Bagta barýan ajap günler

31 Iýul 2024
211

Üstümizdäki ýylyň ýeňişli ýoly rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu ýylyň Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljakdygy guwanjymyzy goşalandyrýar. 2024-nji ýyl akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň şanly wakalary bilen dabaralanýar.

Bilşimiz ýaly, dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabarasy dag aşan uly toýy üstümizdäki ýylyň şanly wakasy boldy. Halkara derejesinde toýy uludan tutulan bu şanly sene beýik şahyrymyzyň belent sarpasy bolup ýaňlanýar. Şu sene mynasybetli welaýatymyzyň şäherdir etraplarynda dabaraly çäreler, ýazyjy-şahyrlar bilen döredijilik duşuşyklary we edebiýat agşamlary guramaçylykly geçirilýär. Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanyp guralýan çärelerimiz akyldar şahyrymyzyň edebi mirasyny wagyz-nesihat etmekden ybaratdyr.