"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Talaplar berjaý edilmelidir

Gyşyň tamamlanmagy, baharyň gelmegi bilen howa üýtgäp, ýagyşly günler köpelip başlaýar. Bu sürüjilerden has hüşgär bolmagy talap edýär. Ähli döwürde bolşy ýaly, bu pasylda hem ulaglaryň tehniki taýdan guratlygyna aýratyn üns bermeli. Sebäbi olaryň ähli babatda abatlygy ýüze çykmagy ähtimal bolan ulag-ýol hadysalarynyň öňüni almagyň esasy şertleriniň biridir. Ulaglaryň tehniki ýagdaýyny hemişe gözden geçirip durmaly we ugramazdan öň ulagyň guratlygyna doly göz ýetirmeli. Ýagyşly günlerde aýna süpüriji, suw pürküji, üfleýji enjamlarynyň abat bolmagy hökmandyr. Howanyň çygly, salkyn we sowuk wagty ulagyň aýnalaryny bug örtügi tutýar. Şonda üfleýjiniň berýän howa akymyny aýna tarapa ugrukdyrmaly. Üfleýjiniň abat däl halatynda öňki aýnalary bug tutan wagty, hereketi dowam etdirmegiň zerurlygy bar bolsa, iki gapdaldaky gapylaryň aýnalaryny birazajyk pese düşürip, ulagyň içini ýelejiretmeli. Bu ulagyň içiniň sowamagyna, şemalyň zowwam geçmegine getirip, käbir amatsyzlygy döretse-de, ýoluň kadaly görünmegini üpjün edýär. Ýöne beýle ýagdaýda maşyny uzak wagtlap sürmek maslahat berilmeýär. Ýolda gabat gelen ilkinji tehniki hyzmat ediş nokadynda ýa-da barmaly ýere barlanyndan soň bu kemçilik dessine düzedilmelidir. Aýratyn hem ýagyn ýagýan wagtynda, ümürli günlerde, gara görnümiň pes wagtynda hüşgärligi elden bermeli däldir. Howa ümürli bolup, gara görnüm ýeterliksiz bolan ýagdaýlarynda ü

Giňden wagyz edilýär

Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli özgertmeleri netijesinde eziz Diýarymyzda halkymyzyň abadan hem eşretli durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly kämil nesilleriň kemala gelmegi, ýurdumyzyň abraý-mertebesiniň belende göterilmegi üçin ähli şertler döredilýär. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda ynamly ädim bilen öňe barýan berkarar ýurdumyzyň her güni uly üstünliklere, şöhratly wakalara beslenýär. Etrabymyzyň orta mekdepleriniň 8-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda hem Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasy esasynda terbiýeçilik işleri güýçlendirilýär. Ýaş nesliň sanly ulgam bilen bagly düşünjelerini ýokarlandyrmak, ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmete söýgini terbiýelemek şu günüň wajyp wezipesi bolup durýar. Şeýle hem ýaşlaryň edep-ekramly, ahlak taýdan arassa, zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak maksady bilen etrabymyzda wagyz-nesihat ýygnaklary geçirilýär.

Halkara Zenanlar gününe

Älem gözelligi Ülkämizde hoştap howaly, ter güllere beslenen bahar paslynyň ilkinji günlerinde gülden görkli zenanlarymyzyň baýramçylygy giňden bellenilip geçilýär. Munuň özi mährem enelerimize, gelin-gyzlarymyza goýulýan hormatdan nyşandyr. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda «Ene mähri» diýen hormatly adyň, «Zenan kalby» ordeniniň döredilmegi hem zenan sarpasynyň belentde tutulýandygyny äşgär edýär.

Asudalygyň goragynda

Utgaşykly iş Gadymy halkymyzyň şan-şöhratly geçmişinden belli bolşy ýaly, dana pederlerimizem neşekeşligi, çilimkeşligi, naskeşligi ýazgarypdyrlar. Bu aýdýanymyza nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiligi bilen birlikde halk döredijiliginde duş gelýän rowaýatlardyr hekaýatlaram mysal bolup biler. Sebäbi sagdyn durmuş ýörelgesi maşgalalarymyzyň agzybirliginiň, asudalygynyň, abadanlygynyň, tutuş jemgyýetimiziň bolsa jebisliginiň, mäkämliginiň kepilidir.

Gyzyl. Sary. Ýaşyl.

Berk gözegçilik edilýär Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyna gadam basan Garaşsyz döwletimizde ýollarymyzyň ak ýollar bolmagy wajyp meseleligine galýar. Sebäbi bu wezipe milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, maşgalalarymyzyň abadanlygyna, ömrümiziň rahatlygyna gönükdirilendir. Şonuň üçinem köçe-ýollarymyzyň hadysasyz bolmagyny üpjün etmek möhüm mesele bolup durýar.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek tamamlandy

AŞGABAT, 2-nji mart (TDH). Türkmenistanda saýlawlaryň öňüsyrasyndaky möhüm tapgyr — Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek tamamlandy. Ýurdumyzyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, 6-njy fewralda badalga alan bu möhüm syýasy çäräniň çäklerinde welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň mejlislerinde dalaşgärler ara alnyp maslahatlaşyldy, olaryň sany çäklendirilen däldir. Mejlise gatnaşyjylaryň her biri dalaşgärlige hödürlenilýänler hakynda teklip girizmäge, ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşmaga, olary goldamaga ýa-da ret etmäge, hut özüni hem dalaşgär hökmünde hödürlemek üçin ara alyp maslahatlaşylmagyny teklip etmäge bolan hukuklaryndan kanuna laýyklykda peýdalandylar.

Ýazlar geler size meňzäp

Düýn Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda geçirilen deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan zenanlaryň 42-si gatnaşdy. Däbe öwrülen bäsleşik 7 ugur boýunça geçirilip, ol zenanlaryň ýokary guramaçylyk ukybyny, el hünärini dikeltmäge we kämilleşdirmäge goşan goşantlaryny, gadymy ruhy gymmatlyklarymyzy hem-de milli medeni mirasymyzy dünýä ýaýmakda görkezen başarnyklaryny, şeýle hem çaga terbiýelemekdäki yhlasly zähmetini, harby we hukuk ulgamynda görkezen işjeňligini, obany ösdürmekde bitiren hyzmatlaryny, bazar ykdysadyýetiniň we telekeçiligiň ösmegine goşan goşantlaryny açyp görkezdi.

2021-nji ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça bellige alnan dalaşgärler barada Maglumat

Balkan welaýaty boýunça

Demokratik özgertmeler rowaçlanýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pähim-parasata ýugrulan içeri hem daşary syýasatynyň netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurduň milli demokratik ýol-ýörelgeleri, kada-kanunlary dünýä derejesinde kämilleşdirilip, kanunçylyk binýady pugtalandyrylýar. Halkyň medeni, ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpgöter gowulandyrmaga gönükdirilen kanunlar kabul edilýär. Bu bolsa asuda, parahat Diýarymyzda köpugurly maksatnamalardyr özgertmeleri durmuşa geçirmäge mümkinçilik döredýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary esasynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde ygtybarly esas bolup durýan demokratik ýörelgeler uly ähmiýete eýe boldy.

Milli Liderimiziň kitaby Türkiýede tanyşdyryldy

Golaýda Türkiýe Respublikasynyň Stambul uniwersitetiniň Jerrahpaşa ýokary hünärmentçilik mekdebinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň türk dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherindäki Baş konsullygy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy hem-de 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralan bu çäräniň guramaçysy bolup çykyş etdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary bolsa dabara wideoaragatnaşyk arkaly goşuldylar. Ýeri gelende bellesek, milli Liderimiziň bu ajaýyp kitabynyň türk dilinde neşir edilen nusgasy geçen ýylyň 21-nji dekabrynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň binasynda giň okyjylar köpçüligine tanyşdyrylypdy. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň hem-de Stambul şäherindäki Baş konsulynyň, Türk dünýäsiniň raýdaşlyk jemgyýetiniň başlygynyň, Türkiýäniň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň rektorlarynyň we mugallymlarynyň, türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň wekiliniň çykyşlary diňlenildi. Çykyş edenler türkmen Lideriniň döwet galamyndan çykan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň türk dilindäki nusgasynyň doganlyk halk

2021-nji ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça bellige alnan dalaşgärler barada maglumat

Ahal welaýaty boýunça

Saýlawlara taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlandy

27-nji fewralda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi. Mejlisiň gün tertibine guramaçylyk meseleleri, şol sanda 2021-nji ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça hödürlenilen dalaşgärleri bellige almak, saýlawlar güni ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň ses bermek boýunça mejlisleriniň geçiriljek ýerleriniň sanawyny tassyklamak meseleleri girizildi. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, 6-njy fewralda badalga alan dalaşgärleri hödürlemek möwsüminiň çäklerinde, şu güne çenli ýurdumyz boýunça dalaşgärleriň jemi 111-si hödürlenildi. Olaryň 20-si Ahal welaýatyndan, 21-si Balkan welaýatyndan, 18-si Daşoguz welaýatyndan, 18-si Lebap welaýatyndan, 17-si Mary welaýatyndan hem-de 17-si Aşgabat şäherinden hödürlenen dalaşgärlerdir. Dalaşgärleri hödürlemek 2-nji martda tamamlanýar, bellige almak bolsa 7-nji marta çenli dowam eder.

Welaýat häkimliginde

Arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri boýunça iki aýlyk çäreleri geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky syýasatyny durmuşa geçirmek, halkyň arasynda sagdyn durmuşy wagyz etmek, ýerlerde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň köpçülikleýin geçirilmegini gazanmak hem-de şäherleriň, etraplaryň we obalaryň arassaçylygyny has-da gowulandyrmak maksady bilen, welaýatymyzyň häkimi karar kabul etdi.

Medeni habarlar

Onlaýn duşuşyklarGolaýda merkezi hem-de welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleriniň arasynda onlaýn duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda belleniljek ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilýän medeni çärelere giň gerimli taýýarlyk görmek barada giňişleýin gürrüň edildi. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli mirasymyzy öwrenmäge, düýpli ylmy seljermeleri geçirmäge we olary wagyz etmäge uly mümkinçilikleriň döredilýändigi hakynda duşuşygyň dowamynda edilen çykyşlarda nygtalyp geçildi. Halkymyzyň medeni mirasyna degişli gymmatlyklary, eksponatlary ýygnamak, wirtual muzeýleri döretmek babatda amala aşyrylýan çäreler barada gürrüň edildi. Çykyşlarda «Türkmenistanda medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2020—2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň çägindäki muzeýleriň işini kämilleşdirmek boýunça zerur çäreleriň durmuşa geçirilýändigi barada aýdyldy. * * *

Giň dünýäniň geň habarlary

Reňbe-reň ylmy açyşlarTebigatyň reňbe-reň öwüşginlerinden ylham alyp, himiýa, fizika ugurlaryna degişli alymlar reňkleriň has açyk we doýgun bolan täze görnüşlerini ýüze çykarýarlar. Beýik Britaniýanyň Şeffild uniwersitetiniň alymy Endrýu Parnell we onuň kärdeşleri gögümtil öwşün atýan morfo kebeleklerinden ylham alyp, täsin açyş etdiler. Olar tebigatda seýrek duş gelýän bu reňki emeli usulda döretmegiň üstünde iş alyp bardylar. Şu nukdaýnazardan, alymlar topary gök reňkli materiallaryň nanogurluşyny özgerdip, şeýle öwüşgini almagyň hötdesinden geldiler. Toparyň ýolbaşçysy: «Biz özümizden bir hokga çykarmaýarys, tebigatdan öwrenýäris» diýip, öz pikirini beýan edýär. Tebigatda maddalara gök öwüşgin berýän pigmentler seýrek duşýar. Bu ugurda barlag işlerini alyp baran alymlaryň biri hem ABŞ-nyň Oregon uniwersitetiniň alymy Mas Subramanýan gök reňkiň täze öwüşginini ýüze çykardy. Ol ittriý, indiý we marganes himiki elementleriň garyndysyndan täze bir reňk öwüşgininiň emele gelýändigine şaýat bolýar. Britan suratkeşi Stýuart Sempl tarapyndan gara reňkiň «Has gara» (Betterblack) diýlip atlandyrylýan pigmenti ýüze çykaryldy. * * *

Saýlawlara taýýarlyk: açyklyk we giň bäsdeşlik

27-nji fewralda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi. Oňa Merkezi saýlaw toparynyň we onuň ýanynda döredilen iş toparlarynyň agzalary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine guramaçylyk meseleleri, şol sanda 2021-nji ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça hödürlenilen dalaşgärleri bellige almak, saýlawlar güni ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat şäherinde welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň ses bermek boýunça mejlisleriniň geçiriljek ýerleriniň sanawyny tassyklamak meseleleri girizildi.

Ýaşlar syýasaty rowaçlanýar

Mälim bolşy ýaly, 25-nji fewralda ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen geçiren duşuşygynda milli Liderimiz: «Ýetginjekleriň we ýaşlaryň hukuklarynyň döwlet tarapyndan goldanmagynyň kanunçylyk esasyny mundan beýläk-de berkitmek üçin bu ugurda hem kanunçylygy kämilleşdirmek zerurdyr» diýip belledi. Munuň özi ýaşlar baradaky kanunçylygyň netijeliligini we durmuşa geçirilişini hil taýdan täze derejä çykarmaga hem-de düýpli kämilleşdirmäge esas döredýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli kanunçylygy kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak syýasatyndan ugur alnyp, durmuşa geçirilýän özgertmelerde ýaşlar meselelerine aýratyn üns berilmegi bizi has-da buýsandyrýar. Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň barşynda degişli ugruň kanuny kepilliklerini we ýaşlaryň ýaşaýyş-durmuş ýeňilliklerini üpjün etmek meseleleri hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde saklanýar. Çünki ýaşlar baradaky döwlet syýasaty ýurdumyzda ýaşlaryň hukuklaryny üpjün etmäge we olary goldamaga gönükdirilen durmuş-ykdysady, syýasy, medeni, guramaçylyk hem-de hukuk çäreleriniň ulgamyny öz içine alýar.

Zeminiň görki

Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyny okap başlanyňda, üýtgeşik, täsin duýgular, hemmeler üçinem mähriban ahwallar tutuş durkuňy eýeleýär, balasynyň ýekeje ýylgyryşynyň hatyrasyna bu goja dünýäniň ähli synaglaryna mertlerçe döz gelmäge kaýyl eziz eneler hakyndaky mähriban sözler kalbyňa rahatlyk berýär. Ýüreginiň ýagyny, ýaşlygyny, gujur-gaýratyny, galyberse-de, ömrüni bagrynyň parasyna — balasyna bagyşlaýan enelere Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe belent sarpa goýulýar. Eziz eneleriň arzylanýan ýurdy asudadyr, abadandyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eseri mähribanlygy, päk zähmeti, söýgüsi bilen öý-ojagyna nur çaýýan enelerimize bagyşlanan gymmatly kitapdyr. Hormatly Prezidentimiz bu kitabynda: «Ene iň gowy gylyk-häsiýetleriň, şeýle hem söýgä gurşalan duýgularyň, mähribanlygyň ýaradylyşa serpaýydyr. Bular bitewülikdir» diýip ýazýar.

Bahar, seniň keşbiň enä meňzeýär

Müşk-anbar ysyna, reňkine, owadanlygyna haýran boldugym türkmen topragy! Täsinligi, mähremligi bilen seni özüne çekýän bu gözel topraga bolçulygyň, mähremligiň, täzelenişiň buşlukçysy bolup, täze gelniň edasyny, uly gyzyň zybalygyny, enäniň mährini ýadyňa salyp, bahar pasly geldi. Baharyň gözellikleri hakynda pikir edeninde, adamyň kalbynda heýjana getiriji duýgular artýar. Bahar paslynyň gelşem şeýle täsin, şeýle gözel! Erik agajynyň päklige, aklyga beslenip, gül-pürçük bolup pyntyklamasynyň özem bir täsinlik. Ine, bir görseňem öýlänçi geler. Mele topragyň ysyny burk urduryp ýagyş ýagar. ªeýle pursatlarda çagajyklaryň şadyýan gülküsi, mele toprakdan kömelekleriň jyklap çykmasy, arassa asmanda dürli reňkde öwşün atýan älemgoşaryň görünmesi... kalbyňda unudylmajak täsirleri galdyrar. Sährada ülpüldeşýän çigildem gülleri türkmen tebigatynyň gözelligine hasam gözellik goşar. Ine, şeýle ajaýyplyklaryň netijesinde kalbyňa ylham geler.

Bu pasylda dünýä gelýär heýjana

Owadan dünýäniň gözelligini artdyryp, ene mähremligine meňzeş bahar pasly geldi. Älem-jahany alaýaz edip, bir ajaýyp mukam bolup gelýän bahar paslynda tutuş dünýä ýaşlygyna dolanýar, bütin barlyk nura dolýar. Asmandan zemine inýän ýaz ýagşy ynsan kalbyny joşdurýar, ýaşaýşa, barlyga höwesiňi artdyryp, ene topragyň gujagyna siňýär. Ýaz ýagşyndan has terlenen baglaryň ýapraklary zer sepilen ýaly lowurdaýar. Baglar zerli şelpe dakynan gözellere meňzäp, ýaz şemalyna ýuwaşjadan ygşyldap, şirin saz çalýan mysaly. Ine, birdenem asmanda üýşen lemmer-lemmer bulutlary bölüp, gögi gümmürdedip, kalbynyň syryny açmaga howlugýan ýaly bolup, ýyldyrym çakýar. Ýazda agaçlar güllere bürenip başlaýar. Daglaryň egnindäki ak possuny syrylyp, mahmal begresden don ýapynyşyny göreniňde, şahyr Halyl Kulyýewiň «Gaýalaryň gary eräp bireýýäm» diýen sözleri biygtyýar seriňe dolýar.