"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Medeni maksatly dabaralar

Häzirki wagtda polkownik Röwşen Aýazowyň ýolbaşçylyk edýän garnizonynyň çägindäki harby bölümlerde dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görýän harby gullukçylaryň ruhuny galkyndyrmak, dynç alyş günlerinde olaryň medeniýetli dynç alşyny guramak maksady bilen dabaraly çäreler, şeýle-de dürli mazmunly döredijilik bäsleşikleri guralýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan ýylymyzda geçirilýän şeýle dabaralarda serkerdeleriň watançylyk ähmiýetli söhbetleri, esgerleriň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň mertlik, gaýduwsyzlyk hakyndaky şygyrlaryny okap bermekleri dabara gatnaşýan her bir harby gullukçynyň kalbynda belent watansöýüjilik duýgusy bilen şöhlelenýär. Dana Pyragynyň döredijiliginde esasy temalaryň biri hem watançylykdyr. Onuň türkmen topragynda özbaşdak döwlet gurmak baradaky taglymlary «Türkmeniň», «Türkmen binasy», «Gürgeniň» ýaly watançylyk şygyrlarynda aýdyň duýulýar. Watany mukaddeslik derejesine götermek, ony gözüň göreji deý goramak Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, döwet galamyndan çykan dürdäne kitaplarynyň içinden hem eriş-argaç bolup geçýär. «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda Gahryman Arkadagymyz: «Iň gowy asylly ýörelgeler Watanyň beýgelmeginiň hatyrasyna amal edilýändir. Watanyň goragy bolsa mukaddesligiň goragydyr. Watana söýgi daglarymyzdaky çeşme-çaýlaryň tereňligidir, Asmanyň hem Zeminiň, deňzimiziň mawy giňişliginiň as

Halkymyzyň gadymy däp-dessurlary

Halkymyzyň ata-babalarymyzyň watanperwerlik, adamkärçilik, ula-kiçä hormat goýmak ýaly asylly däplerine wepaly bolup gelendigi inkär edip bolmajak taryhy hakykatdyr. Hoşniýetlilik, birek-biregiň pikirine hormat goýmak, ýagşy işleriň şowlamagy üçin agzybirlikde zähmet çekmek ýaly ýörelgeleriň gymmaty bu gün halkymyzyň durmuşynda ýaşuly nesle geňeşmek ýaly asylly edim-gylymlaryň berjaý edilmegi bilen has-da pugtalandyrylýar. Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk, ýakynyňa yzzat etmek, myhmanparazlyk ýaly ynsany bezeýän ajaýyp sypatlar türkmen halkynyň gadymdan gelýän durmuş pelsepesidir. Ynha, şol şöhratly ýörelgeleri özüne nusga edinýän hormatly Prezidentimiziň adyl syýasaty bolsa, belent ynsanperwerligiň ýurt derejesindäki aýdyň ýüze çykmasyna öwrülip, kalplara buýsanç bolup dolýar. Taryhdan belli bolşy ýaly, mundan müňlerçe ýyl ozal Oguz han atamyz bir ojagyň başynda döwre gurap, beýik döwleti dolandyrmagyň düzgünlerini sala salmak arkaly kämilleşdiripdir. Gorkut ata zamanynda türkmen begleri islendik meselede bir başa garap, agzybirlikde geňeşipdirler. Mundan ýüzlerçe ýyl ozal Togrul begdir Çagry beg Beýik Seljuk döwletini döredende, Mäne baba ýaly pirleri, il-ulusy çagyryp, maslahat edip, geljekki döwletiň binýadyny gurupdyr. Bu günki gün hem Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ýurdunda bir supranyň başyna jem bolup, Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadag

AZYK HOWPSUZLYGY – DÖWRÜŇ TALABY

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen, degişli ugurda iň gowy dünýä tejribesiniň öwrenilmegine we ornaşdyrylmagyna, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen obasenagat toplumyny durnukly ösdürmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we daşky gurşawy goramak ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürilýär. BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň wekilleri we BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy «Hemra suratlarynyň we geografik maglumat ulgamlarynyň kömegi bilen öri meýdanlarynyň monitoring ulgamyny gowulandyrmak», «Balyk gorlaryna baha bermek we gözegçilik etmek» ýaly başlangyçlaryň çäklerinde Türkmenistana tehniki taýdan kömek bermäge meýillidigini mälim etdiler.

Bagta barýan ajap günler

Üstümizdäki ýylyň ýeňişli ýoly rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu ýylyň Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljakdygy guwanjymyzy goşalandyrýar. 2024-nji ýyl akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň şanly wakalary bilen dabaralanýar. Bilşimiz ýaly, dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabarasy dag aşan uly toýy üstümizdäki ýylyň şanly wakasy boldy. Halkara derejesinde toýy uludan tutulan bu şanly sene beýik şahyrymyzyň belent sarpasy bolup ýaňlanýar. Şu sene mynasybetli welaýatymyzyň şäherdir etraplarynda dabaraly çäreler, ýazyjy-şahyrlar bilen döredijilik duşuşyklary we edebiýat agşamlary guramaçylykly geçirilýär. Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanyp guralýan çärelerimiz akyldar şahyrymyzyň edebi mirasyny wagyz-nesihat etmekden ybaratdyr.

Hünäriniň ussady

Kesbi bilen tanalýan halypa Kärini söýýän we oňa uly sarpa goýýan ynsanlaryň aramyzda bardygy, diýseň, buýsançly. Ol adamlaryň gylygy we häsiýeti şol söýen käri bilen gabat gelýär. Şeýle adamlaryň gürrüňem, özüni alyp barşam seni özüne çekýär. Olaryň biri-de Baýramaly etrabynyň Göksuw obasynda ýaşaýan Allaberdi Sapargeldiýewdir.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Setirlerini nakyl edip... Garagumda Halap, Seýrap aralykda örüdekäk “Çöldäkiler üçin konsert” diýip Magtymguly Pyragynyň sözlerine aýdym berdiler. Ora çopan tä konsert gutarýança “çölden çykyp gitdi-de, bagşylaryň ýanynda oturdy”. Özüne gelensoňam: «Bu sözleri şahyryň kalbyna Ýaradanyň özi ýollaýar eken. Hakdan halatly jenneti kişileriň ady ebedi-dä” diýip, çöküne düşüp, şahyryň ruhuna aýat okady. Soňam: «Biziň-kä eşitmiş. Ýöne Mary topragynda-da Magtymgulynyň aýak yzy, gadam tozy galypdyr diýýärler” diýip, şu wakany süýjedip gürrüň beripdi...

Sungat äleminiň ýyldyzlary

Meşhur bagşy we onuň körpe ogly Geleni geçirip duran bu pany dünýäde öçmejek yz goýup giden, ýurdumyzda giňden tanalýan jöwher pähimli mirasgär, öňki SSSR-iň döwlet baýragyna mynasyp bolan, filologiýa ylymlarynyň kandidaty, ylymlaryň doktory diýen alymlyk derejesini almak üçin işini tamamlasa-da, goramaga ýetişmän dünýäden gaýdan, ussat pedagog Ümür Esenow maňa burkazlaryň bäş bagşysy hakynda ýazgyn diýip sargapdy. Ümür aganyň aýdan şol bäş bagşysynyň biri meşhur Girman bagşynyň kakasy, «burkaz bagşy” diýip at alan, 1870-nji ýylda doglup 1943-nji ýylda dünýeden gaýdan Ýagşysähet Aly sopy ogly bolmaly.

Şadyýan tomus — 2024

Şatlykly pursatlara beslenýär Tomus paslynda ähli mekdep okuwçylary tomusky dynç alşa çykýarlar. Olar oňat dynç alyp, wagtlaryny hoş geçirýärler. Häzirki wagtda ýurdumyzda okuwçylaryň göwnejaý dynç almagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri, ajaýyp seýilgähler gurlup, ulanylmaga berilýär. Bu bolsa çagalaryň oňat dynç almagyny üpjün edýär.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Zähmeti goramagyň kadalary Türkmenistanyň Zähmet kodeksi guramaçylyk-hukuk we eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, kärhanalarda, edaralarda we guramalarda, aýry-aýry şahsy taraplarda baglaşylan zähmet şertnamasynyň şertlerinde işleýän şahslaryň zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär. Şu Kodeksde zähmeti goramagyň kanunçylyk kadalary kesgitlenendir. Kodeksiň 171-nji maddasynda bellenilişi ýaly, zähmeti goramak — munuň özi zähmet işiniň barşynda işgärleriniň ömrüniň we saglygynyň howpsuzlygyny üpjün ediş ulgamydyr. Muňa hukuk, durmuş-ykdysady, guramaçylyk-tehniki, sanitariýa-arassaçylyk, bejeriş-öňüni alyş, dikeldiş we beýleki çäreler hem-de şertler girýär.

Asudalygyň goragynda

Wajyp wezipä goşandymyz Geljekki abadançylygymyz şu günki yhlas-tagallalarymyzdan gözbaş alýar. Bu mesele ertirimiziň eýeleri boljak ýaş nesli terbiýelemek bilen baglydyr. Ösüp gelýän nesle edep-terbiýe bermekde içeri işler edaralarynyň degişli gullugynyň işgärleriniň paýyna jogapkärli wezipe düşýär.

“01” gullugynda

Howpsuz dynç alyş gazanylmalydyr Habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň Mary şäher ÝHB-niň DÝGB-niň müdiri, içerki gullugyň maýory Döwlet GULMAÝEW bilen duşuşyp, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri barada gürrüň bermegini haýyş etdi.

Bileniň — baýlygyň

Marian çöketligi Ýuwaş ummanyň Mikroneziýa adalar toplumynda, Marian çöketligi ýerleşýär. Magellan bu ýere «Latyn ýelkenleriniň adalary” diýip at dakýar. Ýerli ilatyň arasynda bu ýere «Ladrones” («ogrular adasy”) diýilýär. 1668-nji ýylda ol ýer Ispaniýanyň koroly Filipp IV-niň aýaly Mariýanyň ady dakylýar. Bu çöketlik Marian wulkaniki adalary bilen bilelikde 1,5 müň kilometre uzalyp gidýär. Bu çöketligiň düýbündäki basyş ýokarky gatlak bilen deňeşdireniňde, 1100 esse ýokarydyr. Umman çöketliginiň bu ýerine elmydama garaňky, janly jandar üçin ýaşamaga ýaramsyz bolandygy üçin «Düýpsiz Çellenjer” çöketligi hem diýilýär. Bu çöketlik Guam adalaryndan günorta-günbatarda ýerleşýär. Onuň ýerleşiş koordinatasy demirgazyk giňişligiň 11, 22°-da, gündogar uzaklygyň 142, 35°-da ýerleşýär.

Ýokary netijeler gazanylýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Sylap Kulyýewe degişli bolan «Paýhasly ösüş» hususy kärhanasynda ýurdumyzyň gurluşyk-gurnama işlerinde zerur bolan gurluşyk önümlerini öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Kerki etrabynyň Kerki şäherinde ýerleşýän «Paýhasly ösüş» kärhanasynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda beton örtgüsiniň 4,5 müň inedördül metri, ýol haýatlarynyň 270 inedördül metri, beton germewleriniň 460-dan gowragy, beton sütünleriniň bolsa 120-ä golaýy öndürilip, sarp edijilere ugradyldy. Bu zerur önümlere isleg barha artýar. Şol sebäpli hususy kärhanada işleriň gerimi-de giňelýär.

Döwletli işlere badalga

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine mynasyp taýýarlyk görmek maksady bilen welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde maslahat geçirdik. Oňa partiýanyň welaýat, Türkmenabat şäher, Çärjew we Saýat etrap komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary, welaýat baş bilim müdirliginiň hünärmenleri gatnaşdylar. «Anyk maksatlar, möhüm wezipeler» atly bu maslahatda edilen çykyşlarda döwletimizi ösdürmekde, jemgyýetimiziň agzybirligini berkitmekde, halk bilen häkimiýetiň jebisligini gazanmakda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň uly ähmiýete eýedigi nygtaldy. Şeýle hem bu ählihalk forumyna taýýarlygyň çäklerinde köpugurly işleriň alnyp barylmagy, jemgyýetiň her bir wekiliniň erk-isleginiň, raýatlaryň teklipleriniň diňlenilmegi bolsa ýurdumyzda milli demokratiýanyň günsaýyn dabaralanýandygyny äşgär edýär. Ildeşlerimiz ata-babalarymyzyň milli döwletlilik ýörelgelerini dowam etdirmekde, ýurdumyzyň syýasy jemgyýetçilik durmuşy bilen baglanyşykly döwletli çözgütleri kabul etmekde Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan giň möçberli işleriň durmuşa geçirilýändigini buýsanç bilen bellediler.

Ýokary ruhubelentlik bilen

Şöhratly pederlerimiziň asylly ýörelgelerine eýerilip, Diýarymyzda islendik bir döwletli işiň başy tutulanda il-halk bilen geňeşilip, maslahat edilýär. Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda Kararyň kabul edilmegi-de döwletimizde halk häkimiýetini amala aşyrmak işleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň ýene bir subutnamasy boldy. Biz hem hormatly Prezidentimiziň bu umumymilli foruma ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça beren tabşyryklaryndan ugur alyp, ýerli wekilçilikli edaralaryň wekilleri bilen raýatlar toparlarynyň arasynda duşuşyklary yzygiderli geçirýäris. Bu ähmiýetli duşuşyklarda edilýän çykyşlarda ýurdumyzda döwlet ähmiýetli meseleleri çözmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda, täze sepgitlere ýetmekde, halk bilen döwletiň sazlaşykly işini dowam etdirmekde Halk Maslahatynyň giň gerimli işleri alyp barýandygy uly buýsanç bilen nygtalýar. Asylly däpleriň, döwletli ýörelgeleriň dowamat-dowam bolýan döwründe geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini özgertmek, ýurdumyzy ösdürmek, raýat jemgyýetini berkarar etmek ugrunda döwletli çözgütleriň kabul ediljekdigine uly ynam bildirýäris.

Wagyz-ündew işleri geçirilýär

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesli milli mirasymyza hormat goýmak, Watana wepalylyk ruhunda terbiýelemek boýunça öňde goýýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen dürli mazmunly wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirýäris. Şu günler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Halaç etrap geňeşi bilen bilelikde etrabymyzdaky edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda «Milli terbiýe — asylly ýörelge» diýen at bilen guralýan maslahatlar hem bu ugurda öňde goýlan maksatlara ýetmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Duşuşyklarda merdana ata-babalarymyzyň jemgyýetde asylly, ahlakly, edep-terbiýeli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekdäki ýol-ýörelgeleriniň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň edilýär. Çykyşlarda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyndan ugur alnyp, ýaşlaryň şahsy başlangyçlaryny durmuşa ornaşdyrmak, olary täze gözleglere ruhlandyrmak, ylymly-bilimli nesilleriň kemala gelmegini gazanmak boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda aýratyn nygtalýar. Zähmetkeş ýaşlar özleriniň bagtyýar şu gününi we röwşen ertirlerini berkarar etmekde giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarlar.

Sebitde işler ileri

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyzyň gülläp ösüşlerine gönükdirilen işlere welaýatymyzyň ýaşlary uly goşant goşýarlar. Ýaşlaryň bu işlere goşantlaryny ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly ilkinji guramalarda geçirilýän maslahatlarda täze wezipeler goýulýar. Maslahatlarda döwlet Baştutanymyzyň il-ýurdumyzyň abadançylygyny we rowaçlygyny berkitmäge gönükdirilen guwandyryjy işleri we ýurdumyzyň gazanýan ösüşleri hakynda giňişleýin gürrüň edilýär. Sebitde gurlan we gurulýan desgalarda ýaşlaryň zähmet paýy uludyr. Oba hojalyk önümlerini öndürijileriň hem aglabasy ýaşlardyr. Bu ýerde kuwwatly inženerçilik-kommunikasiýa, ulag infrastrukturasy döredildi, täze desgalaryň onlarçasy guruldy. Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyry hem işe girizildi. Kärhanada ýaşlaryň müňlerçesi zähmet çekýär. Sebitde oba hojalygy üçin gerekli dökünleriň önümçiligi boýunça kuwwatlylyklaryň artdyrylmagy, ýurdumyzyň himiýa senagatynyň ösdürilmegi üçin zerur bolan çig mallar hem özleşdirilýär. Ýaşlar geljekde sebitiň uly senagat merkezleriniň birine öwrülmegi üçin öňde goýlan maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşjakdyklaryna, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga öz goşantlaryny goşjakdyklaryna, Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň möhüm işlerde özlerine bildirýän ynamlaryny tutanýerli zähmetleri bilen ödejekdiklerine yna

Berjaý edilmeli düzgünler

Şu günler howanyň aşa gyzmagy bilen baglylykda welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölümi, mähriban ildeşler, size gündelik durmuşda gerek bolan elektrik enjamlaryny talabalaýyk gurnamaga, ulanmaga we ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dürs berjaý etmäge çagyryp, aşakdakylary ýatladýar! Elektrik enjamlaryny gurnamak işi diňe şol ugurdan işleýän hünärmenler tarapyndan amala aşyrylyp, enjamlaryň iş ýagdaýlaryna yzygiderli gözegçilik etmeli. Elektrik sarp edijiligi ýokary bolan elektrik enjamlar gurnalanda, elektrik tok ulgamy aýratynlykda geçirilip, elektrik tok geçirijiniň ugrunda goraýjy oturtmaly. Enjamlaryň birikdirijileriniň elektrik togunyň garşylyklaýyn geçip gyzmaklygynyň öňüni almak üçin olaryň berk gysylyp durmagyny üpjün etmeli. Elektrik geçirijileriniň sütünleri berkidilende, ýönekeý usulda sarap goýmak, enjamlaryň goraýjylaryny näsaz ýagdaýda ýa-da olara bölek sim sarap ulanmak, elektrik geçirijileriniň daşky örtükleriniň zaýalanan görnüşini ulanmak, elektrik setini çendenaşa artyk işletmek ýa-da iş ýagdaýynda gözegçiliksiz galdyrmak talabalaýyk däldir.

Halk Maslahaty — döwletliligiň şuglasy

Tejen etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Tejen etrap komitetiniň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Tejen şäherindäki Medeniýet öýünde etrabyň edara-kärhanalarynyň zähmetkeşleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmagynda “Döwlet bilen halkyň jebisligi agzybirligiň we döwletliligiň berk binýadydyr!” şygar astynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda paýtagtymyzda ýokary derejede geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek, onuň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegine ýardam bermek we syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini giň halk köpçüligine düşündirmek maksady bilen guralan duşuşykda çykyşlara giň orun berildi. Duşuşykda Halk Maslahatynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we parahatsöýüjilikli daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylyşy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşleri barada durlup geçildi. Oňa gatnaşanlar halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

“Sanly şäher” mobil goşundysy tapgyrlaýyn işe girizilýär

Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirýän edara-kärhanalar üçin “Merkezi elektron ulgam” taslamasy işlenip taýýarlanyldy we tapgyrlaýyn birnäçe programmalar işe girizildi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän düzümleriniň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabatynda bellenilip geçildi.