Ýaşlar syýasaty rowaçlanýar

1 Mart 2021
1069

Mälim bolşy ýaly, 25-nji fewralda ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen geçiren duşuşygynda milli Liderimiz: «Ýetginjekleriň we ýaşlaryň hukuklarynyň döwlet tarapyndan goldanmagynyň kanunçylyk esasyny mundan beýläk-de berkitmek üçin bu ugurda hem kanunçylygy kämilleşdirmek zerurdyr» diýip belledi. Munuň özi ýaşlar baradaky kanunçylygyň netijeliligini we durmuşa geçirilişini hil taýdan täze derejä çykarmaga hem-de düýpli kämilleşdirmäge esas döredýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli kanunçylygy kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak syýasatyndan ugur alnyp, durmuşa geçirilýän özgertmelerde ýaşlar meselelerine aýratyn üns berilmegi bizi has-da buýsandyrýar. Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň barşynda degişli ugruň kanuny kepilliklerini we ýaşlaryň ýaşaýyş-durmuş ýeňilliklerini üpjün etmek meseleleri hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde saklanýar. Çünki ýaşlar baradaky döwlet syýasaty ýurdumyzda ýaşlaryň hukuklaryny üpjün etmäge we olary goldamaga gönükdirilen durmuş-ykdysady, syýasy, medeni, guramaçylyk hem-de hukuk çäreleriniň ulgamyny öz içine alýar.

Laçyn JÜMMIÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy.