Adam. Jemgyýet. Kanun.

31 Iýul 2024
83

Zähmeti goramagyň kadalary

Türkmenistanyň Zähmet kodeksi guramaçylyk-hukuk we eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, kärhanalarda, edaralarda we guramalarda, aýry-aýry şahsy taraplarda baglaşylan zähmet şertnamasynyň şertlerinde işleýän şahslaryň zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär. Şu Kodeksde zähmeti goramagyň kanunçylyk kadalary kesgitlenendir. Kodeksiň 171-nji maddasynda bellenilişi ýaly, zähmeti goramak — munuň özi zähmet işiniň barşynda işgärleriniň ömrüniň we saglygynyň howpsuzlygyny üpjün ediş ulgamydyr. Muňa hukuk, durmuş-ykdysady, guramaçylyk-tehniki, sanitariýa-arassaçylyk, bejeriş-öňüni alyş, dikeldiş we beýleki çäreler hem-de şertler girýär.