Döwletli işlere badalga

31 Iýul 2024
123

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine mynasyp taýýarlyk görmek maksady bilen welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde maslahat geçirdik. Oňa partiýanyň welaýat, Türkmenabat şäher, Çärjew we Saýat etrap komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary, welaýat baş bilim müdirliginiň hünärmenleri gatnaşdylar.

«Anyk maksatlar, möhüm wezipeler» atly bu maslahatda edilen çykyşlarda döwletimizi ösdürmekde, jemgyýetimiziň agzybirligini berkitmekde, halk bilen häkimiýetiň jebisligini gazanmakda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň uly ähmiýete eýedigi nygtaldy. Şeýle hem bu ählihalk forumyna taýýarlygyň çäklerinde köpugurly işleriň alnyp barylmagy, jemgyýetiň her bir wekiliniň erk-isleginiň, raýatlaryň teklipleriniň diňlenilmegi bolsa ýurdumyzda milli demokratiýanyň günsaýyn dabaralanýandygyny äşgär edýär. Ildeşlerimiz ata-babalarymyzyň milli döwletlilik ýörelgelerini dowam etdirmekde, ýurdumyzyň syýasy jemgyýetçilik durmuşy bilen baglanyşykly döwletli çözgütleri kabul etmekde Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan giň möçberli işleriň durmuşa geçirilýändigini buýsanç bilen bellediler.

Aýjemal GURBANOWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy.