Talaplar berjaý edilmelidir

3 Mart 2021
976

Gyşyň tamamlanmagy, baharyň gelmegi bilen howa üýtgäp, ýagyşly günler köpelip başlaýar. Bu sürüjilerden has hüşgär bolmagy talap edýär. Ähli döwürde bolşy ýaly, bu pasylda hem ulaglaryň tehniki taýdan guratlygyna aýratyn üns bermeli. Sebäbi olaryň ähli babatda abatlygy ýüze çykmagy ähtimal bolan ulag-ýol hadysalarynyň öňüni almagyň esasy şertleriniň biridir. Ulaglaryň tehniki ýagdaýyny hemişe gözden geçirip durmaly we ugramazdan öň ulagyň guratlygyna doly göz ýetirmeli. Ýagyşly günlerde aýna süpüriji, suw pürküji, üfleýji enjamlarynyň abat bolmagy hökmandyr. Howanyň çygly, salkyn we sowuk wagty ulagyň aýnalaryny bug örtügi tutýar. Şonda üfleýjiniň berýän howa akymyny aýna tarapa ugrukdyrmaly. Üfleýjiniň abat däl halatynda öňki aýnalary bug tutan wagty, hereketi dowam etdirmegiň zerurlygy bar bolsa, iki gapdaldaky gapylaryň aýnalaryny birazajyk pese düşürip, ulagyň içini ýelejiretmeli. Bu ulagyň içiniň sowamagyna, şemalyň zowwam geçmegine getirip, käbir amatsyzlygy döretse-de, ýoluň kadaly görünmegini üpjün edýär. Ýöne beýle ýagdaýda maşyny uzak wagtlap sürmek maslahat berilmeýär. Ýolda gabat gelen ilkinji tehniki hyzmat ediş nokadynda ýa-da barmaly ýere barlanyndan soň bu kemçilik dessine düzedilmelidir.

Aýratyn hem ýagyn ýagýan wagtynda, ümürli günlerde, gara görnümiň pes wagtynda hüşgärligi elden bermeli däldir. Howa ümürli bolup, gara görnüm ýeterliksiz bolan ýagdaýlarynda ümre garşy yşyklary ýakmak hökmandyr.

Murat BÄŞIMOW,
welaýat polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň ýanyndaky awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş merkeziniň uly gözegçisi, polisiýanyň maýory.