Halal zähmetiň höziri

11 Iýul 2024
274

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda duşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda hem habar berlişi ýaly, türkmen gallaçylary uly zähmet ýeňşini gazandylar. Olar guşgursak bugdaýyň 1 million 200 müň tonnasyny taýýarladylar. Elbetde, bu gazanylan ýeňişde biziň welaýatymyzyň oba hojalykçylarynyň hem mynasyp paýy bar.

Tutuş welaýatymyzda we Çärjew etrabynda işleýän maliýe-ykdysady edaralar tarapyndan Watan harmanyna galla tabşyran kärendeçiler bilen dessine hasaplaşmak işleri şu günler ýokary depgin bilen alnyp barylýar. Kärendeçileriň aýlyk kartlaryna geçirilýän pul serişdeleri olaryň maşgalalary üçin irginsiz zähmetiň bolelin miwesine öwrülýär. Şu ýyl gallaçy kärendeçileriň gazançlaryny ozalkysyndan birnäçe esse artyk alýandyklaryny aýratyn nygtamak gerek. Çünki hormatly Prezidentimiziň gol çeken taryhy resminamasy bilen ýurdumyzda bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhy bir tonna hasyl üçin 2 müň manada çykaryldy. Bu bolsa daýhanlaryň zähmet çekmäge bolan höweslerini artdyrýar.

Serdar SAÝYPOW,
Çärjew etrabynyň maliýe we ykdysadyýet bölüminiň başlygy.