Saýlawlara taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlandy

1 Mart 2021
759

27-nji fewralda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi. Mejlisiň gün tertibine guramaçylyk meseleleri, şol sanda 2021-nji ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça hödürlenilen dalaşgärleri bellige almak, saýlawlar güni ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň ses bermek boýunça mejlisleriniň geçiriljek ýerleriniň sanawyny tassyklamak meseleleri girizildi.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, 6-njy fewralda badalga alan dalaşgärleri hödürlemek möwsüminiň çäklerinde, şu güne çenli ýurdumyz boýunça dalaşgärleriň jemi 111-si hödürlenildi. Olaryň 20-si Ahal welaýatyndan, 21-si Balkan welaýatyndan, 18-si Daşoguz welaýatyndan, 18-si Lebap welaýatyndan, 17-si Mary welaýatyndan hem-de 17-si Aşgabat şäherinden hödürlenen dalaşgärlerdir. Dalaşgärleri hödürlemek 2-nji martda tamamlanýar, bellige almak bolsa 7-nji marta çenli dowam eder.

Metbugat habary esasynda taýýarlanyldy.