaky ynanç halkymyzyň arasynda uly meşhurlyga eýedir. Türkmen halky düýe bilen bagly wakalary mydama gowulyga ýorýar. Duýgur, namysjaň, unutmazak, azaşmaýan, suwsuzlyga çydamly bolan bu jandaryň hormatyna ene-mamalarymyzyň agtyklaryny, çowluklaryny «maýam», «köşegim», «inerim» diýip söýgüleýändigini bilýäris.
Türkmeniň ahalteke aty, arwana düýesi, saryja goýny — Watanymyzyň milli gymmatlyklarydyr. Düýe maly Hakyň ynsan balasyna eçilen baýlyklarynyň biridir. Şeýle baýlyklara uly sarpa goýlup, 10-njy iýulda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Türkmenlerde düýe bezemegiň gadymy däpleri» atly sergi guraldy. Bu sergi dana akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy.